BÜTIN DÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA AGZA BOLMAKDA STRATEGIK PUDAKLARY GORAMAK WE DÖWLETIŇ ÖZYGTYÝARLYLYGY
Ylham ÝARAŞOW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň w.ý.ý, ykdysady ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär
Bu makalada tebigy serişdelere baý ýurtlaryň ykdysadyýetine Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagyň täsiri seljerilýär. Söwda syýasaty, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy serişdeleri özleşdirýän pudaklaryň ösüşi, ykdysady diwersifikasiýa, tebigy baýlyklara bolan özygtyýarlylyk, ekologik kadalaşdyrma we uzak möhletli ösüş netijeleri bilen bagly meselelere garalýar. Russiýanyň, Gazagystanyň, Saud Arabystanynyň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň mysalynda tebigy serişdelere baý döwletleriň BSG-niň kadalarynyň çäginde ykdysadyýetiň strategik pudaklaryna gözegçiligi nähili saklaýandygy görkezilýär. Şeýle hem makalada BSG-ä goşulmak mümkinçiligine seredýän ösüp barýan döwletler üçin amaly teklipler berilýär. Bütindünýä Söwda Guramasy halkara söwdany düzgünleşdirýän esasy institutdyr, 166 agza döwleti öz içine alýar. Ykdysadyýeti esasan tebigy baýlyklaryň — nebitiň, gazyň, minerallaryň we metallaryň gazylyp çykarylmagyna hem-de eksportyna bagly bolan ýurtlar üçin BSG-ä agza bolmak, bir tarapdan, uly mümkinçilikleri, beýleki tarapdan bolsa töwekgelçilikeri döredip bilýär. Bu işiň dowamynda tebigy serişdelere baý ýurtlar BSG-ä agza bolmak bilen, bir tarapdan, söwdanyň açyklygyndan (liberallaşdyrylmagyndan) gelip çykýan mümkinçiliklerden peýdalanyp, beýleki tarapdan bolsa, öz strategik tebigy baýlyklarynyň üstünden netijeli gözegçiligi saklap bilmek mümkinçilikleri öwrenilýär. BSG-ä agza bolmakda dogry we netijeli alnyp barlan gepleşikler we oýlanyşykly institusional syýasat arkaly Russiýanyň, Gazagystanyň, Saud Arabystanynyň, Kataryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň tejribesine görä tebigy serişdeleri döwletiň gözegçiliginde (ygtyýarynda) saklap galmak bilen bir hatarda, ýurduň ykdysadyýetinde uzakmöhletli ykdysady ösüş üçin hem möhüm şert bolup hyzmat edýändigi görkezilýär. BSG-ä agzalyk tebigy baýlyklaryň üstünden gözegçiligiň ýitirilmegini aňlatmaýar. BSG-niň kadalary döwletlere aç-açanlyk we kemsitmelere ýol bermezlik ýörelgelerini berjaý etmek şerti bilen, strategik pudaklary düzgünleşdirmekde ep-esli hereket erkinligini berýär. Russiýanyň, Gazagystanyň, Saud Arabystanynyň, Kataryň we BAE-niň üstünlikli tejribesi tebigy serişdeler babatynda döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de ykdysady açyklygynyň biri-birine sazlaşykly bolup bilýändigini tassyklaýar. 1-nji şekilden belli bolşy ýaly, garalýan ähli ýurtlar tebigy serişdeleriň iri eksport edijileri bolup durýar. Has-da bellärlikli tarap, BSG-ä agza bolmak boýunça gepleşikleriň dowamlylygynyň GDA döwletleri üçin (Russiýa — 18 ýyl, Gazagystan —19 ýyl) Pars aýla gy ýurtlary bilen deňeşdirilende ep-esli uzaga çekendir. Muny olaryň ykdysadyýetiniň has çylşyrymly gurluşy hem-de çözülmeli kadalaşdyryş meseleleriniň köp bolmagy bilen düşündirmek mümkin. BSG-ä goşulanda her bir ýurt gümrük paçlary (tarif) bilen bagly päsgelçilikleri peseltmek boýunça borçnamalary öz üstüne alýar. Muňa garamazdan, tebigy serişdelere baý ýurtlar strategik pudaklary goramak üçin ep-esli ýeňillikleri gazanyp bildiler. BSG-niň adaty kadalary bilen çig mal önümlerine degişli eksport gümrük paçlary gönüden-göni düzgünleşdirilmeýär. Bu ýagdaý tebigy serişdelere baý ýurtlara eksport akymlaryny dolandyrmakda goşmaça erkinligi berýär. Hususan-da, Russiýa nebit, gaz we gaýtadan işlenmedik agaç ýaly harytlary hem öz içine almak bilen, 700-den gowrak tarif ugry boýunça eksport gümrük paçlaryny saklap galdy. GATT-yň XX maddasy döwletlere tükenip bilýän tebigy serişdeleri goramak üçin zerur bolan çäreleri, içerki önümçilige ýa-da sarp edişe degişli çäklendirmeler bilen bilelikde ulanylýan ýagdaýynda, durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu düzgün tebigy serişdelere baý ýurtlar tarapyndan işjeň ulanylýar. GATT-yň XX(g) maddasy — baýlyk özygtyýarlylygynyň hukuk binýady, ýagny bu Ylalaşykdaky hiç bir düzgün haýsydyr bir gatnaşyjy tarapyň tükenip bilýän tebigy serişdeleri goramak bilen baglanyşykly, şeýle çäreler içerki önümçiligi ýa-da sarp edişi çäklendirýän düzgünler bilen bilelikde güýje girizilen ýagdaýynda, şeýle çäreleri kabul etmegine ýa-da amala aşyrmagyna päsgelçilik hökmünde düşündirilmez. Bu madda döwletlere BSG-niň çäginde öz tebigy serişdelerini goramaga mümkinçilik berýän esasy hukuk guralydyr. BSG-ä agzalyk, adatça, kadalaşdyryjy gurşawyň öňünden çaklanylyşyny we aç-açanlygyny ýokarlandyrmak arkaly göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyna ýardam berýär. Hususan-da, seljerilýän bäş ýurduň ählisi tebigy serişdeleri öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklarda daşary ýurtly gatnaşyjylar babatynda düýpli çäklendirmeleri saklap galdy. 3-nji şekilden görnüşi ýaly, bäş ýurduň ählisi hem BSG-ä agza bolandygyna garamazdan, döwlet nebitgaz kompaniýalarynyň agalyk ediji ornuny saklap galdy. BSG-niň kadalary döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagyny talap etmeýär, edil şonuň ýaly-da baýlygy gazyp çykaryjy pudakda döwlet monopoliýasyny gadagan hem etmeýär. Esasy talap — döwlet kompaniýalarynyň amallarynda aç-açanlygyň we täjirçilik taýdan esaslylygyň üpjün edilmegidir. Dünýäde iň iri uglewodorod serişdeleri eksport ediji ýurt bolan Russiýa 2012-nji ýylda BSG-ä goşulanda nebitgaz pudagynyň üstünden doly özygtyýarlylygyny saklamagy üpjün etdi. «Strategik maýa goýumlar hakynda» federal kanun (2008ý.) strategik ýataklary özleşdirýän kompaniýalarda daşary ýurt gatnaşygyny belli bir dereje çäklendirdi. «Gazprom» we «Rosneft» döwlet korporasiýalary iň iri ýataklara we eksport infrastrukturasyna gözegçiligi özünde saklap galdy. Russiýa BSG-ä agza bolmak boýunça protokolynyň bir bölegi hökmünde nebit we gaz boýunça eksport paçlaryny saklamak hukugyny gazandy. Bu döwlete eksport möçberlerini düzgünleşdirmäge hem-de uglewodorod serişdeleriniň içerki bahalaryny dünýä bazaryndan pes derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, milli senagat üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny döredýär. Gazagystan 19 ýyl dowam eden gepleşiklerden soň, 2015-nji ýylda BSG-ä goşulyp, nebitgaz pudagyny dolandyrmagyň özboluşly modelini döretdi. «KazMunayGas» milli kompaniýasy Kaşagan we Tengiz ýaly strategik ähmiýetli taslamalarda gözegçilik ediji ornuny saklap galýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurt önümi paýlaşmak baradaky ylalaşyklaryň (PSA) gurallary arkaly daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehnologiýalary işjeň çekmegini dowam edýär. Ýerasty baýlyklar we ýerasty peýdalanyş hakynda kanun strategik ýataklardaky paýlar üçünji taraplara satylan ýagdaýynda, döwlete olary ileri tutulýan tertipde satyn almak hukugyny berýär. Bu gural Gazagystanyň BSG-niň çägindäki borçnamalaryna doly gabat gelýär. Saud Arabystany, Katar we BAE BSG-ä agzalygy uglewodorod baýlyklarynyň üstünden doly derejeli (absolýut) gözegçilik bilen utgaşdyrmagyň has üstünlikli modelini görkezýärler. Saudi Aramco, QatarEnergy we ADNOC doly ýa-da esasan döwlet eýeçiligindäki kompaniýalar bolmagynda galýar. Hatda, 2019-njy ýylda Saudi Aramco kompaniýasynyň IPO-sy (çäklendirilen paý satuwy) bölekleýin döwletiň strategik gözegçiliginde geçirildi (paýnamalaryň diňe 1,73%-i satyldy). BSG-ä agzalyk Pars aýlagy ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berdi. Bu ýerde BAE-ne iň uly üstünligi gazanmak başartdy: erkin ykdysady zolaklar (JAFZA, DIFC, ADGM) energetika pudagyna doly gözegçiligi saklamak bilen bir wagtda, daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekiji gurşawy döretdi. Tebigy gorlara baý ýurtlar üçin BSG-ä goşulmagyň iň möhüm netijeleriniň biri-de ykdysady diwersifikasiýanyň höweslendirilmegi bilen baglydyr. Bazara çykalganyň giňelmegi we söwda päsgelçilikleriniň azalmagy ykdysadyýetiň çig mala degişli bolmadyk pudaklarynyň ösmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Bu makalada seljerilýän ähli ýurtlaryň BSG-ä goşulandan soň nebitgaz (çig mal) pudagyna garaşlylygy azaltmak ugrunda belli bir öňegidişlik gazanandygyny görmek bolýar, munuň özi giň gerimli ykdysady diwersifikasiýa maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen baglydyr. Tebigy baýlyklary peýdalanmakda özygtyýarlylyk meselesi BSG-ä goşulmak mümkinçiligini öwrenýän tebigy serişdelere baý ýurtlar üçin hemişe üns merkezinde bolmagynda galýar. Dünýä döwletleriniň 5-siniň toplanan iş tejribesine berlen seljerme tebigy serişdeleri dolandyrmakda döwletleriň özygtyýarlylygyny saklap galmagyny üpjün edýän esasy hukuk gurallaryny aýratyn görkezmäge mümkinçilik berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1962-nji ýyldaky 1803 (XVII) belgili Kararnamasy halklaryň we milletleriň özünde bar bolan tebigy baýlyklara erkin ygtyýar etmäge bolan hukugyny tassyklaýar. Bu ýörelge halkara hukugy tarapyndan ykrar edilýär we BSG-niň kadalary bilen çäklendirilmeýär. Garap geçilýän bäş ýurduň ählisi hem bu ýörelgäni BSG-niň çägindäki borçnamalar bilen üstünlikli utgaşdyrýarlar.
Edebiýat:
1. WTO. (2024). Trade Policy Review: Russian Federation. World Trade Organization.
2. WTO. (2023). Trade Policy Review: Kingdom of Saudi Arabia. World Trade Organization.
3. WTO. (2023). Accession of the Republic of Kazakhstan — Working Party Report.
4. UNCTAD. (2024). World Investment Report. United Nations Conference on Trade and Development.
5. Mogilevskii, R. (2023). Kazakhstan's WTO Accession: Outcomes and Implications. Central Asia Economic Papers.
6. Saudi Arabian General Investment Authority. (2024). Vision 2030: Progress Report.
7. Qatar National Vision 2030. Annual Implementation Review. (2024).
8. UAE Ministry of Economy. (2024). Centennial 2071 Economic Diversification Report.
9. Cottier, T. et al. (2022). International Trade Regulation and Natural Resources. Cambridge University Press.
10. Horn, H., Mavroidis, P. (2023). WTO Law and Natural Resources Governance. Journal of International Economic Law.
11. Резолюция Генеральной Ассамблеи ООН 1803 (XVII). Постоянный суверенитет над природными ресурсами (1962).
12. Министерство экономического развития РФ. (2023). Оценка влияния членства России в ВТО на экономику.