ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE GALYNDYSYZ YKDYSADYÝETIŇ WE ZÄHMET GORLARYNYŇ ORNY

   ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE GALYNDYSYZ YKDYSADYÝETI WE ZÄHMET GORLARYNYŇ ORNY

   Maral ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet edaralarynyň işgär düzümini seljeriş we düzgünleşdiriş bölüminiň başlygynyň w.ý.ý.

Ýapyk aýlawly, ýagny sirkulýar (galyndysyz) ykdysadyýete aýgytly geçiş tutuş dünýäde ileri tutulýan durnukly ösüşi gazanmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde saýlanyp alyndy. Zähmet gorlary şeýle geçişi sazlaşykly, netijeli üpjün etmegiň binýatlyk serişdeleriniň biri bolup durýar, çünki olaryň üstüne önümçilik ösüşi üçin talap edilýän zähmet endiklerini, başarnyklaryny we mümkinçiliklerini kemala getirmek wezipesi ýüklenilýär. Olar ilatyň zähmet meşgullygynyň derejesini hem-de durmuş ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny köp babatda kesgitleýärler. 

Makalada ýapyk aýlawly ykdysadyýetiň netijeli hereket edýän gurşawyny kemala getirmekde işçi güýjüniň tutýan ornuna garalýar, şeýle-de Türkmenistanda «ýaşyl» geçişi üpjün etmekde bu meseleleriň häsiýetli aýratynlyklary we geljegi töwerekleýin seljerilýär. Seljerme barlagynyň düýp esasynda strategik ähmiýetli milli resminamalarda beýan edilen maglumatlar, şonuň ýaly-da bu ugurda geçirilen halkara seljerme derňewleriniň netijeleri goýlandyr. 

Tutuş dünýäde häzirki wagta çenli dowam edýän ykdysady modeli «tebigatdan almak – önüm öndürmek – önümi peýdalanmak – ulanyşdan çykansoň taşlamak» görnüşinde beýan etmek bolar. Bu modeliň uzak döwrüň dowamynda ulanylmagy tebigy gorlaryň düýpli azalmagyna, ekologik wehimleriň, çynlakaý töwekgelçilikleriň tutuş dünýäde düýpli artmagyna alyp geldi. Howanyň üýtgemegi, tebigy gorluk serişdeleriniň ýetmezçilik etmegi bilen bagly oňaýsyz wehimleri üstünlikli ýeňip geçmekde sirkulýar, ýagny ýapyk aýlawly ykdysadyýete berilýän orun barha ýokarlanýar. Ýaşyl ykdysadyýet özüniň düýp esasynda gorluk serişdeleri hem-de materiallary gaýtadan peýdalanmak, önümçilik galyndylaryny azaltmak, ýapyk aýlawly önümçilik halkalaryny döretmek ýörelgelerine daýanýar. 

Sirkulýar ykdysadyýetiň bähbitli taraplarynyň ýene-de biri kärhanalar üçin önümçilik harajatlaryny ep-esli azaldýandygy, innowasiýalaryň ösdürilmegini düýpli höweslendirýändigi, täze bazarlaryň kemala gelmegine, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýändigi bilen baglydyr. Umuman, ýapyk aýlawly ykdysadyýet uzakmöhletli esasda durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň ygtybarly binýady hökmünde kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýapyk aýlawly ykdysadyýetiň has oýlanyşykly we jogapkärli sarp ediş modeliniň kemala getirilmegine hem-de giňden ýaýradylmagyna itergi berýändigini bellemek zerur. Bularyň ählisi dünýä döwletleri tarapyndan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde edýän tagallalarynyň rowaç almagyna saldamly goşant bolýar. 

Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, sirkulýar ykdysadyýetiň ahyrky netijeliligi diňe bir tehnologiýalara we düýpli maýa goýumlarynyň möçberine däl-de, köp babatda adam faktoryna bagly bolmagynda galýar, ýagny bu ugurda gazanylýan öňegidişlik zähmet gorlarynyň bilim derejesi, innowasiýalary kabul etmäge taýýarlygy, täze ykdysady we önümçilik ugurlarynda işlemek üçin talap edilýän hünär taýýarlygynyň barlygy ýa-da ýoklugy bilen kesgitlenilýär. 

Häzirki döwürde Türkmenistan galyndysyz ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda işjeň hereket edýär, toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Olaryň baş ugry bar bolan önümçilik serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak, galyndylaryň möçberini mümkin boldugyça pese düşürmek, daşky gurşawy hemmetaraplaýyn goramak we oňaýsyz tehnogen täsirleriň öňüni almak bilen bagly bolmagynda galýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini, şeýle-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga pugta ugur alandygyny hasaba almak bilen, ýurdumyzy öňegidişlikli ösdürmekde zähmet gorlaryna berilýän orny köpugurly esasda öwrenmegiň ähmiýeti düýpli artýar. Beýan edilenleri nazara alyp, garalýan ugurdaky käbir nazary-usulyýet esaslary seljermek maksada laýyk bolar. 

Ýapyk aýlawly ykdysadyýet köpsanly bilermenler tarapyndan bitewi durmuş-ykdysady ulgam hökmünde 5 häsiýetlendirilýär, onda serişde gorlarynyň gymmaty mümkin boldugyça uzak döwürde saklanyp galýar, önümçiligiň we sarp edişiň galyndylary bolsa gaýtadan işlenilýän çig mal çeşmesine öwrülýär. Şunda peýdalanylýan işjeň mehanizmleriň hatarynda şulary görkezmek bolar: 

- galyndylary gaýtadan işlemek, ulanyşdan çykan önümleri bejerip abatlamak arkaly gaýtadan ulanmak; 

- sarp ediş önümlerine ugurdaş hyzmatlary bermek hem-de olary bejerip abatlamak boýunça hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek;

- maglumatlary hem-de önümçilik serişdelerini özara alyşmak boýunça sanly binýatlary döretmek we netijeli peýdalanmak; 

- önümleriň durnukly bezeg häsiýetlerini üpjün etmek we ş.m. 

Munuň özi zähmet gorlarynyň geljekki ösüş ugurlary babatynda täze, ýagny «ýaşyl ykdysadyýete» mahsus hünärleriň ýüze çykmagyna itergi berip, ozaldan hereket edýän adaty pudaklarda zähmet çekýän işgärlere täze hünärleri öwretmek boýunça ýörite okuwlaryň guralmagyny talap eder. Ylmy derňewiň usulyýeti Türkmenistanda amala aşyrylýan milli maksatnamalara geçirilen seljermeleriň netijelerine, Bütindünýä banky ýaly iri halkara guramalarynyň berýän maglumatlaryna, şeýle hem bütindünýä ösüş meýilleri bilen deňeşdirme seljermesiniň netijelerine esaslanýandyr. 

Garalýan ugurlar boýunça Türkmenistanda netijeli durmuşa geçirilýän iri möçberli başlangyçlaryň hatarynda aşakdaky döwlet maksatnamalaryny we toplumlaýyn çäreleri görkezmek bolar:

- «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy»; 

- «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumy zy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy»; 

- «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy». Bu Konsepsiýa, hususan-da, öňdebaryjy sanly çözgütleri iş dolandyryş, senagat we bilim ulgamlaryna ornaşdyrmaga gönükdirilendir, munuň özi sirkulýar ykdysadyýetiň sanly hyzmatlar merkezleri (serwisleri) üçin zerur bolan binýatlaýyn esaslary (meselem, gaýtadan işlemek, gorluk serişdeleri hasaba almak, menzilara okatmak boýunça onlaýn-binýatlary) kemala getirýär; 

- Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde bellenilen toplumlaýyn çäreler. BMG-niň bu ugurdaky resminamalarynda galyndylary netijeli dolandyrmakda hem-de ýapyk aýlawly önümçilik tejribelerine (tehnologik usullara) geçmekde ulgamlaýyn syýasatyň, şol sanda: 

- ekoulgamlaryň ilkibaşdaky durkuny gaýtadan dikeltmäge, suw serişdeleriniň aýawly hem netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirmegiň; 

- sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine bagyşlanan amaly okuwlary, köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmalary hem-de pikir alyşmalary guramagyň we geçirmegiň, olara ugurdaş döwlet edaralarynyň (munuň özi garalýan ugurda institusional gyzyklanmalaryň yzygiderli artýandygyny görkezýär) ýakyndan gatnaşmagyny gazanmagyň zerurlygy aýratyn nygtalýar. 

Şunda, sirkulýar ykdysadyýetiň esasyny düzýän ýörelgeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi bu ugurda bar bolan ähli meseleleri, jähtleri, kynçylyklary hem-de olary ýeňip geçmegiň ýollaryny öz içine alýan kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmegini we yzygiderli kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar. 

 Ýaşyl ykdysadyýetiň netijeli ösdürilmegine ýardam berýän oňyn durmuş-ykdysady şertlere uly ornuň degişlidigini bellemek zerur. Türkmenistanda şunuň ýaly amatly şertleriň taryhy taýdan kemala gelendigini tassyklamak bolar. Ol şertleriň hatarynda: 

- oba hojalygynyň ýokary derejede ösendigini (munuň özi biomassany, oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemäge giň mümkinçilikleri berýär); 

- dokma senagatynyň güýçli depginde ösdürilýändigini (matalary we dokma önümlerini köpgezekleýin peýdalanmaga we gaýtadan işlemäge amatly ýagdaý döredýär);

- milli energetika pudagyny ösdürmekde bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri (energetikanyň gün, ýel we beýleki adaty däl görnüşlerini ösdürmek tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda hem-de netijeli peýdalanmakda baý tejribäniň toplanandygyny); - şäher gurşawynyň okgunly ösýändigini, onuň geriminiň giňelýändigini (munuň özi gaty durmuş galyndylarynyň (GDG) dürli görnüşlerini aýratynlykda ýygnamak hem-de gaýtadan işlemek çemeleşmelerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýar); 

- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary tarapyndan bu ugurda netijeli ylmy gözlegleriň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar. 

Sirkulýar ykdysadyýetiň döredilmeginde hem-de netijeli ösdürilmeginde zähmet gorlaryna uly orun berilýär. Zähmet gorlarynyň maksatlaýyn ösdürilmegi hem-de hil taýdan kämilleşdirilmegi önümçiligiň ösmegi üçin zerur bolan hünär endikleriniň, täze hünärleriň döredilmegine, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän 6 täze hünärmenleriň taýýarlanyp ýetişdirilmegine oňyn şert döredýär. Ýapyk aýlawly ykdysady ösüş modeline aýgytly geçilmegi bilen, zähmet bazarynda şu ugurlar boýunça ýokary taýýarlygy bolan hünärmenlere bildirilýän islegiň düýpli ýokarlanmagyna garaşylýar: 

 - galyndylary gaýtadan işlemek we olary görnüşleri boýunça aýry-aýry toparlara bölmek üçin niýetlenen önümçilik enjamlarynyň operatorla ry; 

- «ýaşyl» gurluşyk hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugurlarynda iş alyp barýan inženerler;

- hyzmatlar merkezleriniň hem-de önümleri bejerip abatlamak boýunça ussala ry; 

- IT-seljermeler boýunça bilermenleri hem-de sanly binýatlaryň operatorlary.

Öz nobatynda, sirkulýar ykdysadyýetiň ösmegi ilatyň zähmet meşgullygy bilen bagly ýagdaýlara we onuň derejesine gönüden-göni täsir edýär. Halkara bilermenleriň berýän bahalaryna salgylansak, ýapyk aýlawly ykdysadyýetiň geriminiň artmagy ilat, şol sanda adaty hünär taýýarlykly hünärmenler üçin goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine alyp barýar. Türkmenistanyň ösüş şertlerinde sirkulýar ykdysadyýet adamlara özüniň hünär taýýarlygyna, ussatlyk derejesine görä işe ýerleşmekde hem-de durmuşda üstünlik gazanmakda goşmaça amatlyklary we kepillikleri üpjün edýär. 

Milli ykdysady ösüşiň häsiýetli aýratynlyklaryny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, häzirki döwürde «ýaşyl ykdysady ösüşiň» Türkmenistan üçin geljegi uly bolan birnäçe ugurlaryny nygtap görkezmek bolar: 

- oba hojalyk galyndylaryny (samany, pagta çigidiniň harpygyny we beýlekileri) gaýtadan işläp, olardan bioýangyjy ýa-da mineral dökünleri öndürmek;  

- dokma önümçiliginiň ýapyk aýlawy – pagta süýüminiň galyndylaryny (übtügini) gaýtadan işläp, çig mal hökmünde peýdalanmak;  

- gataňsy hojalyk galydylaryny görnüşleri boýunça aýratynlykda ýygnamak hem-de gaýtadan işlemek

- ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini ep-esli artdyrýan kärhanalary döretmek;

- gaýtadan dikeldilýän energetika – gün we ýel energiýasyny öndürmek bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan inženerleri we tehnikleri taýýarlamak; 

- sanly hyzmatlar ulgamy  – harytlary, ikinji derejeli serişde gorlaryny, dürli hyzmatlary özara alyşmak üçin niýetlenen onlaýn-binýatlary (sanly ykdysadyýeti ösdürmek strategiýasynyň çäklerinde) döretmek. 

 Şol bir wagtda, deňeşdirme seljermesiniň netijelerinden görnüşi ýaly, sirkulýar ykdysadyýetiň rowaç almagy üçin aşakda görkezilen üç sany binýatlaýyn şertiň ýakyndan utgaşdyrylmagy zerurdyr: 

- döwlet syýasaty gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge, «ýaşyl» hünärleri goldamaga gönükdirilen bolmaly;  

- döwrebap bilim hem hünär taýýarlygy – ýapyk aýlawly ykdysadyýet boýunça okuw derslerini ýörite orta we ýokary bilim mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna sazlaşykly girizmeli; 

- hususyýetçilik böleginiň ösdürilmegi, kiçi we orta kärhanalarynyň döredilmegi – innowasiýalaryň we işewürçiligiň öňegidişlikli ösmegini gazanmak, innowasiýalary goldamak boýunça işjeň ykdysady mehanizmleriň tutuş toplumyny kemala getirmeli, yzygiderli kämilleşdirmeli hem-de netijeli peýdalanmaly.

Sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi Türkmenistan üçin oňyn sirkulýar iş tejribesini netijeli ornaşdyrmaga we peýdalanmaga goşmaça tizlik beriji güýç hökmünde häsiýetlendirilip bilner. 

Sirkulýar ykdysadyýetiň maksatlaýyn esasda ösdürilmegi Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň gurluş taýdan diwersi fi kasiýalaşdyrylmagyna, ilatyň zähmet meşgullyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, durnukly ösüşiň gazanylmagyna itergi berýän oňyn başlangyja öw rü lip biler. Zähmet gorlaryna şeýle geçişi üstünlikli, sazlaşykly esasda üpjün etmekde esasy orun berilýär. Adam maýasyna, hünärmenleri döwrebap derejede taýýarlamak, olarda sanly iş endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmek işine gönükdirilýän maýa goýumlar ahyrky netijede sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ornaşdyrylmagy üçin ygtybarly binýady kemala getirýär. 

Edebiýat: 

1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy». – Aşgabat, 2022. 

2. «Türkmenis ta nyň Prezidentiniň ýurdumy zy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy». – Aşgabat, 2022. 

3. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy». -Aşgabat, 2025. 

4. Туркменистан выступил организатором ряда параллельных мероприятий в рамках Третьей Конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю. (06.08.2025)

5. https://vestiabad.ru/news/10476/proon-podderzhit-turkmenistan-v-perehode-k-cirkulyarnoi-ekonomike.