Durmuş-ykdysady ösüşiň guraly
Bazar gatnaşyklarynyň kämil derejesine ýetmekde ykdysadyýetde geçirilýän düýpli özgertmeleriň uly ähmiýeti bar. Salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi hem ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam edýär. Salgyt durmuş-ykdysady ösüşiň guraly bolup hyzmat edýär. Salgytlaryň durmuş-ykdysady mazmuny olaryň jemgyýetde tutýan orny we zerurlygy, döwletiň ykdysady we syýasy gurluşy, çözýän meseleleri bilen şertlendirilýär. Salgyt gatnaşyklary öwrenilende, deduksiýa we induksiýa usullary giňden ulanylýar. Mysal üçin, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 100-nji maddasyna laýyklykda, goşulan baha üçin salgydyň degişli döwründäki salgyt özeni şol salgyt döwründe geçirilen salgyt salynýan amallaryň ählisiniň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Aýry-aýry salgyt salynýan amallardan umumy salgyt özeni takyklanylýar. Bu induksiýa usulydyr. Şol bir wagtda kärhananyň peýdasyndan alynýan salgyt, emläk üçin salgyt, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym, şeýle-de Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmek gaznasyna tölegler tölenilýär. Başgaça aýdanyňda, umumy netijeden hususy netije çykarylýar. Bu deduksiýa usulydyr.
Söýün Höwezow,
Türkmenbaşy etrap salgyt bölüminiň barlaglar bölümçesiniň baş salgyt inspektory