DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER WE OŇYN ŞERTLER
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ynamly gadamlar bilen öňe gidilip, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini berkitmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ösüş strategiýasy diňe paýtagtymyzyň däl, eýsem, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň hem durmuş-ykdysady ösüşini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.
BALKAN WELAÝATY alkan welaýaty milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Onuň tebigy we zähmet serişdeleriniň uly mümkinçiligi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň üstünlikli ösmegine ýardam edýär. Welaýatyň amatly geografik ýerleşişi, Hazar deňzine çykmagy, baý uglewodorod we mineral ýataklary senagaty, oba hojalygyny, ulag-logistika hemde hyzmatlar ulgamlaryny täze belentliklere ýetirmäge giň şertleri döredýär. Ýangyç-energetika, himiýa we syýahatçylyk pudaklarynyň ösüşi sebitiň ykdysady taýdan ýokary göterilmeginiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 10 milliard 745 million manada deňdir. Bu bolsa Türkmenistan boýunça jemi maýa goýum möçberiniň 26,1 göterimini emele getirýär. Maýa goýumlaryň 88,1 göterimi (9 milliard 466 million manat) önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygyna we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge gönükdiriler. Nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň artmagy 2026-njy ýylda senagat önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleriniň pudagyny ösdürmek üçin Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy guruldy. Munuň özi sebitiň energetika kärhanalarynyň kuwwatyny has-da artdyryp, ýylda 4,7 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge, ilatly ýerleriň üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge amatly şertleri döredýär. Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 574 megawata deň bolan elektrik stansiýasynyň we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy dowam etdiriler. Kuwwaty 120 megawat bolan Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Welaýatyň nebit we gaz ýataklarynda täze enjamlary gurnamak boýunça işler giň gerim bilen dowam etdiriler. Şu ýyl welaýatda nebitiň (gaz kondensaty bilen bilelikde) çykarylyşyny 8,2 million tonna, tebigy gazyň çykarylyşyny bolsa 8,8 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işlemegiň möçberi 4 671,7 müň tonna, dizel ýangyjynyň öndürilişi 1 324,9 müň tonna, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň öndürilişi bolsa 108,7 müň tonna ýetiriler. Şu ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty 900 müň tonna bolan haýal kokslandyrma we 500 müň tonna bolan gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygyny doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Himiýa pudagynda hem täze sepgitler göz öňünde tutulýar. 2026-njy ýylda welaýatda 1 090,0 müň tonna azot dökünleri, 711,0 tonna tehniki ýod we 1 500,0 tonna natriý sulfaty öndüriler. «Balkanabat» ýod zawodynda ýylda 60 tonna tehniki ýod öndürýän tejribe-synag desgasy hem-de Gyýanlydaky polimer zawodynyň işgärleri üçin 472 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy gurlup ulanmaga berler. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde demir gurnawlaryň öndürilişini 362,0 tonna, asfaltbetonyň öndürilişini bolsa 295,0 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde dokma pudagy innowasion ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň nusgasyna öwrüldi. Ol ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleri we dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak ýörelgelerini hasaba alýar. Şu jähetden, dokma senagatynyň kärhanalarynda haryt öndürilişiniň möçberiniň ýokarlanmagy dowam edýär. 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda tikinçilik we örülen önümleriň möçberiniň 1 013,1 million manada, haly we haly önümleriniň 127,8 müň inedördül metre, ýüpek matalaryň 150,1 müň inedördül metre, jorap önümleriniň 22,0 million jübüte, pagta süýüminiň 3,0 müň tonna deň bolmagyna garaşylýar. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we telekeçiligi höweslendirmek ugrunda alnyp barylýan işler welaýatyň azyk önümçiligini durnukly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň hususy pudagynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde, azyk howpsuzlygy ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Şu ýyl welaýat boýunça 8,5 müň tonna et we et önümlerini, 26,0 müň tonna süýtdür süýt önümlerini, 1,6 müň tonna süýji-köke önümlerini, 9,4 million şertli banka miwe-gök önüm konserwlerini öndürmek, balyk hem-de gaýtadan işlenen, konserwirlenen balyk önümleriniň öndürilişini 194,0 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýyl oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklar uly ösüşe eýe bolarlar. Şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Balkan welaýat bölüminiň täze ammaryny ulanmaga bermegiň hem meýilleşdirilýändigini bellemelidiris. Bularyň ählisi halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm ähmiýetli işlerdir. Ýurduň günbatar sebiti Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Ulag hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi we hiliniň gowulandyrylmagy netijesinde, 2026-njy ýylda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň möçberi 94 569,0 müň tonna, ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberi bolsa 75 445,0 müň ýolagça deň bolar diýlip çaklanylýar. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde 2 sany gury ýük gämisiniň we deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşyklary tamamlanyp, ulanmaga berler. Şu ýyl «Ro-Ro» görnüşli gäminiň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar. Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem durmuş ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna görä, welaýatda jemi 25 sany hassahana, 173 sany çagalar bagy, 168 sany orta mekdep, 5 sany orta hünär bilimi edarasy, 1 sany ýokary hünär bilimi edarasy, 20 sany sport mekdebi, 37 sany kitaphana, 1 sany teatr we 6 sany muzeý hereket edýär. Şu ýyl Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany açmak göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde geňeşligiň edara binasy, ýangyn howpsuzlygy bölümi, 120 orunlyk orta mekdep, 80 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, söwda merkezi, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş-hojalyk desgalary bar. Şeýle-de Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň «Çaga dogrum bölüminiň» durkuny täzelemek hem-de welaýatyň Gan bankynyň, Patalogik anatomiýa edarasynyň we Kazyýet lukmançylyk edara binasynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär. Amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga we halkara ölçeglere laýyk getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Seidnur JAPBAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy