SANLY ULGAM BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ TAÝÝARLYGY
Häzirki döwürde dünýä tejribesinde sanly geçiş diňe bir tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet ulgamyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek bilen hem baglanyşyklydyr. Türkmenistanda bu işler kanunçylyk binýadyna we adam maýasyna esaslanyp amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işleriň rowaçlanmagynda öz işine ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagy möhüm wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde emeli aň, bulut hasaplamalary we uly göwrümli maglumatlar ýaly ugurlar boýunça täze hünärler açylýar, bilim ojaklarynyň okuw maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak işi mekdep döwründen başlap, ýokary bilim ojaklarynda we önümçilikde dowam etdirilýär. Şunda programmala şdy rmak we robototehnika ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Bu bolsa «mekdep—ýokary okuw mekdebi—sanly ykdysadyýet» zynjyryny döredýär. Ýurdumyzyň ýaş hünärmenleriniň arasynda geçirilýän tehnologik bäsleşikler hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmakda möhümdir. Bu ugurda «Sanly çözgüt» innowasion taslamalar bäsleşigi möhüm orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bir tarapdan, döwlet ýaş oýlap tapyjylaryň intellektual eýeçilik hukugynyň goragyny kepillendirýär. Beýleki tarapdan bolsa, bäsleşigiň ýeňijileri öz taslamalaryny döwlet edaralarynda we hususy pudagyň düzümlerinde ornaşdyrmaga mümkinçilik alyp, sanly ykdysadyýetiň saýlama hünärmenlerine öwrülýärler. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet üçin zerur hünärmenler goruny kemala getirmekde bilimiň, tejribäniň we işewürligiň sazlaşykly hyzmatdaşlygy möhüm orna eýedir. Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim ulgamynyň, işewürligiň netijeli we sazlaşykly işini gazanmak maksady bilen, täzeçil çemeleşmeler ulanylýar. Ýurdumyz ykdysadyýetiň we hojalyk gatnaşyklarynyň özgerýän şertlerinde işgärleri we hünärmenleri taýýarlamakda uzak möhletleýin meýilleşdirmek ýörelgesinden ugur alýar. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026—2052nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hemde ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026—2030njy ýyllar üçin meýilnamasynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Strategiýa bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýyna seljerme bermek bilen, bilimiň we zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny gazanmak, döwletimiziň innowasion ösüşinde zähmet serişdeleriniň hil görkezijilerini ýokarlandyrmak, olary netijeli peýdalanmak, ýokary okuw mekdepleriniň okuwönümçilik, tejribe we ylmy barlaghanalarynda guralýan işleri önümçiligiň ösdürilişi bilen baglanyşdyrmak ýaly ykdysady bähbitlere gönükdirilen wezipeleri kesgitleýär. Bu strategiýada ýokary bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetiň binýady hökmünde kesgitlenilýär. Hünärmenleri taýýarlamakda okuw maksatnamalarynyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň hakyky şertlerine kybap gelmegi örän derwaýys wezipedir. Şoňa göräde, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026—2052nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» esasy jähetleri ýokary okuw mekdepleriniň ykdysadyýetiň hakyky pudaklary bilen arabaglanyşygyny güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Şu ugurda iň esasy ýörelgeleriň biri innowasion gurşawy kemala getirmek bilen baglanyşyklydyr. Pudaklaýyn ýöriteleşme we hususy maýa goýumlar strategiýada orun alan möhüm ugurlaryň ýene biridir. Hünärmenleri taýýarlamak işiniň döwrebaplaşýandygynyň anyk mysaly hökmünde Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegini görkezmek bolar. Munuň özi innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ylmy işläp taýýarlamalary düzmek bilen bagly işleri täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa bilimi, ylmy barlaglary hemde innowasion telekeçiligi utgaşdyrýan ýokary bilimiň nusgasyny döretmäge ýardam edýär. Dünýäniň işewürlik talaplaryna kybap gelmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýly halkara reýtinglere girizilmegi we okuw maksatnamalarynyň halkara akkreditasiýalarynyň geçirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir milli däl, eýsem, bütindünýä derejesindäki sanly gurşawda bäsdeşlige ukyply hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary