«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri

Pul maliýe aktiwleri harytlary we hyzmatlary satyn almak bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyna hyzmat edýär.

Gymmatlygy bar bolan zatlaryň ählisi aktiw diýlip atlandyrylýar. Aktiwleriň iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

  • real aktiwler;
  • maliýe aktiwleri.

Real aktiwler – bu maddy gymmatlyklary, ýagny enjamlary, jaýlary, durmuş tehnikalaryny we ş.m. öz içine alýar.

Maliýe aktiwleri – bu gymmatly kagyzlary aňladýan aktiwler. Maliýe aktiwleri öz gezeginde iki topara bölünýär:

  • pul maliýe aktiwleri (pullar);
  • pul däl maliýe aktiwleri (gymmatly kagyzlar – paýnamalar, obligasiýalar).

Pul däl maliýe aktiwleriň gymmatly girdeji hökmünde paýnamalardan – diwidenti, obligasiýalardan – göterimi üpjün edýänligi bilen baglanyşyklydyr.

Puluň gymmatlylygy onuň ýokary likwidliligini, ýagny harytlara we hyzmatlara çalşylyp bilmek ukybyny aňladýar. Likwidlilik (liquidity) – bu aktiwiň islendik beýleki aktiwlere, ýagny real ýa-da maliýe aktiwlerine çalt we harajatsyz çalşylyp bilmek ýa-da ykdysadyýetde kabul edilen töleg serişdesine öwrülip bilmek ukybydyr. Bankyň göterimi derejesi bilen düýpli maýa goýumyň göterim esasynda netijeliliginiň deňeşdirilmegini tassyklaýan maýa goýum bilen süýşürintgileriň arasyndaky deňlikde maýa goýum amallary we süýşirintgiler boýunça amallar özbaşdak hasaplanýar. Ähli aktiwler (real we maliýe) likwidlilik häsiýetine eýe bolýar, ýöne dürli aktiwleriň likwidlilik derejesi dürli-dürli bolýar. Real aktiwleriň likwidlilik derejesi pes bolýar, sebäbi olary, mysal üçin, gymmatly kagyzlara garanyňda satmak kyn bolýar. Maliýe aktiwleriniň arasynda iň ýokary likwidlilik  häsiýetine pul maliýe aktiwlerine eýe bolýar, sebäbi bazar ykdysadyýetinde diňe pul dürli geleşiklere hyzmat edýär we umumy kanuny töleg serişdesi hasaplanýar. Söwda merkezlerinde harytlary paýnama ýa-da obligasiýa satyn almak mümkinçiligi bolmaýar. Nagt pullar obsalýut likwidlilik häsiýetine eýe bolýar.

Puluň mazmuny onuň ýerine ýetirýän wezipeleri arkaly ýüze çykýar. Pul aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • alyş-çalyş serişdesi;
  • hasap birligi;
  • töleg serişdesi;
  • süýşürintgiler ýa-da toplamak serişdesi.

Pul alyş-çalyş serişdesi (medium of exchange) hökmünde harytlaryň alyş-çalyş edilmeginde, geleşikleriň baglaşylmagynda araçy hasaplanýar. Pul alyş-çalyşyndan beýleki alyş-çalşyň (alternatiwa) görnüşi hökmünde barter, ýagny harydyň pul däl-de, harydyň haryda çalşylmagy çykyş edýär. Alyş-çalşyň bu görnüşi köp harajatlary talap edýär we olar bir tarapdan belli bir wagtyň ýitirilmegini – alternatiw harajatlary, beýleki we bir tarapdan ol göni transaksiýa harajatlary – geleşikleriň baglaşylmagy boýunça harajatlary (transaction costs) görkezýär. Harydyň haryda çalşylmagy üçin belli bir şertleriň üpjün edilmegi zerur hasaplanýar we ony XIX asyryň belli iňlis ykdysatçysy, ykdysady nazaryýetde goşmaça peýdalylyk nazaryýetini we matematiki mekdebi esaslandyryjylaryň biri Wilýam Stenli Jewons «islegleriň iki gezek laýyk gelmegi» (double coincidence of wills) diýip atlandyrdy. Ol haýsy hem bolsa bir haryda (haryt) isleg bildirýän adamyň öz öndürýän harytlaryna ( haryt) şol harydyň (harydyň) çalşylmagyna razy bolýan adamy tapmalydygyny aňladýar. Şonuň üçin barter alyş-çalşyň iň amatsyz, netijesiz görnüşi hasaplanýar. Alyş-çalyşda araçy hökmünde puluň ýüze çykmagy bilen islegiň iki gezek laýyk gelmek meselesi aradan aýryldy we alyş-çalyş harajatlarynyň talap edilmegi bes edildi. Islendik harydy pula satyn alyp bolýar we ondan alnan puluň möçberine beýleki bir harydy satyn almak mümkinçiligi döreýär. Islendik haryda ýa-da hyzmata çalt we harajatsyz çalşylyp bilmek ukyby (likwidlilik häsiýeti) puluň gymmatlylygyny kesgitleýär we puluň aýlanyşyk serişdesi wezipesiniň wajyplygyny ýüze çykarýar;

Hasap birligi (unit of account) wezipesi puluň ähli harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatynyň ölçeg birligi hasaplanýandygyny aňladýar. Harydyň gymmatynyň pulda aňladylmagyna baha diýilýär. Şonuň üçin adamlar harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek üçin puly hasap birligi hökmünde ulanýarlar. Hasap birligi hökmünde döwletiň pul birligi, ýagny milli walýutasy (manat, dollar, ýewro, ýen we ş.m.) çykyş edýär. Ýokary hümmetsizlenme şertlerinde puluň satyn alyjylyk ukyby peselýär we milli walýuta hümmetsizlenýär. Bu ölçeg birliginiň möçberiniň azalýandygyny aňladýar we ol ykdysady geleşikler boýunça geçirilýän hasaplaşyklary kynlaşdyrýar. Şonuň üçin goşmaça hasap birligi hökmünde beýleki bir döwletiň durnukly hasap birligi çykyş edip bilýär;

Töleg serişdesi wezipesi (standart of deferred payment – möhleti yza süýşürilen tölegleriň ölçegi)  puluň elli bir wagta (salgytlaryň, bergileriň tölenilmegi, girdejileriň alynmagy) yza süýşürilen tölegleri amala aşyrmak üçin ulanylmagynda ýüze çykýar. Bu wezipäniň aýlanyşyk serişdesi wezipesinden tapawudy puluň alyş-çalyşdan ulanylmagy bir wagtda harydyň we puluň hereket etmegini aňladýandygy bilen baglanyşykly. Töleg serişdesi wezipesinde aşakdaky amallar ýerine ýetirilýär:

a) harytlary hereketi bilen pullaryň hereketi laýyk gelmeýär.  Mysal üçin, täjirçilik karzynda, ol haryt almak üçin karzyň berilmegini göz öňünde tutýar;

b) ýa-da harytlar hereket etmeýär we diňe pullaryň hereketi amala aşyrylýar. Mysal üçin, bank karzynda, zähmet hakynyň tölenmeginde, transfertleriň alynmagyna we ş.m.

Pul gymmatlyklaryň toplanmagy (store of value) hasaplanýar,  sebäbi pul gymmatlygy bolan maliýe aktiwi hasaplanýar. Bu gymmatlylyk olaryň likwidliligi, satyn alyjylyk ukyplyklary bilen baglanyşykly we olara islendik wagt islendik harydy, hyzmaty ýa-da gymmatly kagyzy satyn alyp bolýar. Hümmetsizlenmegiň iň pes derejesi saklanýan ykdysadyýetde (hümmetsizlenmesiz ykdysadyýet) puluň gymmatlylygy saklanýar, wagt boýunça üýtgemeýär we ol adamlar tarapyndan häzirki wagtdaky satyn alyjylyk ukybyň gelejekki döwürlere geçirilmegi üçin ulanylýar. Puluň şol bir möçberine 1 ýyldan ýa-da 7 ýyldan soň harytlaryň we hyzmatlaryň şol bir möçberini satyn alyp bolýar. Şonuň üçin pul gymmatlygy, ýagny toplanan serişdeleri, süýşürintgileri saklamagyň guraly hökmünde ulanylyp bilinýär. Hümmetsizlenme şertlerinde pullar öz gymmatyny ýitirýär we olaryň satyn alyjylyk ukyby peselýär. Bahalary umumy derejesiniň ýokarlanýan ýagdaýynda puluň şol bir möçberine harytlaryň we hyzmatlaryň az möçberini satyn alyp bolýar. Hümmetsizlenýän pullary toplamak zerur hasaplanýar. Süýşürintgiler wezipesini gymmaty peselýän milli pul birligi däl-de, beýleki döwletleriň durnukly pul birlikleri ýerine ýetirýär we olar wagt çäginde öz gymmatyny saklaýar. Şeýle-de pul has özüne çekiji maliýe aktiw hasaplanmaýar we onuň adamlaryň elinde saklanmagy olara girdeji getirmeýär. Şonuň bilen birlikde girdejili maliýe aktiwleri tapawutlandyrylýar, mysal üçin, paýnamalar diwident görnüşinde girdeji getirýär, obligasiýalar bolsa göterim girdejisini üpjün edýär.

Adamyň eýelik edýän ähli aktiwleriniň jemi (real aktiwler – gozgalmaýan emläk, sungat eserleri we ş.m. hem-de maliýe aktiwleri – paýnamalary, obligasiýalary, pullary) onuň baýlygy hasaplanýar we pullar ol baýlygyň belli bir bölegini düzýär.

Puluň birinji wezipesi, ýagny aýlanşyk serişdesi wezipesi has wajyp hasaplanýar, sebäbi ol pul maliýe aktiwlerini pul däl maliýe aktiwlerinden tapawutlandyrýar. Şeýle-de bolsa puluň wezipeleri biri-biri bilen özara baglanyşykly hasaplanýar.









Şallyýew Ç., Makroykdysadyýet. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.

– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015., 163-165 sah.