«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi

Biziň ýurdumyzyň şertlerinde bazar ykdysadyýetine geçmek üçin eýeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, olary üýtgedip guramak zerurlykdyr. Bu zerurlygyň emele gelşini şeýle düşündirip bolar. Öňki SSSR döwründe ykdysadyýeti hiç bir esassyz doly döwletleşdirmek amala aşyrylypdy. Önümçilik serişdelerine eýelik etmekde döwletiň monopol agalygy, ýekemenligi emele gelipdi. Hususy eýeçilik we ýekebara telekeçilik gadagan edilipdi. Bu bolsa eýeçilik gatnaşyklarynyň doly bozulmagyna getiripdi.

Şeýle ýagdaýda bazar ykdysadyýetiniň esasy şertleriniň biri hökmünde eýeçiligiň bir görnüşliliginden, onuň köp görnüşliligine geçmelidi. Başgaça aýdanyňda, eýeçilik gatnaşyklarynyň täze ulgamyny döretmelidi, olary doly kämilleşdirmelidi.

Eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi, esasan, iki ugur boýunça amala aşyrylyp bilner. (5.1-nji surat). Olaryň birinjisi, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak bolsa, ikinjisi — hususyýetçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmekden, eýeçiligiň hemme görnüşleriniň deňhukukly hereket etmegini üpjün etmekden ybaratdyr.


EÝEÇILIK GATNAŞYKLARYNYŇ 

KÄMILLEŞMEGINIŇ ESASY UGURLARY

  • Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak

2. Hususyýetçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek


Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmegiň kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalary döredildi, bu ugurda Türkmenistanyň kanunlarynyň giden bir toplumy kabul edildi. Olardan “Eýeçilik hakynda”, “Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda” Kanunlary, “Türkmenistanda hususylaşdyrmagyň döwlet Maksatnamasy” we başgalary görkezmek bolar.

Bazar ykdysadyýetine geçmekde eýeçiligiň dürli görnüşleriniň deňhukukly hereket etmegini kanun boýunça ykrar etmeklige aýgytly orun degişlidir. Eýeçiligiň köp görnüşliligini ösdürmekde bolsa onuň bir bölegini döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň uly ähmiyeti bardyr.

Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak diýlip, döwlet eýeçiligini eýeçiligiň başga görnüşlerine - köpçüligiň eýeçiligindäki (kollektiwleýin) kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine, beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalara öwrülmegine düşünilýär.

Hususylaşdyrmak diýlip bolsa, raýatlaryň ýa-da olaryň hukuk taraplarynyň döwlet eýeçiligindäki emläkleri öz eýeçiligine almagyna düşünilýär.

Diýmek, eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we ony hususylaşdyrmak diýen düşünjeler biri-birine örän ýakyndyrlar we özara aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olaryň biri beýlekiden gelip çykýar.

Emlägi döwletiň eýeçiliginden aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň taraplary hökmünde Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň hukuk taraplary çykyş edip bilerler. Desgalary satyn almaga gatnaşmak üçin olaryň hemmesine deň şertler döredilýär.

Türkmenistanyň çäginde zatlary döwlet eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak işini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen gurama bolan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň “Baha bermek, hususylaşdyrmak we telekeçiligi goldamak” bölümi amala aşyrýar.

Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) döwlet eýeçiligindäki emläkleri köpçüligiň eýeçiligindäki (kollektiwleýin) kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine, beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalara öwürmek bilen;

2) olary auksionda, maýa goýum (inwestision) bäsleşiginde satmak bilen.

Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak kanunlara ters gelmeýän beýleki görnüşlerde hem geçirilip bilner. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň görnüşini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitleýär.

Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmakdan alnan serişdeler döwlet eýeçiligi bolup durýar we Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine geçirilýär.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligi ýuwaş-ýuwaşdan, tapgyrlaýyn hususy eýeçilige geçirilýär. Bu işde ilatyň psihologiýa taýdan taýýarlygyna, bazar gatnaşyklarynyň endiklerine eýe bolmadyk adamlaryň özboluşly ykdysady taýdan sowatsyzlygyny aradan aýyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem geçiş döwründe ilaty durmuş taýdan goramak meselesi ilkinji hatara çykaryldy.

Biziň ýurdumyzda hususylaşdyrmagyň esasy maksady durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen bazar ykdysadyýetini döretmäge ýardam berjek hususy eýeleriň giň gatlagyny döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda eýeçiligiň bir bölegini döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça ýörite döwlet Maksatnamasy kabul edildi. Maksatnama döwlet eýeçiligini üýtgetmegiň esasy ýollaryny, usullaryny we tertibini kesgitleýär. Şu Maksatnamada hususylaşdyrmak işi iki tapgyrdan durýar. Birinji tapgyr söwda we jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmaty kärhanalaryny öz içine alýar. Bu tapgyrda kiçi kärhanalar hususylaşdyryldy. 1997-nji ýylda başlanylan ikinji tapgyrda orta we käbir iri senagat, gurluşyk, ulag, şonuň ýaly-da halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny-da hususylaşdyrmaklyk bellenilipdi.

Hususylaşdyrmagyň birinji tapgyrynda kärhanalar diňe pula satyldy, bazar kooperatiw gymmatly kagyzlar ulanylmady. Şol wagtlar kärhanalar, köplenç, zähmetkeşler kollektiwlerine gös-göni satyldy.

Hususylaşdyrmagyň ikinji tapgyrynda bolsa orta we iri kärhanalary bellibir adamyň eline bermän, esasan, paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalarynyň eýeleri hökmünde Türkmenistanyň hukuk taraplary we raýatlary, şeýle hem daşary ýurtlylar çykyş edip biler.

Häzir daşary ýurt maýalaryny milli ykdysadyýetimize has işeňňir çekmek maksady bilen satmagyň bäsleşik usullary (auksion, maýa goýum bäsleşigi) barha giňden ulanylýar.

Türkmenistanda eýeçiligi döwlet eýeçiliginden aýyrmagyň başlanan döwründen bäri geçen wagtda (2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne çenli) desgalaryň 2 müň 378-si hususlaşdyryldy. Olardan söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň 752-si, senagat kärhanalarynyň 77-si we gurluşyk desgalarynyň 24-si, 1304 sany hyzmat desgalary hususy eýeçilige satyldy. Ilata durmuş hyzmaty pudagyny hususylaşdyrmak iş ýüzünde tamamlandy. Türkmenistanda ykdysady özgertmeleriň başlanan mahalyndan bäri senagat kärhanalarynyň binýadynda paýdarlar jemgyýetleriniň 34-si döredildi.

Hususylaşdyrmagyň we telekeçilik işini giňeltmegiň hasabyna ýurdumyzda öndürilýän jemi önüminiň möçberinde (Nebitgaz we energetika toplumyny hasap etmezden) döwlete dahylsyz bölegiň paýy yzygiderli köpelýär we 2018-nji ýylda bu görkeziji 65 göterimden geçdi1. Şeýle netije ykdysady özgertmeleriň yzygiderli we toplumlaýyn geçirilmegi bilen üpjün edilýär.

Milli ykdysadyýetimizde döwlet kärhanalarynyň sany kem-kemden azalyp, 2018-nji ýylda 19,7 göterim boldy1. Döwlet eýeçiliginde jemgyýetiň ösüşiniň möhüm wezipelerini amala aşyrýan kärhanalar galar. Howa, demirýol, awtomobil, suw ulaglary pudagy, tebigy baýlyklar, energetika ýaly esasy pudaklar döwlet eýeçiliginde saklanar. Galanlarynyň ählisi hususylaşdyrylar.

Hususy eýeçiligi ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň durmuşa geçirilmegi bar bolan önümçilik mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Şeýlelik bilen, eýeçilik gatnaşyklarynyň üýtgedilip gurulmagy, hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine ymykly geçmegini üpjün eder, halkymyzy bolsa galkyndyrar, baýadar.




Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M. Ykdysady nazaryýet. 

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020., 68-71sah.