MALIÝE ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK

MALIÝE ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK

Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan ýurt abadançylygy, jemgyýetiň agzybirligi we ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýänligi bilen maýa goýumlar üçin özüne çekiji ýurt hökmünde dünýäde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça döwrebaplaşdyrmaga, onuň pudaklaýyn düzümini yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagat­ innowasion häsiýetli, döwrebap maglumat ­kommunikasiýa ulgamly ösüşe geçmäge gönükdirilen özgertmeler ýola goýlup, sebit we dünýä ähmiýetli maýa goýum taslamalary öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurdaky işler mynasyp dowam etdirilýär.

 Bu gün Türk­me­nis­tan er­kin söw­da bo­ýun­ça hal­ka­ra şert­na­ma­la­ra gat­naşýan ýurt hök­mün­de dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri, iri bank eda­ra­la­ry, ab­raý­ly ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry, şol san­da BMG­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Ýur­du­my­zyň Söwda we daşa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­mek ug­run­da yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan eda­ra bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dysa­dy iş ban­ky hal­ka­ra ma­ýa ba­za­ryn­da ýur­du­my­zyň res­mi we­ki­li bo­lup çy­kyş ed­ýär. Diýarymyz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän işe­wür­lik ge­ňeş­le­ri­niň mej­lis­le­ri, ma­ýa go­ýum mas­la­hat­la­ry, hal­ka­ra ser­gi­ler­dir ýar­mar­ka­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze daşa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek we tä­ze işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly ösdür­mek we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan se­na­ga­ty ke­ma­la ge­tir­mek bi­len bag­ly öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­lar bi­len hyz­matdaş­ly­gyň çäk­le­rin­de ösen döw­let­le­riň tej­ri­be­si­niň öw­re­nil­me­gi we iki­ta­rapla­ýyn söw­da ­yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň yk­dysa­dy­ýe­ti­mi­ze or­naş­dy­ryl­ma­gy köp­ugur­ly ösüş üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mu­nuň özi tä­ze­çil önüm­çi­lik­le­riň, hu­susan­da, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň düý­bü­ni tut­ma­ga, eks­por­tyň möç­be­ri­ni we ugur­la­ry­ny art­dyr­ma­ga, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ýur­du­myz­da ön­dür­mä­ge, mil­li ha­ryt­la­ryň dün­ýä bazar­la­ry­na çy­ka­ry­ly­şy­ny di­wer­si­fi­ka­siýa­laş­dyr­ma­ga, Türkmenis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki or­nu­ny has­da pug­ta­lan­dyrma­ga ýar­dam ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da bir­nä­çe döw­let­de Türk­me­nis­ta­nyň söwda we­kil­ha­na­la­ry açy­lyp, söw­da­-at­ta­şe we­zi­pe­si gi­ri­zil­di. Şeý­le çä­re­ler ýur­dumy­zyň da­şa­ry stra­te­gi­ýa­syn­da söw­da yk­dy­sa­dy ug­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum şert­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän maksat­na­ma­la­ry we iri tas­la­ma­la­ry karz­laş­dyrma­ga iş­jeň gat­naş­ýan köp san­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Bu ugur­da Hal­ka­ra pul gaz­na­sy we Bü­tin­dünýä ban­ky bilen ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Dün­ýä bank­la­ry yk­dy­sa­dy ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek­de, yk­dy­sa­dy­ýe­te ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek­de, hal­ka­ra söw­da­ny ös­dür­mek­de hem­de döw­let­le­riň dur­nukly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Bü­tin­dün­ýä ban­ky dün­ýä­niň iň iri ösüş ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri bolup, onuň esa­sy mak­sa­dy ga­ryp­ly­gy azalt­makdan, dur­muş de­re­je­si­ni ýo­karlan­dyr­makdan we dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr. Türk­menis­tan 1992­nji ýyl­dan bä­ri Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, energe­ti­ka, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, döw­let do­lan­dy­ry­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy pu­da­gy ös­dür­mek we Bü­tin­dün­ýä Söwda Gurama­sy­na go­şu­lyş­mak bo­ýun­ça masla­hat be­riş hem­de teh­ni­ki gol­daw ugurla­ryn­da ös­dü­ril­ýär. Hal­ka­ra pul gaz­na­sy hal­ka­ra wal­ýu­ta ul­ga­my­nyň­ dur­nuk­ly­ly­gy­ny­ üp­jün­ ed­ýär.­ Bu­gu­ra­ma ­Türk­me­nis­tan ­bi­len ­mak­ro ykdy­sa­dy ­sy­ýa­sat,­pul­ karz ­sy­ýa­sa­ty,­ma­li­ýe dur­nuk­ly­ly­gy ­we­ sta­tis­ti­ka ­ul­ga­my­ny ­kämil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk edýär. Hal­ka­ra pul gaz­na­sy ýur­duň yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­na ­yzy­gi­der­li ­sel­jer­me ­ber­ýär­ we yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­mek bo­ýun­ça ­mas­la­hat­la­ry ­hö­dür­le­ýär. Ab­raý­ly ­hal­ka­ra ­dü­züm­le­ri­niň ­ýe­ne ­bi­ri bo­lan ­Azi­ýa ­ösüş­ ban­ky ­bi­len ­hyz­mat­daşlyk ­ulag,­ener­ge­ti­ka,­se­bi­ta­ra ­bag­la­ny­şyk,­ suw üp­jün­çi­li­gi we san­ly ykdysady­ýet ýa­ly ugur­lar­da ös­dü­ril­ýär. Şeý­le hem Azi­ýa ösüş ban­ky Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň öza­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len ­tas­la­ma­la­ry ­iş­jeň ­gol­da­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň­ yk­dy­sa­dy ­hyz­mat­daşlyk alyp bar­ýan mö­hüm ma­li­ýe ins­ti­tutla­ry­nyň bi­ri hem Yslam ösüş ban­ky­dyr. Türk­menistan Ys­lam ösüş ban­ky bi­len inf­rast­ruk­tu­ra, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, oba ho­ja­ly­gy ­we ­hu­su­sy ­pu­da­gy ­ös­dür­mek ­boýun­ça hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu hyz­mat­daşlyk ­mil­li ­yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ­dur­nuk­ly ­ösü­şi­ne go­şant­ goş­ýar. «Ga­raş­syz, ­ba­ky ­Bi­ta­rap­ Türk­menistan­ —­ be­dew bat­ly at­my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hynda tä­ze sa­hy­pa açyl­dy. 28­-nji iýul­da hormat­ly Prezidentimiziň bu gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­sy bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­dan soň, Türkmenis­tan bi­len Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş ­we ­ösüş­ ban­ky­nyň­ ara­syn­da ­birnä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da 2027­—­ 2032­nji ýyl­lar üçin Türk­menistanyň Mer­ke­zi ban­ky bi­len Ýew­ro­pa­nyň ­tä­z­ele­niş ­we ­ösüş ­ban­ky­nyň ara­syn­da ÝTÖB­-niň Türk­me­nis­tan­da­ky işi­niň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy stra­te­gik ugurlary ba­ra­da ­öza­ra ­dü­şü­niş­mek ­ha­kyn­da ­Äht­nama hem­de eks­por­ty gol­da­mak, daş­ky gurşaw, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka, suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ulag ge­çel­ge­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak we Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ösdür­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek, «ýa­şyl­-şä­her­ler»­bi­len ­bag­ly ­bir­nä­çe­ resmi­na­ma­lar ­bar. Yk­dy­sa­dy äh­lu­mu­my­laş­ma ýur­du­myzyň öňün­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne has iş­jeň ­ara­laş­mak­ ba­ba­tyn­da ­tä­ze ­anyk ­wezi­pe­le­ri goý­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry söw­da­da­ky or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, bü­tin­dün­ýä ­söw­da ­gu­ra­ma­sy­ bi­len ­ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi, umu­man, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gyn­da ösüş depgi­ni­niň ýo­kar­lan­ma­gy mil­li mak­sat­nama­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len gö­nü­den ­gö­ni bag­ly­dyr. Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ul­gam­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýurdumy­zyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­laryn­da­ky or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne hem­de mil­li eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň we daşa­ry ­ýurt ­ma­ýa­go­ýum­la­ry­nyň­ çe­ki­li­şi­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, türk­men ha­ryt­la­ry­nyň we ­hyz­mat­la­ry­nyň­ dün­ýä ­ba­zar­la­ry­na­has giň ­we ­ne­ti­je­li ­çy­ka­ryl­ma­gy­na,­hal­ka­ra ­we se­bit­ yk­dy­sa­dy ­hem -de ­ma­li­ýe ­gu­ra­ma­lary­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň do­ly gör­nüş­de peý­da­la­nyl­ma­gy­na, dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy we­ ma­li­ýe ­bi­le­le­şik­le­ri­niň ­öňün­de ­ýur­dumy­zyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

Dünýägözel TÄÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň jogapkär kätibi.