SEBITLEÝIN SYÝASAT: gyradeň ösüşleri nazarlap
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda sebitleriň durnukly ösüşi möhüm orun eýeleýär. Onda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Bu syýasatda sebitleriň öndüriji güýçlerini hem-de önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmak baş maksat bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugy esasynda, 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edilýär. Ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netije gazanyp, ýeňiji bolan göreldeli etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça topar döredilýär. Bäsleşikde ýurt boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýylyň jemleri boýunça göreldeli etraby kesgitlemegiň Tertibini taýýarlaýar. Oňa laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek durmuş, ykdysady, ekologiýa we medeni taýdan ähli görkezijileri hasaplamak arkaly amala aşyrylýar. Durmuş ulgamy boýunça görkezijileriň bahalandyrmasy degişli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we telekeçiligiň ösdürilmegi bilen kesgitlenilýär. Ykdysady ulgam boýunça görkezijileriň bahalandyrmasy pagta we bugdaý, maldarçylyk, ekerançylyk önümleriniň öndürilmegi, mallaryňdyr guşlaryň baş sanynyň artmagy, býujetiň görkezijileri, raýatlaryň iş, mellek ýerleri hem-de ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi boýunça kesgitlenilýär. Ekologiýa ulgamy boýunça görkezijileriň bahalandyrmasy bolsa ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça bellenilýär. Medeniýet, bilim we sport ulgamlary babatda görkezijileriň bahalandyrmasy halkara, döwlet, welaýat we Aşgabat şäher derejesinde medeni, bilim, şol sanda internet arkaly geçirilen bäsleşiklerde we sport ýaryşla[1]rynda ýeňişli orunlaryň sany hem-de bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň arasynda döwlet derejesinde geçirilýän «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiklerinde baş baýraga mynasyp bolanlary hasaba almak bilen kesgitlenilýär. Şeýle-de sagdyn jemgyýeti gurmak we onuň goraglylygyny üpjün etmek boýunça görkezijiler bahalandyrylýar. Gürrüňi edilýän bäsleşik yglan edilip başlanan döwründen bäri, 2013-nji we 2023-nji ýyllaryň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby, 2015-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etraby, 2016-njy ýylda Lebap welaýatynyň Farap etraby, 2017-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etraby, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby, 2020-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby, 2021-nji ýylda Lebap welaýatynyň Dänew etraby, 2022-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby, 2024-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby iň göreldeli etraplar boldy. Ýeňiji bolan etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugy esasynda, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Sylag berlen pul serişdeleri bu etraplaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Hususan-da, sylag berlen pul serişdeleriniň hasabyna Ýolöten etrabynda «Bagtyýarlyk şuglasy» çagalar dynç alyş meýdançasy, Farapda «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi, Wekilbazarda «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähi, Esengulyda «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi, Şabatda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähi, Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» çagalar dynç alyş merkezi, Dänewde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi gurlup ulanmaga berildi. Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda bäsleşigiň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Köneürgenç agrar-senagat ähmiýetli etrap bolmak bilen, mümkinçilikleri boýunça welaýatyň ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda bu etrabyň Täzeýol geňeşliginde täze döredilen Bitaraplyk şäherçesi açyldy. Bu döwrebap şäherçede 400 sany ýaşaýyş jaýynyň we 23 sany desgalardyr inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary tamamlanyp, ulanmaga berildi. Täze şäherçäniň çäginde geňeşligiň edara binasy, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen 420 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, söwda merkezi, azyk we senagat harytlary dükanlary, çörek we çörek önümlerini öndürýän kiçi kärhana, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, limon we kömelek ýetişdirilýän ýyladyşhanalar, aragatnaşyk bölümi, ýangyn howpsuzlyk bölümi, söwda-hyzmat ediş binalary, suw we lagym geçiriji ulgamlar ulanmaga berildi. Köneürgenç etraby ata Watanymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklere-de baý künjekleriniň biridir. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy ýadygärlikler hemişe dünýä jahankeşdeleriniň, taryhçy alymlaryň, arheologlaryň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekdepde örän ähmiýetlidir. Mahlasy, döwletli Diýarymyzda maksatnamalaýyn esasda, oýlanyşykly alnyp barylýan sebitleýin syýasat ýurdumyzyň ähli sebitleriniň gyradeň ösdürilmegini, raýatlaryň bagtyýar we bolelin ýaşaýşynyň yzygiderli üpjün edilmegini nazarlaýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan durmuş ugurly döwlet syýasatynda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Seidnur JAPBAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy.