DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDA

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDA

 Adamyň mynasyp ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady we wezipesi bolup durýar. Milli syýasatyň durmuş ugry BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» diýen esasy ýörelgesini amala aşyrmakda oňyn üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Bu ýörelge ilaty durmuş-ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik işiniň beýleki ulgamlaryna çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly tagallalaryň esasynda goýlandyr. 

Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmeginden bäri ýurdumyzda giň gerimli, möhüm çäreler amala aşyryldy. Durmuşa geçirilýän gysga, orta we uzak möhletli döwlet maksatnamalary ykdysady hem-de durmuş taýdan durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrýar. Telekeçiligi ösdürmek, häzirki hem-de geljek nesiller üçin innowasion we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak üçin amatly şertler döredilýär. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi milli durmuş syýasatynyň logiki dowamy bolmak bilen, ilatyň umumy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, hemmeleri gurşap alýan, adalatly, gowy hilli bilim üçin şertleri döretmäge, gender deň­ligini üpjün etmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrmagy we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Soň­ky ýyllaryň dowamynda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyna, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, medeniýet we ýaşaýyş jaý jemagaty hojalygy ulgamlaryna bölünip berilýär. Diýarymyzda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň netijelerini ýe­ňilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklaryny «ýaşyllaşdyrmak», tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynda adam hukuklaryny we gender deň­ligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Türkmenistanda 2019-njy ýyldan başlap, orta we uzak möhletli milli maksatnamalaryň 50-den gowragy işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi, olar ilatyň ýaşaýyş derejesini we durmuş goraglylygyny, adam maýasyny, sagdyn durmuş ýörelgesini we daşky gurşaw howpsuzlygyny, senagatlaşma durnuklylygyny, ykdysady ösüşi hem-de iş bilen meşgullygyň öndürijiligini, amatlyklarydyr innowasiýalary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylyşyny utgaşdyrýar we gözegçiligi üpjün edýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmak halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmezden mümkin däldir. Türkmenistan, beýleki ýurtlar ýaly, ähli derejede hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär we munuň özi ýurduň strategik resminamalarynda öz beýanyny tapýar. Raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ykdysadyýeti erkinleşdirmäge üns bermek bilen, durnukly ösüşi gazanmaga, düzümleýin özgertmelere, maýa goýum işjeň­ligine, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, pul-karz, býujet-salgyt we daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny döretmek ugrundaky tagallalar makroykdysady durnuklylygy berkitmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan ähli ýurtlar bilen deň­hukuklylyk, hoşniýetli goň­şuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklary ýola goýýar, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşe ýardam etmäge we ony yzygiderli ilerletmäge möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan ikitaraplaýyn derejede hem, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly iri halkara guramalaryň çäklerindede gatnaşyklary gi­ňeldýär. Häzirki wagtda hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe iri taslamalar amala aşyrylýar. Transkontinental taslamalar boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak babatynda işler alnyp barylýar. Bu taslamalara Durnukly ösüş maksatlaryny di­ňe bir milli däl, eýsem, sebitleýin derejede-de üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň çemeleşme, şeýle hem döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge hakyky goşandy hökmünde seredip bolar. Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini doly möçberde amala aşyrmak üçin maliýeleşdiriş ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem dürli çeşmelerden maliýe serişdelerini jemlemek talap edilýär. Türkmenistan maliýeleşdirmek boýunça hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny doly goldap, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin talap edilýän serişdeleri jemlemek hemde netijeli peýdalanmak üçin onuň çözgütleriniň tiz ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş edýär. Durnukly ykdysady ösüşi we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde salgyt-býujet syýasaty möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda döwlet maliýesini pugtalandyrmaga, býujet ulgamynyň de­ňeçerligine we durnuklylygyna, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bazar gatnaşyklaryna we senagatlaşma, innowasion ösüşe geçmäge, maýa goýum işjeň­ligini saklap galmaga, sanly tehnologiýalaryň ähli pudaklarda ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygy gi­ňeltmäge we ýurduň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen çäreler işjeň­leşdirilýär. Şol sanda iri halkara we milli taslamalaryň köp sanlysy durmuşa geçirildi, önümçilik we durmuş desgalarynyň ýüzlerçesi guruldy, bu bolsa milli maddy üpjünçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döredýär. Häzirki wagtda jemgyýetiň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan ýaşaýyş işiniň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrmak işlerini çaltlandyrýar, şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk ulgamynyň, sanly tele we radiogepleşikleriň, giň zolakly internetiň mümkinçilikleri gi­ňeldilýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan milli syýasatyň durmuş ugruny çuň­laşdyrmak we ýurduň de­ňagramly ösüşini üç ugurda, ýagny durmuş, ykdysady we daşky gurşawda «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesine laýyklykda üpjün etmekde giň çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň durnukly ösüş ugry «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýan edildi. 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlarydyr wezipeleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýär. Bu ileri tutulýan ugurlar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň ösüşiniň esasyny düzýän ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, durmuş goraglylygynyň gowulandyrylmagyna, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, daşky gurşawy goramak ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini mundan beýläk ýokarlandyrmak üçin ulgamlaýyn çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan strategik meýilleşdirmek boýunça işi ilerledýär, ol orta möhletli býujete geçmegi we maksatnamalaýyn býujet formatyny girizmegi göz öňünde tutýar. Maksatnamalaýyn býujete geçmek maliýe serişdeleri bilen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda milli ileri tutulýan ugurlaryň özara baglanyşygyny üpjün edýär. Önümçilik we durmuş amatlyklaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamalarynda maýa goýumlar, hususy çeşmeleriň hasabyna kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek babatynda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk syýasaty güýçlendirilýär. Ýokarda görkezilen çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeliligi maglumatlaryň hiline bagly bolmak bilen, geljekde milli strategik mümkinçilikleriň has-da gi­ňejekdigini, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň maglumatlar binýadynyň has-da kämilleşjekdigini ynamly aýtmak bolar. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzda strategik we maksatnamalaýyn tagallalar Durnukly ösüş maksatlaryna rowaçlyk berýär. Munuň şeýledigini golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem aýdyň görkezdi. Awaza forumy halkara hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar boýunça ilerletmekde netijeli pikir alyşmalar, täzeçil çözgütler üçin möhüm meýdança öwrüldi, köpugurly gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açdy. 

Laçyn WELIÝEWA, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň durnukly ösüş syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.