INNOWASION ÖSÜŞLERE TARAP YNAMLY GADAM

INNOWASION ÖSÜŞLERE TARAP YNAMLY GADAM 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Arkadag şä­he­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň okgunly ösüşleriniň aý­dyň ny­şa­ny­dyr, Milli Liderimiziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan we hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üstün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän ägirt uly öz­gert­me­le­riň hem-de be­ýik iş­le­riň oňyn ne­ti­jesi­dir. Bu iri şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­ny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­diril­di. Bu «akyl­ly» şä­her­dä­ki iş­ler «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem in­no­wa­sion çöz­güt­ler we «ýa­şyl» teh­nolo­gi­ýa­lar esa­syn­da bar­ha iler­le­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiz Arkadag şä­he­ri­niň üç ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li il­deş­le­ri­mi­ze ibe­ren Gut­la­gyn­da: «Tä­sin gö­zel­li­gi, kä­mil tehno­lo­gi­ýa­la­ry, milli bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy bi­len bü­tin dün­ýä­de yk­rar edi­len Arkadag şä­he­ri döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ro­waç­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny, be­lent abra­ýy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar» di­ýip bel­läp geç­ýär. Bu bol­sa şä­he­riň se­bit äh­mi­ýet­li tas­lama­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek su­but edip, tä­ze üs­tün­lik­le­re, ne­ti­je­li iş­le­re ruh­lan­dyr­ýar

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri öň­debaryjy tehnologiýalara, maglumat-aragatnaşyk tilsimatlaryna, sanly ulgamlara esaslanýan döwlet ähmiýetli şäherdir. Ol «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Şäher iki tapgyrda gurulýar. 2023-nji ýylda onuň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlandy. Bu tapgyryň barşynda 336 sany bina we durmuş maksatly desgalar, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 258-si, 9 sany saglyk we sport binasy, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we beýleki durmuş-medeni maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14-si ulanmaga berildi. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ony ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, üstümizdäki ýylda Arkadag şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 845 million manatdan ybarat bolup durýar. Bu serişdeleriň hasabyna önümçilik böleginde 534 million 500 müň manady we önümçilik däl gurluşyklarda 2 milliard 310 million 500 müň manady özleşdirmek meýilleşdirildi. Şäheriň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy örän möhüm orun eýeleýär. «Akylly» şäherde ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketi ýola goýuldy. Awtomobil ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda esasy ulag serişdesi bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylda awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň 1 million 120 müň adama hem-de ýükleri daşamagyň möçberiniň 40 müň tonna deň bolmagyna garaşylýar. Şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Şu ýyl esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda öý telefonlarynyň sany 5 müň 290 birlige ýeter. TMCELL öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlary bilen 4 müň 380 müşderi üpjün ediler. Şäheriň ýaşaýjylary üçin «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyrmak ýaly iň döwrebap şertler elýeter edildi. Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýyş jaýlaryny we edaralaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler. Arkadag şäherinde durmuş ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şäheriň durmuş ulgamynda 3 hassahana, ýagny 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. 2026-njy ýylda şäherde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanyny 20-ä hem-de umumybilim berýän mekdepleriň sanyny 11-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň elektrik ulgamlaryny, awtomobil hem-de demir ýol menzillerini gurmak meýilleşdirilýär. Şäheriň inžener-kommunikasiýa ulgamy 415,4 kilometr agyz suwuny, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akabalary, suwuň derejesini peseldiş ulgamyny, lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisini, 344,2 kilometr elektrik geçirijilerini, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlaryny, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny öz içine alar. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si gurulýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyldaky degişli Kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýalaryň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň hem-de 72 sany iki gatly, 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurluşygy hem alnyp barylýar. Täze şäher dünýä ajaýyp ahalteke bedewlerini peşgeş beren gadymy türkmen topragynyň iň gözel ýerleriniň birinde guruldy. Behişdi bedewler Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan uly üstünlikleriniň nyşany bolup durýar. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmak, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu döwrebap şäherde ýurdumyzyň häzirki wagtda gazanýan üstünlikleriniň, şeýle hem täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy. 

Seid­nur JAP­BA­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gi­ýa we dur­nuk­ly ösüş mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy.