MAKSATNAMALAÝYN ÖSÜŞ — ABADAN DURMUŞYŇ GÜWÄSI
Döwlet Batutanymyzyň durmuşa geçirýän ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş ykdysady strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzda okgunly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, pudaklara ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanlylaşdyrma prosesleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bütindünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmaga güýçli itergi berýär. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada bellenilip, jemi içerki önü miň ösüş depginiň 6,3 göterim derejede üpjün edilendigi nygtaldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özledirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Bu babatda milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösü şinde maýa goýumlarynyň orny örän uludyr. Ýurdumyzda maýa goýum syýasaty önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, täze girdeji çeşmelerini döretmek, makroykdysady deňagramlylygy saklamak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýär. Çünki bu ugurdaky syýasat önümçiligiň depginini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň toplumydyr. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. «Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdür mek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Türkmenistan anyk kesgitlenen ugurlar boýunça strategiki wezipelerden we maksatnamalaýyn resminamalardan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarydyr institutlary bilen hemmetaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny dowam etmäge ygrarlydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir» diýip, ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini nygtady. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýagny dürli pudaklary deň derejede ösdürmek, önümçiligi giňeltmek, täze zawoddyr fabrikleri gurmak we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maýa goýumlaryň hem döwlet, hem maýadarlar üçin bähbitli bolmagyny gazanmak halk hojalygyndaky özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleri ykdysadyýeti köptaraplaýyn ösdürmek we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara, sanly we aýlanyşykly ykdysadyýete geçmekden ybarat bolup durýar. 2025-nji ýylyň her bir güni Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny aýdyň güwäsine öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna sanly sahypalary ýazdy.
Meýlismyrat SAPAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.