«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Maliýe ulgamy

Jemgyýetde pul serişdeleriniň hereketi olaryň belli bir görnüşde emele gelmegini, ýagny jemgyýetiň maliýe ulgamyny göz öňünde tutýar. Jemgyýetiň maliýe ulgamy özara baglanyşykly döwletiň maliýesi, kärhanalaryň maliýesi, ilatyň maliýesi  diýen üç bölekden durýar. Bulardan başga-da, maliýe ulgamyna dürli görnüşdäki hojalyk birleşmeleriň, assosiasiýalaryň, konsernleriň we ş.m. maliýesi, pudaklaryň – senagatyň, gurluşygyň, söwdanyň, önümçilik däl pudaklaryň we ş.m. maliýesi her girýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň maliýesi hem jemgyýetiň maliýe ulgamynyň düzümine girýär. Olara aýry-aýrylykda seredip geçeliň. 

Döwletiň maliýesi – munuň özi döwletiň wezipelerini (halk hojalygyny dolandyrmak, goranyş, kanunçylygy we hukuk düzgünlerini berjaý etmek, durmuş kepillendirmelerini üpjün etmek we ş.m.) maliýe bilen üpjün etmäge niýetlenilen onuň ygtyýaryndaky pul gaznalarynyň ulgamydyr. Pul serişdelerini döwletiň elinde jemlemegiň usullaryny hem döwletiň maliýesi öz içine alýar.

Kärhanalaryň maliýesi ykdysadyýetiň ilkinji şahalarynyň çäginde önümçiligiň üznüksizligini üpjün edýän pul gaznalarynyň ulgamydyr. Ol gaznalary döretmegiň we peýdalanmagyň görnüşleri we usullary hem kärhananyň maliýesine girýär.

Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň zähmeti, hojalyk we beýleki işleri netijesinde alýan girdejileriniň hasabyna emele gelýän pul gaznalaryna ilatyň maliýesi diýilýär. Bu pul gaznalaryny ilat öz eýeçiligini artdyrmaga, hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga peýdalanýar.

Kärhanalaryň we ilatyň maliýesi döwletiň maliýesi bilen özara baglanyşyklydyr. Döwletiň maliýesinde jemlenýän pul serişdeleri kärhanalaryň we ilatyň maliýesinden alynýar. Döwletiň maliýesinde pul serişdelerini jemlemegiň çeşmesi bolup salgyt ulgamy, ätiýaçlyk we pension tutumlar, gümrük we beýleki tölegler çykyş edýär. Döwletiň maliýesinde jemlenen pul serişdeleri halk hojalygyna maýa goýumlaryny amala aşyrmaga, kärhanalara pul kömeklerini bermäge, şeýle hem, ilat üçin dürli durmuş çärelerini geçirmäge peýdalanylýar. Başgaça aýdylanda, döwletiň maliýesiniň pul serişdeleri halk hojalygyna, kärhanalara we ilata gaýtarylyp berilýär. 

Kärhanalaryň we ilatyň maliýesi diňe bir döwletiň maliýesi bilen baglanyşykda bolman, eýsem olar öz aralarynda hem baglanyşyklydyr. Ol baglanyşygyň mysaly hökmünde ilatyň öz maliýe serişdeleriniň esasy bölegini kärhanalarda işläp alýanlygyny bellemek bolar.


Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M., Ykdysady nazaryýet.

 Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.  – A. .: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020., 217-218 sah.