Ösüş we maýa goýum işjeňliginiň täze sepgitleri
13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we Maksatnamada 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Bu möhüm resminamada şu ýyl Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, pudaklara döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýram ediljek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we ykdysadyýetimiziň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmek maksat edinilýär
Milli, döwlet, pudak we maýa goýum maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, her bir türkmenistanlynyň abadan durmuşy üpjün edilýär. 2026-njy ýyl üçin niýetlenilen Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, ýylyň dowamynda pudaklaryň depginli ösüşini, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmek arkaly makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etdirmek, senagat pudaklarynyňdyr önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly we netijeli ulanylmagyny gazanmak, eksporta niýetlenen, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän görnüşlerini, möçberlerini artdyrmak, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara hem-de bäsdeşlige ukyply senagat önümçilik taslamalaryna uly möçberde maýa goýumlary gönükdirmek, döwrebap, täze önümçilikleri işe girizmek, üznüksiz aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýeti höweslendirmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly işleri utgaşykly alyp barmak, milli ykdysadyýetiň ösüşinde hususy bölegiň paýyny artdyrmak ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýeti toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini üpjün etmek arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini azyndan 6,3 göterim derejede saklamak meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41 milýard 166 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek maksat edinilýär. Olardan döwlete degişli böleginiň paýy 57,4 göterime, döwlete dahylsyz böleginiň paýy 32 göterime, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 10,6 göterime deň bolar. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolan sebitleýin syýasaty sebitleri gyradeň ösdürmäge, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga we halkara ölçeglere laýyk getirmäge gönükdirilendir. Maksatnamada sebitleriň ykdysady taýdan depginli ösüşini gazanmak we innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, olary dünýä bazaryna çykarmak, daşky gurşawy goramak, ýaşaýyş-durmuş hem-de inžener-üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Maksatnamanyň çäklerinde 2026-njy ýylda sebitler boýunça meýilleşdirilýän düýpli maýa goýumlaryň bölünişi barada aýdylanda, ol Aşgabat şäheri boýunça 21,3 göterime, Arkadag şäheri boýunça 6,9 göterime, Ahal welaýaty boýunça 9 göterime, Balkan welaýaty boýunça 26,1 göterime deň bolar. Maýa goýumlaryň 6,6 göterimi Daşoguz welaýatyna, 11,1 göterimi Lebap welaýatyna, 19 göterimi Mary welaýatyna gönükdiriler. Maksatnama laýyklyk[1]da, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy meýdany 912,3 müň inedördül metr bolan, şol sanda döwletiň düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 440,2 müň inedördül metr, döwlete dahylsyz tarapyň serişdeleriniň hasabyna 472,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda mundan beýläk-de ösüş depgini üpjün ediler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumlarynda maliýe ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly we innowasion ösüşi goldamak, auditorçylyk işini, hasap we hasabatlylygy kämilleşdirmek, nyrh syýasatyny, nyrh emele getirilişini düzgünleşdirmek, salgyt ulgamyny sanlylaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny we derejesini has-da gowulandyrmak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar. Maliýe bazarynyň işi «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda alnyp barlar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça jemi 5 müň 245 sany täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer. Türkmenistanyň banklary tarapyndan hödürlenýän «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly bank hasaplaryny menzilara dolandyrmak hem-de internet ulgamynyň üsti bilen tölegleri amala aşyrmak mümkinçiliklerini kämilleşdirmek boýunça çäreler dowam etdiriler. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda geçirilmeli işleriň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de «Galkynyş» gaz käniniň birinji tapgyryna degişli ulanyş guýularynyň gazuw buraw işleri meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň çäginde nebitiň we gazyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak hem-de gorlaryny artdyrmak maksady bilen çuň gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri göz öňünde tutulýar. Şu ýyl gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalar we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan jaýlaryň taslamalaryny amala aşyrmak, gurluşyk materiallary bilen içki bazaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak, import edilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek arkaly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda önümleriň görnüşini we möçberlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylda Ahal, Derweze, Awaza, Daşoguz, Lebap döwlet elektrik stansiýalarynyň gazturbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, güýjenmesi 500-400 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy we bekedi gurmak, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda elektrik stansiýasyny we elektrik geçiriji ulgamlary, şeýle-de Arkadag şäheriniň elektrik ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýerleşişinden peýdalanylyp, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygy ýokarlandyrylar. Täze üstaşyr geçelgeler ýola goýlar, ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylar. Şeýle-de şu ýyl Arkadag şäheriniň demir ýol, awtomobil menzilleriniň, 2 sany gury ýük we deňiz düýbüni çuňaldyjy gämileriň gurluşyklaryny tamamlap, ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, şu ýyl Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumyny gurmak hem-de «Ro-Ro» görnüşli gäminiň gurluşygy meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda, oba hojalyk toplumy boýunça ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, döwlet buýurmasy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümlerini hem-de beýleki önümleri öndürmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri döretmek, maldarçylygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly işler durmuşa geçiriler. «Altyn asyr» Türkmen köli şor suw akabalaryny, Şasenem akabasynyň durkuny täzelemek we umumy göwrümi 90 million kub metr bolan suw howdanyny, göwrümi 1,65 milliard kub metr bolan «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň ikinji nobatdakysyny, Garagum derýasynyň baş saka böleginde «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň täze suw ýatagyny (Zeýit) gurmak, Garagum derýasynyň suw geçirijiligini artdyrmak, Gökdepe, Gyzylarbat, Ruhubelent, Saýat, Baýramaly etraplarynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ekerançylyk ýerleriniň toplumlaýyn durkuny täzelemek işleri alnyp barlar. Mundan başga-da, Ak bugdaý etrabynda suw göteriji we elektrik beketleriniň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak meýilleşdirilýär. Oba hojalyk toplumynda pagta we ýüpek senagatyny, pile öndüriji leri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek hem-de piläni gaýtadan işlemek babatynda özgertmeleri geçirmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan goldaw bermek, şeýle-de öňdebaryjy tejribeleri, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler dowam etdiriler. Aşgabat şäherinde çörek we çörek önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalaryň ikisini gurmak meýilleşdirilýär. Maksatnamada ýurdumyzyň söwda toplumynda daşary ykdysady aragatnaşyklary ilerletmek, söwda-üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, haryt öndürijileri goldamak, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmek bellenildi. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç etrabyndaky, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Halaç etrabynyň Ajy obasyndaky haly önümhanalarynyň gurluşygyna maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2026-njy ýylda maýa goýumlar maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň, Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda iki gatly söwda dükanynyň, gök önümleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň, Ak bugdaý etrabynda 11 gektar meýdanda köpugurly dokma önümlerini öndürýän fabrigiň, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmat öýleriniň gurluşyklaryna, suw tygşytlaýjy usullar arkaly miweli we maňyzly baglary ösdürip ýetişdirmäge sarp ediler. Şu ýyl ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen, giň gerimli çäreler durmuşa geçiriler. Adam maýasynyň baýlaşmagy, jemgyýetiň has-da kämilleşmegi boýunça degişli işler alnyp barlar. Bilimiň elýeterliligini, ählumumylygyny üpjün etmek, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze dersleri, zähmet bazarlarynda isleg bildirilýän hünärleri girizmek, bilimi sanlylaşdyrmak, interaktiw we uzak aralykdan okatmak usullaryny ýaýratmak boýunça işler dowam etdiriler. Ýokary okuw işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň her biri 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumlary açylyp ulanmaga berler. Mundan başga-da, şu ýyl paýtagtymyzda Stomatologiýa, Halkara pediatriýa we Halkara onkologiýa ylmy kliniki merkezleri açylar. Maksatnamanyň çäklerinde «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy dowam etdiriler hem-de käbir binalaryň durky täzelener. Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak boýunça işler alnyp barlar. Sport ulgamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has işjeň wagyz etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek üçin stadionlary we sport desgalaryny netijeli peýdalanmak babatynda işler dowam etdiriler. 2026-njy ýylda medeniýet ulgamynda halkara medeni çäreleri, giň gerimli döredijilik bäsleşiklerini, sergileri, ylmy maslahatlary, folklor toparlarynyň çykyşlaryny, daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň konsertlerini, çagalar festiwallaryny, sirk artistleriniň çykyşlaryny taýýarlamaga we geçirmäge, täze sungat eserlerini döretmäge aýratyn üns berler. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berer. Bu Maksatnamada bellenilen wezipeler döwletimizi mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmekde, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýete uýgunlaşan özgertmeleri amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Seidnur JAPBAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy