MILLI YKDYSADYÝETIŇ MALIÝE DURNUKLYLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ USULLARY

MILLI YKDYSADYÝETIŇ MALIÝE DURNUKLYLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ USULLARY 

Begmyrat ALLAKBAÝEW, Türk­me­nis­ta­ny­ň Ma­li­ý­e we ­yk­dy­sa­dy­ýet ­mi­nist­ri­niň ­orun­ba­sa­ry

Dünýägözel TÄÇMYRADOWA, Türk­me­nis­ta­nyň ­Ma­li­ýe ­we ­yk­dy­sa­dy­ýet ­mi­nistr­li­gi­niň­ «Ma­li­ýe ­we ­yk­dy­sa­dy­ýet» ­yl­my-ama­ly ­žur­na­ly­nyň­ jo­gap­kär ­kä­ti­bi 

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, uzakmöhletleýin ösüşini üpjün etmekde maliýe durnuklylygy esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Maliýe ulgamlarynyň durnuklylygy diňe bir döwlet býujetine degişli mesele bolman, eýsem ähli ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän giň gerimli institutlaýyn mehanizmdir. Ykdysadyýetiň düzüm bölekleriniň sazlaşykly hereket etmegini islendik ýurtda hem belli bir tertipde emele getirilen pul dolanyşygy, ýagny döwlet bilen kärhanalaryň, döwlet bilen raýatlaryň, kärhanalar bilen raýatlaryň arasynda emele gelýän pul gatnaşyklary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Pul dolanyşygynyň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek döwletiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Dürli maliýe gurallaryny işjeň peýdalanmak arkaly döwlet pul dolanyşygynyň has kämil ýagdaýyny kemala getirmek wezipesini köp derejede öz üstüne alýar. Türkmenistanyň gazna bazarynyň taryhy Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan gözbaş alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylan düýpli özgertmeler döwrebap bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we giňden ornaşdyrylmagyna, sagdyn bäsdeşlik esasynda hereket edýän döwrebap bazar giňişliginiň kemala gelmegine giň ýol açdy. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde gazna bazarynyň we gazna biržasynyň düýbüniň tutulandygyny görkezmek bolar. Olar milli ykdysadyýetiň maliýe durnuklylygyny üpjün edýän strategik institutlar hökmünde kemala geldi. Gazna bazarynyň ösmegine ýakyndan täsir edýän ýagdaýlar diňe bir ykdysady özgertmeler bilen çäklenmeýär, eýsem onuň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanda gazna bazarynyň ýagdaýy we ösüş ýoly seljerilende, gymmatly kagyzlar baradaky döwlet kanunçylygyna aýratyn üns bermek zerur. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň oňyn halkara tejribe esasynda ählumumy kabul edilen ülňülere we talaplara laýyklykda guralmagyny üpjün edýär hem-de öz nobatynda, diňe döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegi bilen çäklenmän, eýsem hususy taraplaryň paýnamalaryny dolanyşyga çekmäge ýardam berýär. Gazna bazary ykdysadyýetiň maliýe serişdelerini netijeli paýlamak, maýa goýumlary çekmek we telekeçilik işjeňligini ösdürmek üçin niýetlenen möhüm ykdysady ulgamdyr. Bu bazarda esasy maliýe gurallary hökmünde paýnamalar, obligasiýalar, döwlet gymmatly kagyzlary we beýleki maliýe resminamalary çykyş edýärler. Gazna biržasy öz nobatynda şol gymmatly kagyzlaryň açyk, bäsdeşlikli we kadalaşdyrylan esasda dolanyşygyny amala aşyrýan guramaçylyk merkezidir. Gazna bazary häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň sazlaşykly ösdürilýän, telekeçilik işiniň hil taýdan kämilleşdirilýän döwründe wajyp gurallaryň biri hökmünde öňe çykdy. Gymmatly kagyzlaryň kömegi bilen şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy obýektlere, enjamlara we tehnologiýalara öwrülýär. Ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny has-da berkitmekde, öndüriji güýçleri yzygiderli ösdürmekde, önümçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, maliýe serişdelerine bolan zerurlygy has dogry kanagatlandyrmakda, maliýe serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly ýagdaýyny gazanmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde beýleki ykdysady gurallar bilen bir hatarda, gymmatly kagyzlar bazaryna uly orun degişlidir. Has irki döwürde meýilnamalaşdyrylan ykdysady ulgam şertlerinde «gymmatly kagyzlar bazary» diýen düşünje iş ýüzünde bolmandy. 1991-nji ýylda ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek, hususy eýeçiligi ösdürmek we döwrebap maliýe institutlaryny döretmek boýunça giň gerimli iş yzygiderli esasda alnyp baryldy. Döwlet emläklerini hususylaşdyrmak syýasaty netijesinde paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi gazna bazarynyň ilkinji ykdysady şertlerini emele getirdi. Türkmenistanyň gazna bazarynyň hukuk binýadynyň kemala gelmeginde 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Kanun ilkinji gezek gymmatly kagyzlaryň çykarylyşyny, ýerleşdirilişini, dolanyşygyny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişini kesgitledi. Kanunda gymmatly kagyzlaryň görnüşleri, olary çykaryjylaryň we maýa goýujylaryň hukuklary, brokerleriň, dilerleriň hem-de bazara beýleki gatnaşyjylaryň ygtyýarlyklary birin-birin teswirlenýär. Gymmatly kagyzlar bazarynda şu gymmatly kagyzlaryň emissiýasy (dolanyşyga goýberilmegi) we dolanyşygy bilen bagly gatnaşyklar ýüze çykýar: 1) paýnamalar; 2) obligasiýalar; 3) geçirilýän wekseller; 4) geçirilýän bank depozit sertifikatlary; 5) gymmatly kagyzlar bazarynda aýlanýan, gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň kadaly hereket etmeginde kanunalaýyklyk, açyklyk, maýa goýujylaryň hukuklarynyň goralmagy, bäsdeşlik hem-de döwlet gözegçiligi ýaly binýatlaýyn ýörelgeler öňe sürülýär. Şeýle hem gymmatly kagyzlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, olaryň dolanyşyga goýberilmegi we maglumatlaryň açyklygy boýunça talaplar kesgitlenilýär. Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi aşakda görkezilen şertler esasynda amala aşyrylýar: 1) gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylaryň işine hökmany talaplaryň bellenilmegi; 2) gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň (goşmaça emissiýalarynyň) döwlet tarapyndan bellige alynmagy, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan borçnamalaryň emitentler tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik edilmegi; 3) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy; 4) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň hünärmenleriniň hünär synagyndan geçirilmegi; 5) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň hukuklaryny goramagyň we olaryň hukuklarynyň emitentler hem-de gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik ulgamynyň döredilmegi; 6) gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işi amala aşyrylan mahalynda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň garşysyna hereket edilmegi; 7) gymmatly kagyzlar bazarynda işi degişli ygtyýarnamasy bolmazdan amala aşyrýan şahslaryň işiniň öňüniň alynmagy. Türkmen ykdysatçylary Nyýazmyrat Halow bilen Dagdan Öwezowyň «Gymmatly kagyzlar bazary» atly kitabynda gymmatly kagyzlara hukuk taýdan kesgitleme berilýär, hususan-da, gymmatly kagyzlar kanuny tarapdan kesgitlenen alamatlary bolan, emläk hukugyny kepillendirýän, bir tarapdan başga tarapa geçireniňde ýada iş ýüzüne geçmesi diňe ony görkezmek esasynda amala aşyrylýan resminamadyr diýip nygtalýar. Ykdysady jähtden garanyňda, gymmatly kagyzlar jemgyýetde sermaýanyň (kapitalyň) öndürilmegi, ulanylmagy we dolanmagy esasynda ýüze çykýan gatnaşyklardyr. Ýagny, bir tarapdan olar sermaýanyň nusgasy bolup çykyş edýär, şol bir wagtyň özünde-de ol sermaýanyň hut özüdir. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, jemgyýetde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, höwesleriň, bähbitleriň has-da kämil, özara sazlaşykly ýagdaýyny döretmek üçin, ilkinji nobatda, taraplarda ýüze çykjak dürli ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, onuň hemmeler üçin deňderejede bähbitli bolan hukuk binýadyny kemala getirmek zerur bolup durýar. Düzgün bozulmalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin jerimeleri hem deňlilik ýörelgesinde ulanmaklyk ýola goýulmalydyr. Gymmatly kagyzlar ykdysadyýetde, has anygy alyş-çalyşda, pul dolanyşygynda aýratyn ähmiýetli guraldyr, çünki gymmatly kagyzlar ykdysadyýeti has-da ýokary derejede ösdürmäge, pul dolanyşygynyň tizligini artdyrmaga ýardam edýän, ykdysady ösüşi sazlaşdyrýan aýratyn ähmiýetli resminamalardyr. Gazna bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginde Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamynyň edralaryna möhüm orun berilýär. Döwletimizde kabul edilýän ykdysady ösüş maksatnamalary gymmatly kagyzlar bazarynyň geriminiň yzygiderli giňeldilmegine we kämilleşdirilmegine, maýa goýum gurşawynyň netijeli hem-de döwrebap dolandyrylmagyna, öňde baryjy halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna gönükdirilýär. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýetiň işjeň gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda gazna bazarynyň sanly elektron binýatlara geçmegini üpjün etmek hem möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Munuň özi gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny has-da çaltlandyrmaga, bazaryň açyklygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmäge we netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyldaky Karary esasynda «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy» tassyklanyldy. Strategiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine goldaw bermek maksady bilen, maliýe bazarynyň has-da ösdürilmegine we kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap maliýe gurallarynyň ornaşdyrylmagyna we maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip, ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlaryny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Strategi ýa da milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe bazarlarynyň işini, maliýe serişdeleriniň çekilişini we gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny kämilleşdirmek, maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek, maýa goýum işjeňligini gazanmakda gymmatly kagyzlar bazarynyň we gazna biržasynyň işini işjeňleşdirmek, gymmatly kagyzlaryň ikinji bazaryny işe girizmek hem-de dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryny bazara gazna biržalary arkaly ýerleşdirmek işlerini ýola goýmak boýunça çäreler göz öňünde tutulandyr. Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we maliýe bazarynyň netijeli işlemeginiň üpjün edilmegi ykdysady ösüşiň durnuklylygyny berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmäge, maýa goýumlarynyň göwrümini artdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň gazna bazary, gazna biržasy we gymmatly kagyzlar bazary baradaky kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna üstünlikli geçýändiginiň möhüm görkezijisidir. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny has-da berkitmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliligini aýdyň görkezýär. Jemgyýetimizde höküm sürýän agzybirlik we jebislik Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň miwesidir, Watanymyzyň okgunly ösýändiginiň aýdyň kepilidir. Öňde durýan belent maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ýagty geljege ynamyny has-da pugtalandyrýar. 

Edebiýat:

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. 2. «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. -Aşgabat, 2014. 3. «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy». – Aşgabat, 2025. 4. J.B.Hanaýewa, M.D.Amanowa, L.Kowusowa we beýlekiler. Gazna biržasy. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. 5. N.Halow, D.Öwezow. Gymmatly kagyzlar bazary. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.