DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÜPJÜN EDILMEGINDE HALKARA SÖWDANYŇ ORNY

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÜPJÜN EDILMEGINDE HALKARA SÖWDANYŇ ORNY 

 Nurjahan MEREDOWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Ma­li­ýe ­we­ yk­dy­sa­dy­ýet­ mi­nistr­li­gi­niň Bü­tin­dün­ýä ­söw­da­ gu­ra­ma­sy ­bi­len ­hyz­mat­daş­lyk­ bö­lü­mi­niň­ baş ­hü­när­me­ni

Häzirki globallaşma şertlerinde halkara söwda döwletleriň ykdysady ösüşinde we milli ykdysadyýetleriň arasynda özara baglanyşyklaryň emele gelmeginde möhüm orun eýeleýär. Söwda möçberleriniň köpelmegi, gymmatlyk döredijilik boýunça global zynjyrlaryň ösüşi, harytlaryň we hyzmatlaryň serhetara alyş-çalşygynyň giňelmegi ýurtlaryň önümçilik mümkinçilikleriniň artmagyna, innowasiýalaryň höweslendirilmegine we ykdysady ösüş üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, halkara gün tertibinde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysady ösüşiň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleriň ähmiýeti barha pugtalanýar. Şu nukdaýnazardan, söwda bilen ekologiýanyň özara gatnaşygyna global dolandyryşyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garalýar. Durnukly ösüş düşünjesi ykdysady ösüşiň, jemgyýetçilik durnuklylygynyň we ekologik jogapkärçiligiň deňagramly utgaşmasyny göz öňünde tutýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi döwletler üçin şeýle ösüş modelini emele getirmek boýunça umumy ugrukdyryjy hökmünde çykyş edýär. Bu çäkde halkara söwda diňe bir ykdysady bähbitleriň çeşmesi hökmünde däl, eýsem ykdysadyýetiň ekologik taýdan özgerdilmegi üçin zerur bolan tehnologiýalaryň, bilimleriň we öňdebaryjy tejribäniň ýaýramagyna ýardam edýän mehanizm hökmünde hem çykyş edýär. Söwda etmek arkaly döwletler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin enjamlara, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, suw we howany arassalaýyş ulgamlaryna, şeýle hem ekologik täsiri pes bolan materiallara özi üçin elýeterliligi üpjün edýärler. Bütindünýä söwda guramasy köptaraplaýyn söwda ulgamynyň esasy instituty hökmünde söwda bilen ekologik maksatlaryň sazlaşykly ösmegine zerur şertleri emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. Guramanyň esasy wezipesi halkara söwdada öňünden çaklarlykly, açyk we hiç bir kemsitmesiz düzgünleri üpjün etmekden ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde, Guramanyň kadalaşdyryjy binýady durnukly ösüşiň ähmiýetini göz öňünde tutýar, bu bolsa BSG-niň esasynda durýan Marrakeş Ylalaşygynyň giriş bölüminde öz beýanyny tapýar. Onda dünýä tebigy serişdeleriniň durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda we daşky gurşawy goramak ýörelgeleri esasynda peýdalanylmagynyň zerurdygy bellenilýär. Bu ýagdaý ykdysady işjeňligiň we halkara söwdanyň uzak möhletleýin ekologik netijelerini göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylmalydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde, Bütindünýä söwda guramasy döwletleriň ekologik syýasatyny emele getirýän edara bolup çykyş etmeýär we ýöriteleşdirilen halkara ekologik institutlaryň ornuny tutmaýar. Ekologiýa syýasaty döwletleriň özbaşdak ygtyýarlyklarynyň çäginde bolmagynda galýar. BSG-niň wezipesi milli ekologik çäreleriň köptaraplaýyn söwda ulgamynyň esasy ýörelgelerini bozmazdan, halkara söwda gatnaşyklarynda ulanylmagyna mümkinçilik berýän çäkleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşme ileri tutulýan milli ugurlaryň we ösüş derejesiniň dürlüligini göz öňünde tutmaga, şol bir wagtyň özün de söwda gatnaşyklarynyň umumy derejede öňünden çaklarlylygyny saklamaga mümkinçilik berýär Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşyklary daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleriň döwletler tarapyndan kabul edilmegine mümkinçilik berýär, munuň üçin hiç bir görnüşdäki kemsitmäniň ýoklugy, açyklyk we ygtybarly ulanylyş ýaly esa sy ýörelgeleriň berjaý edilmegi talap edilýär. Döwletleriň adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň janyny we saglygyny goramak, şeýle hem tükenýän tebigy serişdeleri saklamak bilen bagly çäreleri girizmäge hukugy bardyr. Bu düzgünler ileri tutulýan ekologik ugurlary söwda syýasatyna goşmak üçin hukuk binýadyny döredýär, söwda çärelerini taýýarlamakda hem-de durmuşa geçirmekde ekologik ýagdaýlary göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär. Söwda bilen ekologiýanyň özara gatnaşygy ulgamynda tehniki kadalaşdyrmalar we standartlar aýratyn orunda goýulýar. Ekologiýa talaplaryň artmagy bilen, dünýä döwletleri önümleriň energi ýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga, zyýanly zyňyndylary azaltmaga, howpsuz materiallary ulanmaga we ekologik taýdan ugrukdyrylan önümçilik usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen standartlary ösdürýärler. Şeýle çäreler BSG-niň Söwdada tehniki päsgelçilikler baradaky ylalaşygy esasynda kadalaşdyrylýar, ol döwletleriň daşky gurşawy goramak ýaly kanuny maksatlara ýetmek üçin standartlary bellemek hukugyny ykrar edýär. Şol bir wagtyň özünde, ylalaşyk standartlaryň aç-açan we hiç bir görnüşde kemsitmesiz ulanylmagynyň zerurdygyny belleýär, bu bolsa söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ynamy berkitmäge ýardam edýär. Bu teh ni ki standartlaryň diňe bir kadalaşdyry jy däl, eýsem höwes len di riji wezipeleri hem ýerine ýetirýändigini bellemek möhümdir. Olar önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, innowasion işjeňligi höweslendirmäge we has durnukly önümçilik zynjyrlarynyň ösdürilmegi üçin oňyn şertleri döretmäge ýardam berýär. Uzakmöhletleýin nukdaýnazardan standartlaryň sazlaşdyrylmagy we halkara kadalaryň ulanylmagy biznes (işewürlik) çykdajylarynyň peselmegine, ekologik taýdan ugrukdyrylan önümleriň halkara söwdasynyň ýeňilleşmegine ýardam edip bier. Durnukly ösüş bilen baglylykda, ekologiýa taýdan ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň, başgaça «ýaşyl söwda» diýlip atlandyrylýan ugruň ähmiýeti barha pugtalanýar. Şeýle harytlaryň hataryna gün panelleri, ýel generatorlary, energiýa saklaýyş ulgamlary, galyndylary gaýtadan işlemek we zyýansyzlandyrmak üçin enjamlar, suwy tagşytlaýan we howany arassalaýan tehnologiýalar, şeýle hem senagatda we gündelik durmuşda energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler girýär. Ekologik ugurly maslahat berişi, durnukly logistika, daşky gurşaw dizaýny, daşky gurşawa gözegçilik we tebigy serişdeleri dolandyrmak ýaly hyzmatlar hem barha möhüm ähmiýete eýe bolýar.  Bu ugurlarda söwdanyň giňelmegi ykdysady ösüşiň has durnukly modellerine tapgyrlaýyn geçmek üçin zerur bolan tehnologiýalaryň we bilimleriň ýaýramagyna ýardam berýär. Halkara söwda tehniki mümkinçilikleri çäkli bolan döwletlere döwrebap ekologik çözgütleriň elýeterliligini giňeldýär, munuň özi esasan hem ösýän ýurtlar üçin aýratyn möhümdir. Şu nukdaýnazardan köptaraplaýyn söwda ulgamy ykdysadyýeti ekologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýän gural hökmünde kabul edilip bilner. Söwda bilen ekologiýanyň özara gatnaşygynda hyzmatlar söwdasynyň ösüşi hem möhüm orun eýeleýär. Suw üpjünçiligi, galyndylary dolandyrmak, ekologiýa we energiýa auditi, durnukly ulag we logistika ulgamlary döwletleriň institusional we tehniki mümkinçiliklerini berkitmäge ýardam edýär. Köptaraplaýyn söwda ulgamynyň çäginde şeýle hyzmatlaryň serhetara alyş-çalşygyny ösdürmek üçin oňyn şertler döredilýär, bu bolsa öňdebaryjy tejribäniň ýaýramagyna we ekologik çözgütleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Hyzmatlar söwdasynyň ösüşi ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan adam maýasynyň we institusional binýadyň emele gelmegine ýakyndan goldaw berýär. Köptaraplaýyn söwda ulgamynda açyklyga we maglumat alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletler täze ekologiýa talaplar, standartlar we tehniki kadalar barada birek-biregi habarly edýärler, bu bolsa söwda hyzmatdaşlaryna üýtgeşmelere wagtynda uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle mehanizm halkara söwdada näbelliligi azaldýar, has durnukly hem-de öňünden çaklarlykly söwda gurşawynyň emele gelmegine ýardam edýär. Işewürçilik üçin bu ýagdaý uzakmöhletleýin ekologik talaplary göz öňünde tutmak bilen, maýa goýumlaryny we önümçilik işjeňligini meýilleşdirmek mümkinçiligini berýär. Söwda bilen ekologiýanyň özara gatnaşygyna diňe bir global derejede däl, eýsem sebit derejesinde hem garalýar. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky sebit başlangyçlary köptaraplaýyn tagallalaryň üstüni ýetirip, döwletleriň arasynda netijeli dialogyň ýola goýulmagy, tejribe alyş-çalşygy we öňdebaryjy tejribäniň ýaýramagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Şu nukdaýnazardan BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäginde geçirilen Ykdysady forum durnukly ykdysady ösüşi, sebit hyzmatdaşlygyny we söwdanyň ekologiýa maksatlaryny goldamakdaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş etdi. 2026-njy ýylda Aşgabat şäherinde SPECA hepdeliginiň we Ykdysady forumyň geçirilmegi sebitde durnukly söwda meseleleri boýunça dialogyň çuňlaşmagyna we ýaşyl tehnologiýalaryň ösdürilmegine ýardam berýär.  Köptaraplaýyn söwda ulgamynyň çäginde döwletleriň ykdysady ösüş derejesini göz öňünde tutmak zerurdyr. Döwletleriň ykdysady we tehnologik ösüş tapgyrlarynyň dürli-dürlüdigi hem-de institusional mümkinçilikleriniň tapawutlydygy ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ösüp barýan ýurtlara degişli çeýeligiň berilmegi, şeýle hem tehniki kömegiň möçberini we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi möhüm başlangyç bolup çykyş edýär. Şeýle çäreler ekologik talaplara tapgyrlaýyn uýgunlaşmagy goldamaga we halkara söwdanyň has inklýuziw häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär. Ösüp barýan ýurtlar üçin halkara söwda hyzmatdaşlygy ekologik infrast rukturanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryň giňden çekilmegini, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegini we energiýa tygşytlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan serişdeleriň çeşmesi bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, institusional mümkinçilikleriň artdyrylmagy we bilimlere elýeterlilik ekologik maksatlary milli ösüş strategiýalaryna has netijeli uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu nukdaýnazardan söwda bilen ekologiýanyň öza ra baglylygyna ykdysady modeliň birwagtlaýyn üýtgemegi hökmünde däl-de, tapgyrlaýyn we yzygider li esasdaky özgertmeleri hökmünde garalýar. Uzakmöhletleýin nukdaýnazardan alanyňda, halkara söwda bilen daşky gurşawy gora mak meseleleriniň özara utgaşdyrylmagy durnukly ösüşiň biri-biriniň üstüni ýetirýän düzümleri hökmünde kabul edilýär. Köptaraplaýyn söwda ulgamy ekologik maksatlaryň döwletleriň söwda syýasatyna goşulmagyna şert döredýär, bu bolsa ykdysady ösüşiň, tebigy serişdeleriň durnukly peýdalanylmagynyň we söwda gatnaşyklarynyň öňünden çaklanylmagynyň arasynda deňagramlylygy üpjün edýär. Howanyň global derejede üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy bilen baglylykda, söwda bilen ekologiýanyň arasyndaky özara gatnaşygyň ösdürilmegi halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Bütindünýä söwda guramasy halkara söwdanyň we ekologik çäreleriň özara sazlaşykly ösdürilmegi üçin çäkleri emele getirmekde möhüm orun tutýar. Köptaraplaýyn söwda düzgünleriniň, milli ekologik syýasatlaryň we halkara hyzmatdaşlygyň özara utgaşdyrylmagy durnukly ösüşi ilerletmek, global ykdysady ulgamy berkitmek üçin ygtybarly binýady kemala getirýär. Geljekde söwda bilen ekologiýanyň arasyndaky netijeli dialogyň ösdürilmegi has durnukly, öňünden çak ederlikli we inklýuziw dünýä ykdysadyýetiniň emele gelmegine ýardam berer.

Edebiýat:

1. World Trade Organisation. Marrakesh Agreement Establishing the World Trade Organisation. Marrakesh, 1994.

2. World Trade Organisation. General Agreement on Tariffs and Trade (GATT 1994). World Trade Organisation, Geneva. 

3. World Trade Organisation. Agreement on Technical Barriers to Trade (TBT Agreement). World Trade Organisation, Geneva. 

4. World Trade Or ga nisation. Trade and Environment at the WTO. World Trade Or ga nisation, Geneva. 

5. World Trade Organisation. World Trade Report 2022: Climate Change and International Trade. World Trade Organisation, Geneva, 2022.

6. United Nations. Transforming our World: the 2030 Agenda for Sustainable Development. United Nations General Assembly, New York, 2015. 

7. United Nations Special Programme for the Economies of Central Asia (SPECA). Programme Documents and Regional Cooperation Frameworks. United Nations.   - -