DOST-DOGANLYGYŇ NUSGASY
Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi hyzmatdaşlykdan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Dünýä ykdysadyýetinde döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan özüniň «Açyk gapylar» syýasaty we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, dünýäniň köp ýurtlary bilen netijeli daşary ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar. Şeýle ýörelgelere esaslanýan daşary ykdysady syýasat içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, ýurdumyza ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu strategik ugurda Türkiýe Respublikasy bilen al nyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary aýratyn orna eýedir. Iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy we medeni kökler häzirki döwürde kuwwatly ykdysady bin ýat bilen berkidilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda meýdançalarynda ornuny hasda berkitmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyz nebit gaz pudagyndan başga-da, dokma senagaty, himiýa önümçiligi, ulag-logistika we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlarda halkara hyzmat daşlygy işjeňleşdirýär. Amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýä bazaryna diňe bir çig mallary däl, eýsem, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri hem çykarýar. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy, takmynan, 20 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky işjeňliginiň aýdyň görkezijisidir. 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň, geçen ýyllardaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, ep-esli ýokarlanandygyny bellemek gerek. Bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny tassyklaýar. Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy diňe bir haryt alyş-çalşygy bilen çäklenmän, eýsem, gurluşyk, senagat, energetika, işewürlik we ulag ulgamlaryny hem öz içine alýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň we ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki şäherleriň döwrebap binalarynyň, şeýle hem kuwwatly senagat kärhanalarynyň gurluşygynda dostlukly ýurduň kompaniýalary uly işjeňlik görkezdi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Türkiýäniň «Çalyk Holding», «Rönesans Holding» ýaly iri kompaniýalary Diýarymyzda döwrebap binalaryň we önüm çilik desgalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy sebitara ulag geçelgelerini döretmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýola goýulýan logistika zynjyrlary iki ýurduň üstaşyr kuwwatyny artdyrýar. Hazar üsti ulag geçelge siykly mara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň howa şertleri dokma senagatyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyz bu pudaga uly maýa goýumlary gönükdirip, uly öňe gidiş likleri gazandy. Şunda Türkiýe Respublikasynyň maýasynyň we tehnologiýalarynyň ähmiýeti uly boldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly dokma önümleriniň dünýäbazaryndaky abraýy artyp, iň geçginli harytlaryň birine öwrüldi. Döwür bilen aýakdaş gitmek islendik ugurda üstünli giň wajyp şerti bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäde ykdysadyýetiň ösüşi sanly tehnologiýalar bilen baglanyşdyrylýar. Şoňa göräde, Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarny sanlylaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurda Türkiýäniň IT kompaniýalary we tehno parkary bilen tejribe alyşmak täze bir ugur bolup durýar. Bu babatda «Elektron hökümet» ulgamlaryny kämilleşdirmek, sanly söwda meýdançalaryny döretmek we maliýe amallarynyň kiber howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tejribeler baýlaşdyrylýar. Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň intelektual we tehnologik jähtiniň pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Ýurtlarmyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we özara maýa goýumlarynyň artmagyna türkmen-türk işewürlik forumlary uly orna eýedir. Şeýle görnüşdäki sergileriň we forumlaryň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmentürk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi, iýul aýynda bolsa Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň iri sergisi guraldy. Hut şu günler, has takygy, 10 -12-nji fewral araly gynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Sergä dostlukly ýurduň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşyp, olaryň arasynda enjamlary, tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary we beýleki önümleri öndürmäge hem-de eksport etmäge, şeýle-de gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ugurlarda ýöriteleşen düzümler bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty milli bähbitlere we halkara dostlukly gatnaşyklara esaslanýar. Türkmen türk işewürlik gatnaşyklary bolsa bu syýasatyň iň üstünlikli mysallarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky ynamdar hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady taýdan peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösmegine we parahatçylygyň berkemegine goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkada gymyzyň taýsyz tagallalary esasynda dünýä döwletleri bilen yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň rowaçlanmagy halkymyzyň abadan durmuşynyň binýadyny berkidýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.