HÄZIRKI ZAMAN ÝOKARY TIZLIKLI ÝOLY

HÄZIRKI ZAMAN ÝOKARY TIZLIKLI ÝOLY 

Ýur­du­my­zyň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mek Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­synyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len, mil­li mak­sat­na­malar­da öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­ny tap­ýar. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Türk­me­na­bat bö­le­gi­niň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy hem ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, ýük­le­ri we ýo­lag­çy­la­ry da­şa­ma­gy iş­jeň­leş­dir­mekde mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ulag ul­ga­my dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ol dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na hem-de de­ňag­ram­ly­ly­gy­na gö­nüden-gö­ni tä­sir ed­ýär.

 Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda boldy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerur. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda» 2018-nji ýylyň 16-njy martyndaky, «Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda» 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararlary esasynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň degişli hususy düzümleri ýoluň gurluşyk işlerini ýerine ýetirdi. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goň­şy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary gi­ňeltmäge mümkinçilik berer. Awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabardyr. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanýar. Bu ýerde elektron tölegleri hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşýär. Awtobanyň ugrunda köprüleriň onlarçasy guruldy. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelgeler, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeler, suw akabalary we beýleki desgalar bar. Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri bolup, ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylýar. Ýoluň esasy bölegi Garagum sährasynyň çäginden geçýär. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu ýokary tizlikli ýoly ulanmaga bermek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde özüniň ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi baradaky oňyn abraýyny ýene-de bir gezek tassyklady. Awtobanyň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji böleginiň birnäçe abraýly halkara güwänamalaryna mynasyp bolmagy onuň gurluşygyndan başlap, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli innowasion desga bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi açyldy. Şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, de­ňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Täze howa menzilleri, polat ýollar, Türkmenistany goň­şy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddyenjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär. Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini gi­ňeldýär. Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly Günorta we Gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegine birnäçe halkara güwänamalar gowşuryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutuldy. Ýol hereketi ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär. Halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýatara, etrabara derejedäki ýollaryň gurluşygynda hem giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň okgunly ösüşi netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilýär we goldanylýar. Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň müň­lerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmaga, ýurduň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr geçýän hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder, ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer. Meýlismyrat SAPAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň baş re­dak­to­ry­nyň wezipesini ýerine ýetiriji

Meýlismyrat SAPAROW, 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň baş re­dak­to­ry­nyň wezipesini ýerine ýetiriji.