KÄMIL HÜNÄRMENLER — INNOWASION ÖSÜŞIŇ DAÝANJY
Bütin dünýäde sanlylaşdyrmanyň depgininiň barha güýçlenýän we bilimler ykdysadyýetine geçilýän döwürde döwletiň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy şerti adam maýasy, ýagny ýokary derejeli hünärmenleriň gory bolup durýar. Hut şoňa görä-de, innowasiýalary işläp taýýarlamaga, ozalky şertlere uýgunlaşdyrmaga hem-de ornaşdyrmaga ukyply bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak jemgyýetiň abadançylygynyň, döwletiň durnukly ösüşiniň strategik wezipesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda biziň ýurdumyzda-da bu ugra uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günlerde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul ediş möwsüminiň göwnejaý derejede guralmagy zehinli, mynasyp ýaşlary ylym-bilim hem-de hünär ýoluna ugrukdyrmakda aýratyn orna eýedir.
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýeti düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. XXI asyryň başynda ykdysadyýetiň tebigy serişdeleriň uly gorlaryny giňden peýdalanmaga, üznüksiz önümçilige we adaty hünär derejeli zähmete esaslanýan nusgasy öz ornuny bilimler ykdysadyýetine berýär. Bilimler ykdysadyýetinde ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde adamyň aň-paýhasy çykyş edýär. Milli ylym-bilim ulgamyna maýa goýumlar uzak möhletleýin esasda iň ýokary ykdysady bähbitleri getirýär, ýurduň tehnologik özygtyýarlylygyny üpjün edýär. Täze ykdysady şertlerde ösüş diňe bir çig mallary gaýtadan işlemegiň däl-de, innowasion tehnologik çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagynyň, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagynyň, işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň hasabyna gazanylýar. Innowasion ykdysadyýetde zähmet bazaryna düýbünden täze, has berk talaplar bildirilýär. Häzirki döwürde çuňňur hünär başarnyklaryna eýe bolan hem-de özgerýän şertlere uýgunlaşýan hünärmenlere isleg artýar. Uly göwrümli maglumat gorlary (Big Data) bilen işlemek, emeli aň ulgamlaryny taslamalaşdyrmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, «ýaşyl» inženerçilik, gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly ugurlar boýunça başarnyklaryň ähmiýeti artýar. Ösen ulgamlaýyn pikirlenme we seljeriş, döredijilikli çemeleşme, toparlaýyn işlemek, ömrüň bütin dowamynda öwrenmegi dowam etdirmäge taýýar bolmak, haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, her bir hünärmen üçin örän möhüm başarnyklara öwrülýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, milli bilim ulgamyny ykdysadyýetiň we işewürligiň hakyky şertlerine laýyklykda sazlaşdyrmagy başaran döwletler tehnologik taýdan öňegidişlik gazanýarlar. Şunda döwlet, ýokary bilim ojaklary, işewürlik düzümleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlygy wajyp ähmiýete eýedir. Bilime daýanýan ykdysady nusgada ýokary okuw mekdepleriniň paýyna täze bilimleri döretmek we barlaglary geçirmek, işewürlige olary önümçilige ornaşdyrmak, döwlete bolsa kanunçylyk binýadyny, zerur halatynda, goldawy üpjün etmek düşýär. Türkmenistan dünýäniň ylymbilim giňişligine işjeň goşulyşyp, öz ornuny barha berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda rowaçlanmagy netijesinde milli ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýa durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçiş, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, çig maldan ýokary hilli taýýar harytlaryň önümçiligi milli aň-paýhas we tehnologik binýadyň çalt berkidilmegini talap edýär. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokary bilim ulgamy düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Bu hakykatyň aýdyň beýany hökmünde okuw maksatnamalarynyň täzelenmegini, täze hünär ugurlarynyň açylmagyny görkezmek bolar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň tehniki ugurly öňdebaryjy bilim ojaklarynda täze maksatnamalar düzülip, döwrebap hünär ugurlary girizilýär. Şolaryň hatarynda emeli aň we maglumatlaryň seljermesi, maglumatlary dolandyrmak ulgamlary, ýol-ulag düzümleriniň hereketi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ýaly ugurlar bar. Sanly ykdysadyýete geçişde hünärmenleri taýýarlamak bilen birlikde, innowasiýalary hakyky durmuş şertlerinde ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berilýär. Munuň ajaýyp nusgasy hökmünde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherini görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilen we çägi barha giňeýän «akylly» şäher Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň täze derejä çykandygyny şöhlelendirýär. Arkadag şäheri diňe bir iň oňaýly şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş mekany bolman, eýsem, ýaş hünärmenler üçin ägirt uly ylmy-önümçilik klasteriniň wezipesini-de ýerine ýetirýär. Arkadag şäheriniň mysalynda ýurdumyzyň döwrebap sanly keşbiniň kemala gelýändigini birnäçe ugurlarda görmek bolýar. Bu ýerde integrirlenen «akylly» ulag ulgamlary, durmuş üpjünçiliginiň awtomatlaşdyrylan torlary, 5G aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, emeli aň taslamalarynyň ornaşdyrylmagy ýaş hünärmenleriň kuwwaty bilen amala aşyrylýar. Ekologik abadançylyk, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleri Arkadag şäherinde innowasion ykdysadyýetiň ýene bir ugrudyr. Elektrik energiýasynda işleýän jemgyýetçilik ulagy, energiýanyň paýlanyşynyň «akylly» ulgamlary şäheriň halkara guramalar tarapyndan ekologik taýdan arassa künjek hökmünde yzygiderli ykrar edilmegine ýol açýar. Bu ýerde ýaş inžener-ekologlara öz işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilikler bar. Arkadag şäheri Türkmenistanyň sanlylaşdyrma konsepsiýasynyň nazary esaslaryndan, ýaş hünärmenleriň kemala gelmegine goşýan çylşyrymly, ýokary tehnologik ekoulgamlary döretmäge geçendigini tassyklaýar. Diýarymyzda ylmy innowasiýalaryň höweslendirilmeginde döwlet tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde zehinli ýaşlaryň ýüzlerçesi robototehnika, «akylly» şäherler, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça işläp taýýarlamalaryny hödürleýärler. Şeýle taslamalar gönüden-göni şäher gurşawyny, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly bolup, milli hünärmenleriň goruny kemala getirmäge ýardam edýär. Innowasion ykdysadyýet şertlerinde hünärmenler goruny, adam maýasyny emele getirmekde halkara hyzmatdaşlyga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy bilimdir tejribelerini özleşdirip, içerki özgertmeleri halkara hyzmatdaşlyk bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga ähmiýet berýär. Her ýyl türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda ýeňillikli şertlerde bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi giňeýär. Hytaý Halk Respublikasy bilen ýokary tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, telekommunikasiýalar, häzirki zaman şäher gurluşygy ýaly ugurlarda strategik hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýewropa döwletleri bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw serişdelerini, oba hojalyk ýerlerini rejeli peýdalanmak bilen bagly ugurlarda tejribeler baýlaşdyrylýar. Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy-önümçilik merkezleri bilen häzirki zaman senagat desgalaryny, tehnologik parklary dolandyrmak ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ykdysadyýetiň innowasion ösüşini diňe daşary ýurt tehnologiýalaryny satyn almak we önümçilige ornaşdyrmak bilen gazanyp bolmaýar. Bu wezipäni, ilkinji nobatda, ýurduň öz içinde ylym-bilim ulgamyny döwrüň talabyna, geljegiň şertlerine laýyklykda kämilleşdirmek, ýokary bilimli hünärmenler goruny kemala getirmek arkaly amala aşyrmak mümkindir. Ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylmagy, ozal bar bolanlarynda täze hünär ugurlarynyň döredilmegi, Arkadag şäheriniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwür bilen aýakdaş gadam urýandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda döwletimiz döwrüň senagatlaşma, sanlylaşdyrma we ekologik abadançylyk bilen bagly talaplaryny ödäp, ykdysadyýetiň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga mümkinçilik berýän kuwwatly hünärmenler goruny kemala getirýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary