DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA TAGALLALAR

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­rapyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sat umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­lar­dan göz­baş alyp, pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak, dur­nuk­ly ösüş ýa­ly yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. Dur­nuk­ly ösüş maksat­la­ry­na ýet­mek we­zi­pe­si bol­sa dün­ýä döw­let­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­ni, je­bis­lik­dä­ki he­re­ke­ti ta­lap ed­ýär.

Asyl­ly maksada ýetmek üçin dogry ýoly saýlap alyp, ädimme-ädim menzil aşmaly. 2012-nji ýylda Braziliýada geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynyň öňüsyrasynda durnukly ösüşi nazarlaýan täze ykdysady syýasaty işläp taýýarlamak teklip edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylda hemmeler üçin has gowy we has durnukly geljegi gurmagyň meýilnamasy hökmünde özara baglanyşykly maksatlaryň 17-sini özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlary işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatlar Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen ýörite Kararnamada «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» diýlip atlandyryldy. «Durnukly ösüş» düşünjesiniň esasy maksady, geljekki nesilleriň durmuş zerurlyklaryna töwekgelçilik döretmezden, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekden ybaratdyr. Bu düşünje ykdysady, durmuş we ekologik jähetleri öz içine alýar. Häzirki döwürde adamzat jemgyýeti üçin esasy wezipe hökmünde hut durnukly ösüşiň öňe çykýandygy äşgärdir. Bu hakykat BMG tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalarda hem öz beýanyny tapýar. Şolaryň esasylary 2012-nji ýylda kabul edilen «Biziň isleýän geljegimiz», 2015-nji ýylda kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» hem-de Ählumumy metan borçnamasy bolup durýar. Bu resminamalar «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegi, durnukly ösüşi gazanmagy, bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Şol resminamalarda dünýä döwletleriniň hem-de halklarynyň öňünde durýan düýpli wezipeler we anyk maksatlar utgaşdyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen bagly ylalaşyklar döwletlerden anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegini talap edýär. Durnukly ösüş ýoluna düşmek zerurlygy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüş bilen ekologik meseleleriň arasyndaky gapma-garşylykdan gözbaş alýar. Halkara guramalaryň berýän maglumatlary soň­ky 30 ýyla golaý döwürde dünýäniň jemi içerki önüminiň dört esseden gowrak artandygyny görkezýär. Şeýle ýagdaý, bir tarapdan, ýüz millionlarça adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eden hem bolsa, beýleki tarapdan, tebigy baýlyklaryň gorlarynyň azalmagyna we ekologiýa zyýan ýetirilmegine getirdi. Agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, howanyň üýtgemegi, biologik köpdürlüligiň azalmagy, tokaýlaryň çäkleriniň kiçelmegi, çölleşme ýaly meseleler mu­ňa aýdyň şaýatlyk edýär. 2030-njy ýyla çenli dünýä ilatynyň azyk önümlerine, energiýa we suw serişdelerine isleginiň ep-esli artmagyna garaşylýar. Şeýle ýagdaýda tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak, arassa energiýa boýunça täze çözgütleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlarda tijenmek zerur bolup durýar. Elbetde, bu ugurda hiç bir döwletiň ýekelikde hereket edip, oňyn netije gazanyp bilmejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Şo­ňa görä-de, durnukly ösüş boýunça sebit we bütindünýä derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir. Bitarap Türkmenistan ykdysady ösüşiň Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitinde, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde guralan «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitinde hem-de «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly forumda beýan eden pikirleridir öňe süren teklipleri hem ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Soň­ky ýyllarda Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş bilen baglanyşykly forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. 19-njy martda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat hem-de 27-nji aprelde Arkadag şäherinde guralan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy bu ugurdaky ähmiýetli wakalardyr. Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzda geçirilen forumda eden çykyşynda: «Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz di­ňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir. Dünýäniň bu böleginde durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de amatly ýagdaýy emele getirmek zerurdyr. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaly, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly merkezleriniň birini döretmeli» diýip nygtamagy ählumumy ösüşe gönükdirilen maksatlar üçin tagallalary birleşdirmäge çagyryş boldy. Bu forum ýurdumyzyň ykdysady ösüş üçin zerur bolan tebigy baýlyklaryny, energetika we ulag-logistika pudaklaryndaky mümkinçiliklerini, döredijilikli kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny görkezdi. YHG-niň Arkadag şäherinde geçirilen durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy ykdysady kuwwaty durmuş abadançylygyny üpjün etmäge hem-de röwşen geljegi gurmaga gönükdirmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle derwaýys meselelere bagyşlanan ýokary derejeli sebit forumynyň ilkinjisiniň hut Arkadag şäherinde guralmagy çuň­ňur many-mazmuna eýedir. Çünki döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäherinde döredilen durmuş mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, şäheriň gurluşygynda we ýaşaýyş gurşawynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegi Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy üçin zerur bolan talaplara doly kybap gelýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda adamzadyň abadançylygyny, parahat we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen iri halkara forumlaryň ýene birini geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň hem Durnukly ösüş maksatlarynyň birnäçesini öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň oňyn çözgütlerini tapmakda möhüm meýdança öwrüljekdigi ikuçsuzdyr. 1-nji maýda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda bu giň gerimli forumyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşmagy hem-de Ministrler Kabinetiniň halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere bagyşlanan gi­ňişleýin göçme mejlisini geçirmegi döwletimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlyga näderejede uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy we şol ösüşiň halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilmegi, energetika, ulag, aragatnaşyk pudaklarynda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şeýle tagallalaryň halkara gi­ňişlikde gyzgyn goldaw tapmagy bolsa il-ulsumyzy täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrýar. 

Selimberdi HOJABERDIÝEW, 

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.