SEBITLEÝIN SYÝASAT: gy­ra­deň ösüş­le­ri na­zar­lap

SEBITLEÝIN SYÝASAT: gy­ra­deň ösüş­le­ri na­zar­lap 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda sebitleriň durnukly ösüşi möhüm orun eýeleýär. Onda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Bu syýasatda sebitleriň öndüriji güýçlerini hem-de önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmak baş maksat bolup durýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Buý­ru­gy esa­syn­da, 2013-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni dur­nuk­ly ös­dür­mek, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan önümçi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek hem-de ila­tyň ýa­şa­ýyş dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, etrap­la­ry­ň we et­rap hu­kuk­ly şä­her­le­ri­ň ara­syn­da äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ug­run­da bäs­le­şik yg­lan edil­ýär. Ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ne­ti­je ga­za­nyp, ýe­ňi­ji bo­lan gö­rel­de­li et­ra­by ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­ri kes­git­le­mek bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­ýär. Bäs­le­şik­de ýurt bo­ýun­ça ýe­ňi­ji bo­lan et­ra­byň ýa-da et­rap hu­kuk­ly şä­he­riň hä­kim­li­gi 1 mil­lion ame­rikan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi de­giş­li ministr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aşga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça gö­rel­de­li et­ra­by kes­git­leme­giň Ter­ti­bi­ni taý­ýar­la­ýar. Oňa la­ýyk­lyk­da, bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­sini kes­git­le­mek dur­muş, yk­dy­sa­dy, eko­lo­gi­ýa we me­de­ni taý­dan äh­li gör­ke­zi­ji­le­ri ha­sap­la­mak ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Dur­muş ul­ga­my bo­ýun­ça gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ha­lan­dyr­ma­sy de­giş­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­megi bi­len kes­git­le­nil­ýär. Yk­dy­sa­dy ul­gam bo­ýun­ça gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ha­lan­dyr­ma­sy pag­ta we bug­daý, mal­dar­çy­lyk, eke­ran­çy­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi, mal­la­ryň­dyr guş­la­ryň baş sa­ny­nyň artma­gy, býu­je­tiň gör­ke­zi­ji­le­ri, ra­ýat­la­ryň iş, mel­lek ýer­le­ri hem-de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça kes­git­le­nil­ýär. Eko­lo­giýa ul­ga­my bo­ýun­ça gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ha­lan­dyr­ma­sy bol­sa ýur­dy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça bel­le­nil­ýär. Me­de­ni­ýet, bi­lim we sport ul­gam­la­ry ba­bat­da gör­ke­zi­ji­le­riň ba­ha­lan­dyr­ma­sy hal­ka­ra, döwlet, we­la­ýat we Aş­ga­bat şä­her de­re­je­sin­de me­de­ni, bi­lim, şol san­da in­ter­net ar­ka­ly ge­çi­ri­len bäs­le­şik­ler­de we sport ýa­ryş­la[1]ryn­da ýe­ňiş­li orun­la­ryň sa­ny hem-de bi­lim eda­ra­la­ry­nyň pe­dago­gik iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän «Ýylyň mu­gal­ly­my» hem-de «Ýy­lyň ter­bi­ýe­çi­si» bäs­le­şik­le­rin­de baş baý­ra­ga my­na­syp bo­lan­la­ry ha­sa­ba al­mak bi­len kes­git­le­nil­ýär. Şeý­le-de sag­dyn jem­gy­ýe­ti gur­mak we onuň go­rag­ly­ly­gy­ny üpjün et­mek bo­ýun­ça gör­ke­zi­ji­ler ba­ha­lan­dy­ryl­ýar. Gür­rü­ňi edil­ýän bäs­le­şik yg­lan edi­lip baş­la­nan döw­rün­den bä­ri, 2013-nji we 2023-nji ýyl­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça Ahal wela­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by, 2014-nji ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýaty­nyň Gö­rog­ly et­ra­by, 2015-nji ýyl­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­löten et­ra­by, 2016-njy ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap et­ra­by, 2017-nji ýyl­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by, 2018-nji ýyl­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Esen­gu­ly et­ra­by, 2019-njy ýyl­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by, 2020-nji ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýaty­nyň Şa­bat et­ra­by, 2021-nji ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new et­ra­by, 2022-nji ýyl­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­by, 2024-nji ýyl­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by iň gö­rel­de­li et­rap­lar bol­dy. Ýe­ňi­ji bo­lan et­rap­la­ryň hä­kim­lik­le­ri, Türk­me­nis­tanyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Buý­ru­gy esa­syn­da, 1 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Sy­lag ber­len pul se­riş­de­le­ri bu et­rap­la­ryň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­sini has ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­di. Hu­su­san-da, sy­lag berlen pul se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Ýo­lö­ten et­ra­byn­da «Bag­ty­ýarlyk şug­la­sy» ça­ga­lar dynç alyş meý­dan­ça­sy, Fa­rap­da «Ça­ga­lar dün­ýä­si» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi, We­kil­ba­zar­da «Bag­ty­ýar ne­sil­ler» ça­ga­lar dynç alyş se­ýil­gä­hi, Esen­gu­ly­da «Ça­ga­lar dünýä­si» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi, Şa­bat­da ça­ga­lar üçin döw­rebap dynç alyş se­ýil­gä­hi, Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da «Ar­ka­dag­ly nesil­ler» ça­ga­lar dynç alyş mer­ke­zi, Dä­new­de «Ça­ga­lar dün­ýä­si» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Şu ýy­lyň 13-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de 2025-nji ýyl­da bäs­le­şi­giň jem­le­ri bo­ýun­ça dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da iň go­wy neti­je­le­ri ga­za­nan Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­neür­genç et­ra­by onuň ýe­ňi­ji­si diý­lip yg­lan edil­di. Kö­neür­genç ag­rar-se­na­gat äh­mi­ýet­li et­rap bol­mak bi­len, müm­kin­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça we­la­ýa­tyň yk­dy­sady ösü­şin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Oba mil­li mak­sat­na­ma­synyň çäk­le­rin­de 2025-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da bu et­ra­byň Täze­ýol ge­ňeş­li­gin­de tä­ze dö­re­di­len Bi­ta­rap­lyk şä­her­çe­si açyl­dy. Bu döw­re­bap şä­her­çe­de 400 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň we 23 sany des­ga­lar­dyr in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry ta­mamla­nyp, ulan­ma­ga be­ril­di. Tä­ze şä­her­çä­niň çä­gin­de ge­ňeş­li­giň eda­ra bi­na­sy, mul­ti­me­dia teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len 420 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep, 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy, sag­lyk öýi, 200 orun­lyk me­de­ni­ýet öýi, 500 orun­lyk toý me­kany, hyz­mat­lar öýi, söw­da mer­ke­zi, azyk we se­na­gat ha­ryt­la­ry dü­kan­la­ry, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän ki­çi kär­ha­na, al­ko­gol­syz iç­gi­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na, li­mon we kö­me­lek ýe­tişdi­ril­ýän ýy­la­dyş­ha­na­lar, ara­gat­na­şyk bö­lü­mi, ýan­gyn howp­suzlyk bö­lü­mi, söw­da-hyz­mat ediş bi­na­la­ry, suw we la­gym ge­çi­ri­ji ul­gam­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Kö­neür­genç et­ra­by ata Wa­ta­ny­myzyň ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re-de baý kün­jek­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýerde Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Bü­tin­dün­ýä mira­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­r he­mi­şe dünýä ja­han­keş­de­le­ri­niň, ta­ryh­çy alym­la­ryň, ar­heo­log­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­mek bi­len, ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek­depde örän äh­mi­ýet­li­dir. Mah­la­sy, döw­let­li Di­ýa­ry­myz­da mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da, oýla­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan se­bit­le­ýin sy­ýa­sat ýur­du­my­zyň äh­li sebit­le­ri­niň gy­ra­deň ös­dü­ril­me­gi­ni, ra­ýat­la­ryň bag­ty­ýar we bo­le­lin ýa­şaý­şy­nyň yzy­gi­der­li üp­jün edil­me­gi­ni na­zar­la­ýar. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, adam ha­kyn­da­ky ala­da­ny äh­li zat­dan ile­ri tut­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­tyn­da «Döw­let adam üçindir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşyryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

 Seid­nur JAP­BA­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gi­ýa we dur­nuk­ly ösüş mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy.