DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiz bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine çykdy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwletimiziň ählumumy ykdysady giňişlige we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna kuwwatly itergi berýär. Şu ýylyň 6 aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerinde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim derejede üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,7, gurluşykda 6,7, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4, söwdada 8,5, oba hojalygynda 2,0, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Içerki we daşary söwdanyň geriminiň artmagy ykdysady ösüşiň möhüm alamaty bolmagynda galýar. Ýurdumyzda hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,1, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ösüş gazanyldy. Bu mysallar hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändigini äşgär edýär. Islendik ykdysady taslamanyň rowaçlanmagynyň we ahyrky ykdysady netijelilige eýe bolmagynyň baş şertleriniň maýa goýum başlangyjy, işjeňlik we çeşmeler bilen bagly bolup durýandygyny milli we halkara ösüş tejribesi aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän oňyn şertleri döretmek, halkara giňişlikde ýurdumyzyň ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, iri möçberli maýa goýumlary ýurdumyza netijeli çekmek we özleşdirmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyz ählumumy we sebitleýin geosyýasatda halkara abraýyny yzygiderli pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» we söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hemde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyz maýa goýumlar babatda hem özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara reýtinglerde ýokary baha berilýär. Ýurdumyz abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam etdirýär. Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň ösdürilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň, ýerine ýetirilýän hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara sebit, ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady, maliýe bileleşikleriniň öňünde oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky we Yslam ösüş banky ýaly iri düzümler bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi agzalan halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Halkara pul gaznasy bilen baglaşylan Ylalaşygyň dördünji maddasy boýunça geňeşleriň çäklerinde her ýylda Türkmenistanyň maliýe we ykdysady meseleleri boýunça ikitaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. Bütindünýä bankynyň topary bilen düzümleýin ösüş we hyzmatdaşlyk strategiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça aýry-aýry taslamalar amala aşyryldy. Ministrlik BMG-niň Ösüş maksatnamalarynyň, halkara donor guramalarynyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça taslamalaryna gatnaşýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda özgertmek, ýurdumyzyň sebitlerini we ykdysady pudaklary gyradeň ösdürmek, önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak, täze zawod-fabrikleri gurmak we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, goýulýan maýalaryň döwlet üçin-de, maýadarlar üçin-de bähbitli bolmagyny gazanmak şol syýasatyň baş maksatlarynyň hatarynda durýar. Döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleri ykdysadyýeti köptaraplaýyn ösdürmekden, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmekden, goşulan gymmatyň bäsdeşlige ukyply görnüşlerini döretmekden ugur almak bilen sanlylaşdyrmakdan, ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz ykdysadyýete geçmekden ybarat bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan ösüşler Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliliginiň görkezijisidir.
Meýlismyrat SAPAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.