ÜSTÜNLIKLI MENZILLER

ÜSTÜNLIKLI MENZILLER

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň bady barha artýar. şol özgertmeler täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmäge, Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklary has işjeň häsiýete eýe bolup, kämil salgyt ulgamy täze öndüriji güýçleriň peýda bolmagyna ýardam edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimizdäki ykdysady özgertmeleriň, telekeçiligiň ösdürilmeginiň oňyn täsiri biziň şäherimiziň çäginde-de aýdyň duýulýar. Bölümimiziň işgärleri öz işlerini “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda alyp barýarlar. Hünärmenlerimiz eýeçiligiň görnüşine garamazdan şäherimizdäki edara-kärhanalar, guramalar we telekeçiler tarapyndan hereket edýän kanunçylyga laýyklykda salgytlaryň we beýleki tölegleriň öz wagtynda we dogry tölenilmegini üpjün edýärler. Hususy işini täze açanlara we indi açjak raýatlara degişli kanunçylygy düşündirip, degerli maslahatlary bermek hem esasy wezipelerimiziň biri. şu maksat bilen hünärmenlerimiz okuw maslahatlaryny geçirip, salgyt kanunçylygyna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşdyryp durýarlar. Telekeçilere öz işlerini kanunçylyga laýyklykda alyp barmaklaryna ýardam etmek maksady bilen olara degerli maslahatlary berip durýarys.

Şöhrat REJEPOW.

Mary şäher salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň baş sal gyt inspektory.