SANLY ULGAM DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ DURMUŞYNDA
Döwlet gullugy ýokary jogapkärçiligi we tertip düzgünliligi talap edýär. Şol sebäpdende, döwlet gullukçysy barada gürrüň açylanda, köplenç, göz öňümizde müňlerçe resminamalardyr ençeme möhürler bilen gurşalan iş otagynda hysyrdyly işlere gümra bolan gara penjekli adamyň keşbi janlanýar. Emma sanly ykdysadyýetiň şertlerinde döwlet gullukçylarynyň işinde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa häzirki zaman döwlet gullukçylaryny taýýarlamak wezipesinde täzeçil çemeleşmeleri talap edýär. Sanly ykdysadyýet diňe bir kagyza derek kompýuterleri ornaşdyrmagy aňlatmaýar. Innowasion ykdysadyýetde döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklar hem düýpli özgerýär. Bu ulgamyň sazlaşykly işlemegi üçin döwlet gullukçylarynyň taýýarlygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ozal döwlet hyzmatlary «ýüz tutma – jogap— möhür» ýörelgesi esasynda işlän bolsa, sanly ykdysadyýetde bu ýol örän haýal hasaplanýar.Şoňa göräde, häzirki zaman döwlet gullukçylaryndan has netijeli pikirlenmek we innowasiýalardan baş çykarmak talap edilýär. Häzir islendik döwlet hyzmatynyň netijeliligi maglumat tehnologiýalary bilen baglanyşyklydyr.Bu bolsa döwlet hyzmatlarynyň IT önümleri bilen kybapdaşdygyny aňladýar. Şonuň üçinem, innowasion ykdysadyýetde döwlet gullukçysy ulanyjynyň ýagdaýyna doly düşünip, hyzmatlardan peýdalanmakda döreýän kynçylyklary kesgitlemegi we olaryň çözgüdini tapmagy, işleri ýeňilleşdirmegi başarmalydyr. Sebäbi döwlet hyzmatlarynyň sazlaşykly we çalt işlemegi jemgyýetçilik ösüşini çaltlandyrýar. Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýalary bilen işlemegi başarmak döwlet gullukçylary üçinhökmany talaba öwrülýär.Emma bu döwlet gullukçylaryna emeli aňyň kömegi bilen hasabatlary taýýarlamagy dälde, şähergurşawyna innowasiýalary ornaşdyrmagy öwretmelidigini aňladýar. SANLY ULGAM DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ DURMUŞYNDA Sanly ykdysadyýet ýokary tizligi talap edýär. Şoňa görä-de, döwlet edaralarynda hem dolandyryşyň sanly tehnologiýalara esaslanýan çeýe usullary ornaşdyrylýar. 21 abuna.yashlar.gov.tm MAÝ 2026 goýmagy, şol birwagtyň özündede, IT pudagynyň wekilleri bilen dil tapyşmagy başarmalydyr. Şunlukda, adamlar bilen düşünişmek we jemgyýetçilik bilen aragatnaşygy ýola goýmak sanly eýýamda hem döwlet gullukçylary üçin berk hünär talaby bolmagyn dagalýar.Ulgamlaryň awtomatlaşdyrylmagy döwlet gullukçysyna köp güýç talap edýän hysyrdyly işleri ýeňilleşdirip, tygşytlanylan wagty beýleki möhüm işleri sazlaşykly amala aşyrmaga, çylşyrymly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga mümkinçilik berýär. Döwlet gullukçylarynyň täze nesliniň kemala getirilmegi bu günki ýaşlaryň öňünde uly mümkinçiliklere ýol açýar. Blokçeýn, emeli aň, bulut ýadynyň hasaplamalary ýaly ugurlarda kämilleşýän ýaşlar ýakyn geljekde diňe bir zähmet bazarynda däl, eýsem, döwlet gullugynda hem uly hyrydarlyga eýe bolar. Sebäbi häzirki döwürde diňe bir iş tejribesi bolman, eýsem, sanly başarnyklar hem hünärmenlere zähmet basgançagynda ýokary galmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy bolsa, ýene 15—20 ýyldan şäherlerdäki ýaşaýşyň hiliniň häzirkidende ýokary bolmagyny üpjün eder. Şonuň üçinem häzirki zaman döwlet gullukçylarynyň iş otaglary müňlerçe resminamalaryň toplanýan ýerleri dälde, sanly tehnologiýalaryň–şäherlerimizdäki seýilgählerimiziň, mekdeplerimiziň, saglyk öýleriniň keşbiniň özgerdilýän, döwlet hyzmatlarynyň hiliniň barha ýokarlandyrylýan merkezleridir. Meselem,häzirki zaman neýrotorlary şäheriň dürli ýerlerinde ornaşdyrylan gözegçilik kameralarynyň kömegi bilen ýollarda emele gelýän jaýryklarydyr çukurlary ýada zibil taşlanýan ýerleriň dolandygyny kesgitläp, degişli gulluklara habar bermäge ukyplydyr. Şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy döwlet gullukçylaryndan tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine we olaryň ahlak çäklerine, şeýlehem kiberhowpsuzlyk bilen bagly ýüze çykyp biljek meselelere doly we dogry düşünmegi talap edýär. Innowasion ykdysadyýet şertlerinde gullukçylaryň taýýarlanylmagy emeli aň tehnologiýalarynyň işini sazlaşykly we töwekgelçiliksiz ýola goýmagy we olary goramagy öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet ýokary tizligi talap edýär. Şoňa göräde, döwlet edaralarynda hem dolandyryşyň sanly tehnologiýalara esaslanýan çeýe usullary ornaşdyrylýar. Şunda ýaş hünärmenlere gysga möhletli wezipeleri çalt ýerine ýetirmek öwredilýär. Muňa mysal edip, iki ýylyň dowamynda döredilip, heniz doly ornaşdyrylmanka belli bir derejede könelişip biljek iri göwrümli ulgamy işläp taýýarlamagyň ýerine, gysga möhlet üçin derwaýys bolan hyzmatlardyr önümler işlenip taýýarlanylyp, olar ýaşaýjylaryň uly bolmadyk toparynda synag edilýär. Toplanan maglumatlary seljermek arkaly taslamanyň kemçilikleri düzedilip durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa göräde, çaltlyk we ýalňyşlyklary dessin düzetmek başarnyklary döwlet gullukçylarynyň hünär taýýarlygynda möhüm ugurdyr. Sanly ykdysadyýetde, göräýmäge, adamyň ähmiýeti peselýän ýaly görünýär. Emma hakykatda welin, ýagdaýyň düýbünden tersinedigini görmek bolýar. Sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak işi aragatnaşyk bilen bagly wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar. Geljegiň döwlet gullukçysy çylşyrymly çözgütleri jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen köpçülige düşnükli dilde düşündirmegi, adamlaryň pikirlerini diňläp,olar bilen netijeli dialogy ýola
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary