«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy


Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Internetiň güýçli ösüp başlamagy pullaryň düýp manysyna, onuň görnüşine we maksadyna täzeçe garamaga mejbur etdi. «Kompýuterden daşlaşman satyn almak» düşünjesi harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny uzak aralykdan tölemegiň ýönekeý we amatly usulyny talap etdi.

1994-nji ýyldan soňra elektron nagt pullaryň atasy diýip atlandyrylan Jid Çaum Digi Cash ulgamynyň çäklerinde ilkinji elektron pullary çykaryp başlady.

Elektron töleg ulgamlary Internet ulgamynda töleg amallaryny üpjün etmek üçin niýetlenendir. Şu pullaryň kömegi bilen domeniň ýa-da saýt üçin hostingiň, jemagat hyzmatlarynyň, ykjam aragatnaşygyň, kabel we hemra teleýaýlymynyň tölegini töläp, elektron dükanda satyn alnan harytlar, täjirçilik Web-saýtlary tarapyndan edilýän dürli tölegli hyzmatlar üçin töleg geçirip we beýleki birnäçe işleri ýerine ýetirip bolýar.

Elektron pullar – bu emitentiň elektron görnüşdäki pul borçnamalary bolup, olar elektron göterijide peýdalanyjynyň ygtyýarynda bolýar. Şular ýaly pul borçnamalar şu üç ölçege laýyk gelýär:

  • Elektron göterijide bellige alynýar we saklanýar;
  • Beýleki şahslardan emissiýa edilen pul gymmatyndan az bolmadyk möçberde pul serişdeleri alnan mahalynda emitent tarapyndan çykarylýar;
  • Beýleki guramalar (emitentden başga guramalar) tarapyndan töleg serişdesi hökmünde kabul edilýär.

Elektron pullar bilen amallar üçin, adatça, elektron gapjyklar peýdalanylýar. Serişdeleriň eýeleri tarapyndan elektron gapjyk özboluşly identifikator, şeýle hem serişdelere gözegçilik etmäge we tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ulgam bilen özara hereket etmegiň bir ýa-da birnäçe interfeýsi bolup durýar. Kähalatda elektron pullar bilen işlemek üçin peýdalanyjynyň kompýuterine ýörite programma üpjünçiligini goýmak talap edilýär, ýöne köplenç halatda özara hereket etmek Web ýa-da WAP (iňlisçe – Wireless Application Protocolmaglumatlary geçirmegiň simsiz protokoly) brauzerleri, SMS ýa-da hatda sesli interfeýsler ýaly standart serişdeleriň kömegi bilen bolup geçýär.

Elektron pullary nagt pul bilen deňeşdirmek dogry bolar, sebäbi nagt däl pullaryň dolanyşygy hökmany ýagdaýda şahsylaşdyrylýar we taraplaryň ikisiniň hem rekwizitleri belli bolýar. Elektron pullar bilen hasaplaşyklarda puly alyjynyň rekwizitini bilmek ýeterlikdir.

Nagt pullara garanyňda elektron pullaryň şu artykmaçlyklary bardyr:

  • Pullaryň çalt geçmegi (pul geçirmek birnäçe sekundy alýar);
  • Bölüniji bolýar – elektron pullaryň möçberi hiç bir kynçylyksyz ownuk bölekleriň islendik mukdaryna bölünip bilner;
  • Elektron pullaryň emissiýasynyň gymmaty örän pes – metal pullary (şaýy pul) ýasamak we kagyz pullary çap etmek, metaly, kagyzy we reňkleri we ş.m. peýdalanmak gerek bolmaýar;
  • Banklaryň komissiýasyna (hyzmat hakyna) deňeçer bolan köp bolmadyk komissiýa;
  • Anonimlik (ähli töleg ulgamlarynda hereket etmeýär);
  • Howpsuzlyk – ogurlanmadan, galp ýasalmadan, nominalyň üýtgedilmeginden we ş.m. goralýar, kriptografik we elektron serişdeler bilen üpjün edilýär.

Häzirki zaman ykdysadyýetinde elektron pullaryň iki esasy, ýagny smart kartlaryň (iňlisçe card-based) we torlaryň (iňlisçe network-based) binýadyndaky elektron pullary görkezip bolar. Birinji topar hem, ikinji topar hem onda amallary peýdalanyjyny kybaplaşdyrmazdan (identifikasiýa etmezden) geçirmäge rugsat edilýän anonim (şahsylaşdyrylmadyk) we peýdalanyjyny hökmany ýagdaýda kybaplaşdyrmagy talap edýän anonim däl (şahsylaşdyrylan) ulgamlara bölünýär.

Smart kartlaryň binýadyndaky pullar. Smart kartlaryň binýadyndaky elektron pullaryň toparynyň içine mikroprosessorlary bolan plastik kartlar girýär, olaryň mikroproseslerine emitente öňünden tölenen pul gymmatynyň ekwiwalenti ýazylýar, şunda bank ýa-da bank däl gurama emitent bolup biler.

Plastik kartlar – bu harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmaga, şeýle hem eliňe nagt pullary almaga mümkinçilik berýän töleg guralydyr. Plastik kartlaryň arasynda debet kartlary (kartyň saklaýjysy öňünden kartyň hasabyna pul serişdeleriniň belli bir möçberini geçirýär we hasaplaşyklary alyp barýar ýa-da geçirilen möçberiň çäklerinde puly saklaýar) we karz kartlary (kartyň saklaýjysy kartdaky çäklendirilen pul möçberiniň çäklerinde amallary geçirýär, şunda ol bu pul möçberiniň öwezini şertnamada kesgitlenen möhletde kartyň emitentine dolmaga borçludyr) tapawutlandyrýarlar.

Bank guramalary tarapyndan emissiýa edilen kartlaryň binýadyndaky elektron pullaryň has belli bolan mysaly Mondex kartlary bolup durýar. Ýörite elektron gapjygyň kömegi bilen kartdaky galyndyny barlap bolýar we puluň gymmatyny beýleki karta geçirip bolýar. Ýene bir giň ýaýran ulgam VisaCash ulgamydyr. Köp ýurtlarda smart kartlaryň binýadyndaky elektron pullaryň öz ulgamlary bolýar.

Häzirki wagtda bank däl guramalar tarapyndan çykarylan we töleg amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän smart kartlar ýeterlik derejede giňden ýaýrandyr. Olar telefon, ulag, saglygy goraýyş we beýleki kartlardyr. Emma olaryň köpüsi bir maksatly, ýagny diňe bir kompaniýanyň peýdasyna hyzmatlaryň (harytlaryň) tölegini geçirmäge mümkinçilik berýän kartlar bolup durýar. Mysal üçin, dükanlarda beýleki kompaniýalaryň harytlary we hyzmatlary üçin telefon kartoçkasy (Ýaponiýanyň käbir telefon kompaniýalarynyň edişi ýaly) ýa-da şäher ulaglary kartoçkasy (Nýu-Ýorkda edilişi ýaly) bilen hasaplaşyk geçirmek mümkinçiligi peýda bolan mahalynda şu töleg guraly elektron pullaryň derejesine geçýär.

Torlaryň binýadyndaky pullar. Köp ýurtlarda açyk açarly we görünmeýän golly şifrlemegiň kriptografik algoritmleriniň ösmegi bilen hakykatdan amala aşyrylýan ulgama öwrülen torlaryň binýadyndaky elektron pullar ulgamy (J.Çoum tarapyndan işlenip taýýarlanan ulgam) üstünlikli ösdürilýär. Tor ulgamlarynyň has belli bolan ulgamlarynyň arasynda CyberCash, DigiCash, FirstVirtual ulgamlaryny, şeýle hem Russiýanyň PayCash we WebMoney ulgamlaryny belläp bolar.

Tor pullary bilen tölegleri geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiligini oturtmak zerurdyr, ol, adatça, mugt bolýar. Tor pullary, düzgün bolşy ýaly, Internet-dükanlarda, wirtual kazinolarda we biržalarda tölegleri geçirmek üçin, şeýle hem internetiň üstünden sargyt edilen harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny tölemek üçin peýdalanylýar. Elektron pullara diňe köp maksatly kartlaryň (diňe bir kartlaryň emitentleriniň däl, eýsem, beýleki firmalaryň peýdasyna tölegler üçin peýdalanylýan kartlaryň) degişlidigini belläp geçmek gerek.

Fiat elektron pullar. Fiat elektron pullaryny we fiat däl elektron pullaryny hem tapawutlandyrmak gerek. Fiat elektron pullary hökmany ýagdaýda döwlet pullarynyň birinde görkezilýär we döwletleriň biriniň töleg ulgamynyň pul birlikleriniň görnüşi bolup durýar. Döwlet kanunlar arkaly raýatlaryň ählisini fiat pullary tölege kabul etmäge borçly edýär. Degişlilikde, fiat elektron pullaryň emissiýasy, dolanyşygy we üzülmegi milli kanunçylygyň, merkezi banklaryň we beýleki düzgünleşdirijileriň kadalary boýunça bolup geçýär. Fiat däl elektron pullar döwletiňki däl töleg ulgamlarynyň gymmatynyň elektron birlikleri bolup durýar. Degişlilikde, fiat däl elektron pullaryň emissiýasy, dolanyşygy we üzülmegi (fiat pullara çalşylmagy) döwletiňki däl töleg ulgamlarynyň kadalary boýunça bolup geçýär. Şular ýaly töleg ulgamlaryna döwlet edaralary tarapyndan gözegçilik etmegiň we düzgünleşdirmegiň derejesi dürli ýurtlarda güýçli tapawutlanýar. Köplenç halatda döwletiňki däl töleg ulgamlary özleriniň fiat däl elektron pullarynyň hümmetini dünýä pullarynyň hümmetine baglaýarlar, emma döwletler şular ýaly gymmat birlikleriniň ygtybarlylygyny we hakyky gymmatyny hiç hili üpjün etmeýär. Fiat däl elektron pullar karz pullaryň bir görnüşi bolup durýar.

Smart kartlaryň binýadyndaky fiat elektron pullara şulary degişli edip bolar:

  • öňünden tölenen Visa Cash bank kartlary, möçberi köp bolmadyk (adatça, 500 dollardan köp däl) amallary geçirmek üçin niýetlenýär;
  • ulanylýan çygry çäklendirilen gatnaşyksyz Ostopus (Gonkong) kartlary;
  • Gollandiýanyň banklary tarapyndan çykarylýan ähli bank kartlaryny birleşdirýän Chitpnip elektron pullar ulgamy.

Torlaryň binýadyndaky fiat elektron pullaryna şulary degişli edip bolar:

  • M-Resa töleg ulgamy, ol Afrika ýurtlarynda bank infrastrukturasynyň ýokdugy sebäpli şol ýurtlarda (Keniýa, Tanzaniýa, GAR) ýokary derejede meşhurlykdan peýdalanýar;
  • PayPal halkara töleg ulgamy, ýöne şu töleg ulgamynyň hukuk ýagdaýy dürli döwletlerde birmeňzeş däldir.

Fiat däl elektron pullar - döwletiňki däl töleg ulgamlarynyň gymmatynyň birliklerinde görkezilýär. Şu pullaryň emissiýasy, dolanyşygy we üzülmegi töleg ulgamynyň içerki kadalary boýunça bolup geçýär. Fiat däl töleg ulgamlarynyň töleg birlikleri köplenç ýagdaýda milli ýa-da daşary ýurt töleg birligine ekwiwalent bolýar, emma olaryň hakyky gymmaty we ygtybarlylygy döwlet tarapyndan üpjün edilmeýär.

Fiat däl elektron pullar WebMoney, QIWI, «Ýandeks.Dengi» ýaly dürli görnüşdäki töleg ulgamlarynyň giň ulgamynda we «Kriptapul» töleg ulgamlarynda (Bitcoin, Litecoin we ş.m.) hereket edýärler. QIWI, «Ýandeks.Dengi» töleg ulgamlaryndaky töleg birlikleri milli pul ýaly rubl diýlip atlandyrylýar. WebMoney töleg ulgamyndaky töleg birlikleri WMR, WME, WMZ ýaly birnäçe «titul nyşanlary» arkaly görkezilýär, degişlilikde, rus rubly, ýewro we amerikan dollary olaryň ekwiwalentleri bolup durýar. Mundan başga-da, şu ulgamda altynyň gramlaryny (WMG) ýa-da töleg ulgamyna beýleki gatnaşyjylaryň bergi borçnamalaryny (WMD) görkezýän titul nyşanlary hem bar.

Fiat däl elektron pullaryň beýleki mysaly kriptopul bolup durýar – bu elektron pullaryň bir görnüşi bolup, olaryň emissiýasy (köplenç halatda pul birlikleriniň içerki gymmatyny kesgitleýän ep-esli möçberdäki hasaplamalary geçirmek üçin harajatlar bilen baglydyr) we hasaba alnyşy kriptografiýa usullaryna esaslanýar, töleg ulgamynyň özüni maliýeleşdirmek bolsa paýlanan kompýuter ulgamynda merkezden aýrylan görnüşde bolup geçýär. Şeýle ulgamlarda töleg birlikleri haýsydyr bir elektron şaýlar görnüşinde bolýar, olaryň hümmeti aglaba ýagdaýlarda isleg bilen teklibiň deňagramlylygynyň esasynda emele getirilýär. Bitcoin, Litecoin kriptopul töleg ulgamlarynyň mysallary bolmak bilen, olarda haýsydyr bir adybir şaýlar pul birlikleri bolup hyzmat edýärler.

Maliýe bazarynda emissiýasy we paýlanyşy häkimiýet edaralarynyň we ol ýa-da beýleki döwletiň ykdysadyýetiniň umumy talaplary bilen şertlendirilmedik pullaryň düýpden täze görnüşleriniň emele gelmegi bolup geçýär. Ol ýa-da beýleki ugurlarda fiat däl elektron pullaryň peýdalanylmagy nagt we nagt däl tölegleriň nusgawy görnüşleriniň ýetmezçiligini ýapmaga ukyplydyr. Meselem, fiat däl elektron pullaryň peýdalanylmagy peýdalanyjylara olaryň pul möçberini töleg ulgamynyň iň pes komissiýasy bilen çäklendirmezden köp sanly mikro tranzaksiýalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Elektron pullary anonim we şahsylaşdyrylan pullar hökmünde hem topara bölüp bolar.

Özüniň tebigaty boýunça elektron pullar şahsylaşdyrylan nagt däl pullara garanyňda anonim nagt pullara golaýdyr. Anonimligiň bolmagy ýa-da bolmazlygy belli bir töleg ulgamynda elektron pullaryň dolanyşyk kadalary we mehanizmleri arkaly üpjün edilýär.

Döwlet düzgünleşdirijileriniň köpüsi, şeýle hem döwlet we döwlet däl ulgamlar dürli usullar bilen elektron pullary peýdalanyjylaryň we şol pullar bilen geçirilýän amallaryň şahsylaşdyrylmagyny höweslendirmäge çalyşýarlar. Mysal üçin, torlaryň binýadyndaky elektron pullar üçin töleg ulgamlary anonim peýdalanyjy üçin elektron gapjygyň möçberini çäklendirýärler, ulgamyň şahsylaşdyrylan peýdalanyjylary üçin bolsa bu çägi ýokarlandyrýarlar. Kartlaryň binýadyndaky elektron pullar üçin gapjykdaky pul möçberiniň aňrybaş derejesini çäklendirýärler we onuň üstüni dolmagyň şahsylaşdyrylan mehanizmlerini girizýärler.

Elektron pullaryň hereket etmegi täze elektron töleg ulgamlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, olar dürli sarp edijileriň we söwda nokatlarynyň arasynda elektron gymmatyň geçirilmegini mümkin edýär. Şu ulgamlaryň emissiýasynyň modelleriniň we elektron pullaryň dolanyşygynyň köp dürlüligi netijesinde olaryň hereket ediş ýörelgeleriniň biri-birinden ep-esli derejede tapawutlanýandygy ýatdan çykarylmaly däldir. Şeýlelikde, elektron pullar ulgamyny toparlara bölmegiň möhüm aýratynlygy gymmatyň dolanyşyk derejesi bolup durýar.

Gymmatyň dolanyşyk derejesine baglylykda elektron pullaryň ulgamlaryny şulara bölüp bolar:

  • ýapyk hereket edýän ulgamlar;
  • açyk hereket edýän ulgamlar (açyk dolanyşyk ulgamlary).

Ýapyk hereket edýän ulgamlar. Häzirki wagtda elektron pullaryň agdyklyk edýän möçberi ýapyk hereket edýän ulgamlaryň çäklerinde çykarylýar. Ýapyk hereket edýän ulgam – bu agentleriň arasynda şol bir gymmatyň köp gezek geçirilmegine ýol bermeýän ulgamdyr.

Şu ulgama esasy gatnaşyjylar töleýji (A agent), alyjy (B agent) emitent (bank ýa-da ýöriteleşdirilen karz instituty) bolup durýar.

Ýapyk hereket edýän ulgamda elektron pullar emitent tarapyndan elektron pullar bilen töleýjiniň – A agentiň (1-nji akym) peýdasyna, diňe onuň elektron pullary alyja – B agente anyk tölegi geçirmegi üçin çykarylýar. Pullar A töleýjiden B alyja birinji gezek geçirilenden soň (2-nji akym) B alyjy elektron pullary hökmany ýagdaýda emitente gaýtarmaga borçludyr (3-nji akym). Diňe elektron pullar emitente gaýtarylandan we alyjynyň hasaby ýa depozit ýa-da nagt pullar bilen karzlaşdyrylandan soň (4-nji akym) B agent gutarnykly hasaplaşygy alýar.

Şeýlelikde, her bir täze töleg geçirilen mahalynda täze elektron pullar çykarylýar. A agentiň peýdasyna elektron pullaryň emissiýasy we B agent tarapyndan olaryň emitente gaýtarylmagynyň netijesinde elektron pullaryň ýok edilmegi ýapyk hereket edýän ulgamda A-B tölegini kesgitleýär. Her bir töleg elektron pullaryň A,B agentleriň we emitentiň gatnaşmagynda amala aşyrylýan üç akymyndan durýar. Bu akymlar her bir tölegiň «üç taraplaýyn» gurluşyny düzýär we şeýle etmek bilen ýapyk hereket edýän ulgamy emele getirýär.

Ýapyk hereket edýän ulgamda çykarylan elektron pullaryň şu häsiýetnamalaryny görkezip bolar:

  • Diňe anyk tölegi amala aşyrmak üçin çykarylýar;
  • Diňe töleg wagtynyň çäklerinde dowam edýär;
  • «Üç taraplaýyn gurluşy» talap edýär: her bir töleg üç agentiň (töleýjiniň, alyjynyň we emitentiň) arasyndaky gatnaşyk bolup durýar;
  • Agentleriň arasynda dolanyşykda bolup (erkin hereket edip) bilmeýärler;
  • Birmeňzeş däldir: her emitent dürli görnüşdäki elektron pullary çykarýar.

Şeýlelikde, ýapyk hereket edýän ulgamda çykarylan elektron pullar onuň kömegi bilen gutarnykly hasaplaşyk amala aşyrylýan töleg serişdesi däl-de, eýsem soňundan hasaplaşylmagy göz öňünde tutýan alyş-çalyş serişdesi bolup durýar. Ýapyk hereket edýän ulgamlar tranzaksiýalary geçirmegiň anonimliginiň we howpsuzlygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

Açyk hereket edýän ulgamlar. Häzirki wagtda açyk hereket edýän ulgamlaryň çäklerinde çykarylýan elektron pullaryň möçberi örän çäkli bolup galýar. Şeýle-de bolsa, ýapyk hereket edýän ulgamlar bilen deňeşdirilende açyk hereket edýän ulgamlar uniwersallygyň we çeýeligiň has ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Açyk hereket edýän ulgam – bu onda şol bir gymmatyň agentleriň arasynda erkin ýagdaýda ondan-oňa geçip bilýän ulgamydyr, ýagny gymmatyň köp gezeklik we köptaraplaýyn geçirilmegine ýol berilýär.

Bu töleg ulgamyna esasy gatnaşyjylar şular bolup durýar: birinji töleýji (A agent); soňky alyjylar–töleýjiler (B, Ç agentler we beýlekiler); iň soňky alyjy (Z agent); emitent bank (1-nji bank); emitentiň agent banky (2-nji bank).

Açyk hereket edýän ulgamda emissiýa edilen elektron pullar agentleriň arasynda geçirilip we yzygiderli töleglerde peýdalanylyp bilner. Şunda tölegler (eger bank ýa-da beýleki karz institutlary köp taraplaýyn ylalaşyk baglaşýan bolsalar) emitentiň agent banklarynyň üstünden geçirilip bilner. Biziň ýagdaýymyzda dürli banklar tarapyndan çykarylan elektron pullar tehniki taýdan birmeňzeş däldir. Şol sebäbe görä-de, elektron pullaryň döredilendigi we ýok edilendigi baradaky maglumat binýady hökmany ýagdaýda emitent bankda ýerleşdirilmelidir. Beýleki banklarda maglumat binýadyndan alynýan, alnan elektron pullaryň hakykylygyny tassyklamak üçin zerur bolan tehniki maglumatlar bolmaýar. Bu ýagdaýyň möhüm netijesi bardyr: elektron pullary alýan bank olary diňe emission banka bermek bilen tassyklap biler. Şol sebäbe görä hem elektron pullary soňky alan tarap elektron pullary bank depozitlerine öwürmek üçin agent banka ýüzlenýär, agent bank bilen elektron pullaryň emitentiniň arasyndaky bank kliringi elektron pullaryň tehniki kliringiniň geçirilmegini talap eder, ol emitent bankyň özi tarapyndan hem, onda maglumat binýadynyň ýerleşdirilen şertinde beýleki maliýe instituty tarapyndan hem amala aşyrylyp bilner.

Biziň mysalymyzda deslapdan geçirilen pul gymmatynyň esasynda elektron pullar A agentiň peýdasyna (1-nji akym) çykarylýar. Soňra A, B, Ç agentleriň arasynda Z agente çenli birnäçe yzygiderli tölegler bolup geçýär (2-nji akym). Tölegleriň ugrunyň üýtgäp biljekdigini, aýratyn hem elektron pullary töleýjileriň-alyjylaryyň söwda nokady däl-de sarp edijiler bolup durýan halatynda ugruň üýtgäp biljekdigini belläp geçmek gerek. Z agent (elektron pullary iň soňky alyjy) elektron pullary emitent banka ýerleşdirýär (3-nji akym). Tehniki kliring (emitent bank tarapyndan amala aşyrylýan elektron pullary tassyklamak we ýok etmek – 4, 5-nji akymlar) emitent bank (1-nji bank) bilen agent bankyň (2-nji bank) arasynda Merkezi bankyň gatnaşmagynda bank karzyny amala aşyrmagy mümkin edýär (6-njy akym). Töleg amaly Z agentiň hasabyny karzlaşdyrmak bilen tamamlanýar (7-nji akym).

Açyk hereket edýän ulgamda çykarylan elektron pullaryň şu häsiýetnamalaryny görkezip bolar:

  • Agentleriň arasynda birnäçe yzygiderli tölegleri amala aşyrmak üçin çykarylýar;
  • Töleg amala aşyrylanda «üç taraplaýyn» gurluşy talap etmeýär;
  • Elektron pullar, olaryň emitente gaýtarylýan wagtyna çenli, tölegleriň bütin yzygiderliliginiň çäklerinde dowam edýär;
  • Elektron pullar agentleriň arasynda dolanyşykda bolup bilerler;
  • Elektron pullar birmeňzeş bolup durmaýar.

Açyk hereket edýän ulgamlar bilen bagly ýagdaýda elektron pullaryň özleriniň ozalky häsiýetnamalarynyň diňe birini saklap galýandyklaryny görüp bolýar: dürli emitentler tarapyndan çykarylýan elektron pullar birmeňzeş bolup durmaýarlar. Bu häsiýetnama nagt pullar bilen açyk hereket edýän ulgamda çykarylan elektron pullaryň arasyndaky esasy tapawudy görkezýär. Elektron pullar bilen bagly ýagdaýda birmeňzeşlik olaryň diňe bir emitent, mysal üçin Merkezi bank tarapyndan çykarylan ýagdaýynda gazanylyp bilner. Şeýlelikde, açyk hereket edýän ulgamda çykarylan elektron pullar olaryň kömegi bilen gutarnykly hasaplaşyklar geçirilýän täze töleg serişdesi bolup durýar we olara puluň täze görnüşi hökmünde seredilip bilner.


Babaýew G. we başg. Halkara töleg ulgamlary. 

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.