DÖWÜRLERIŇ ROWAÇLYGY, NESILLERIŇ DOWAMATLYLYGY
Her bir halkyň taryhy senenamasynda ykbal kesgitleýji seneler bar. Türkmen halky üçin şeýle seneleriň iň naýbaşysy 1991-nji ýylyň güýzünde ýurt Garaşsyzlygymyzyň yglan edilmegidir. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 27-nji sentýabrynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesini dabaraly bellemäge taýýarlyk görýäris. Bu sene diňe bir baýramçylyk güni bolman, eýsem, gadymy we beýik halkymyzyň täzeden galkynmagynyň, dünýäniň häzirki zaman syýasy kartasyndaky mynasyp ornuny tapmagynyň nyşanydyr.
35 ýyl taryh üçin gysga pursat bolsa-da, özygtyýarly döwletimiz üçin bu döwür giň gerimli özgerişleriň, düýpli özgertmeleriň, belent üstünlikleriň eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilip, Türkmenistan syýasy taýdan kuwwatly, ykdysady taýdan durnukly ösýän, durmuş taýdan abadan döwlet hökmünde bütin dünýäde belent ykrara eýe boldy. Berkarar döwletimiziň rowaçlanmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalarynyň, öňdengörüjilikli çözgütleriniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, iňňän baý medeni we ruhy mirasyny goramaga hem-de dünýä ýaýmaga, abadan durmuşda ýaşamaga giň ýol açan naýbaşy gymmatlyk. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky asyrlarboýy eden arzuwlary, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde giňden beýanyny tapan döwletlilik ýörelgelerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hakykata öwrülip, bagtyýar geljegimize ýol açdy. Islendik jemgyýetiň gülläp ösüşi ykdysadyýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň esasy gazananlarynyň biri hem eziz Diýarymyzyň ummasyz tebigy baýlyklarynyň halkymyzyň bähbidine peýdalanmaga gönükdirilmegidir. Şunuň esasynda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň ykdysady nusgasyny düýbünden täzeden gurdy. Energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli strategiýa durmuşa geçirilip, «Türkmenistan — Hytaý» transmilli gaz geçirijisi guruldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda çig maly gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar önümleri çykarýan kuwwatly toplumlar döredildi. Çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Garaşsyzlyk bilen geçilen 35 ýylda Türkmenistanyň ykdysady kartasy tanalmajak derejede özgerdi. Ulag-logistika pudagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, häzirki zaman Halkara howa menzilleri, müňlerçe kilometre uzaýan polat ýollar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary guruldy. Munuň özi ýurdumyzyň Ýewraziýada Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça möhüm ulag halkasyna öwrülmegini şertlendirdi. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat binagärlik keşbi, durmuş abadançylygy we ekologik häsiýeti bilen dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent depgininiň nyşanydyr. Halkymyzyň çüwen ykbalynyň dabaralanmasy bolan Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi diňe bir ýokary görkezijiler bilen çäklenmän, eýsem, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyny maksat edinýär. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 35 ýylda döwletimiz durmuş ulgamyna uly serişdeleri goýbermegi üznüksiz dowam etdirýär. Häzirki döwürde-de Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge, ilatyň degişli gatlaklaryny pensiýalarydyr kömek pullary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Sebitleriň gyradeň ösdürilmegi hem durmuş ugurly syýasat bilen utgaşykly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, saglygy goraýyş merkezleriniň we şypahanalaryň, sport toplumlarynyň, medeniýet öýleriniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi, asylly ýörelgeleriňdir gymmatlyklaryň dowamatlylygy abadan jemgyýetiň, kuwwatly döwletiň berk binýadynda durýan mizemez sütünleriň biridir. Hut şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda özygtyýarly we gülläp ösýän döwletde doglup, önüp-ösen we kemala gelen ýaş nesillere röwşen geljegimiziň eýeleri hökmünde uly ynam bildirilýär. Bu günki ýaşlar üçin Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine düşünmek, onuň gadyr-gymmatyny bilmek bagtyýar geljegi gurmak üçin iň möhüm şertleriň hatarynda durýar. Sebäbi mukaddes Garaşsyzlygymyz üznüksiz ösüşiň, döredijilikli zähmetiň we uly jogapkärçiligiň çeşmesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň öňünde möhüm wezipeleriň uly toplumy durýar. Şolaryň hatarynda bilimleri çuňňur özleşdirmek aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi häzirki zaman dünýäsi — ösen tehnologiýalaryň, aň-paýhasyň, döredijilikli bäsdeşligiň dünýäsi. Bu bolsa ýaşlaryň ylmyň täze belentliklerine ymtylmalydygyny, sanly tehnologiýalary özleşdirmelidigini, innowasiýalardan we dünýäniň öňegidişliklerinden habarly bolup, ykdysady ösüşlerimiziň we durmuş abadançylygynyň dowam etmegini gazanmalydygyny aňladýar. Watansöýüjilik, däp-dessurlarymyza ygrarlylyk, asylly ýörelgelerimize wepalylyk Garaşsyz Watanyň ýaş nesilleriniň öňünde durýan ýene bir möhüm wezipedir. Özygtyýarly ösüşiň 35 ýyllygy türkmen ýolunyň ajaýyplygyny dünýä ýüzüne aýan etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän Türkmenistan bu günki gün dünýäde parahatçylygyň we gülläp ösüşiň merkezi, ygtybarly hyzmatdaş we sebitde durnuklylygyň daýanjy hökmünde uly abraýa eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda rowaçlanýan zamanasynda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini jebislik, ruhubelentlik, watansöýüjilik duýgulary bilen garşylaýar. Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uzak möhletleýin döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirip, bedew bady bilen belent sepgitlere ymtylýar. Bagtyýar, durnukly we gülläp ösýän geljege ynam her birimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynyň ýene bir altyn sahypasyny ýazmaga goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.