«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri

Adatça maliýe diýip pul serişdelerine düşünilýär. Emma pul öz-özünden maliýe bolup bilmeýär. Maliýe ykdysady kategoriýadyr, önümçilik gatnaşyklarynyň düzüm bölegidir.

Pul serişdeleriniň gaznasyny döretmek, paýlamak we peýdalanmak boýunça emele gelýän ykdysady gatnaşyklaryň jemine maliýe diýilýär.

Hemme pul gatnaşyklary maliýe gatnaşyklary däldir. Pul gatnaşyklary puluň öz wezipelerini ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklary öz içine alýar. Maliýe gatnaşyklary bolsa pul gatnaşyklarynyň bir bölegi bolmak bilen, olar pul gaznasyny döretmek, paýlamak we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, şahsy sarp etmäge we alyş-çalyş hyzmat edýän pul serişdeleri, ýagny bölek- satuw söwdasynda, ulag, durmuş we beýleki hyzmatlar üçin tölemekde peýdalanylýan pul serişdeleri maliýe gatnaşyklaryna girmeýär. Şeýle hem bu gatnaşyklara aýry-aýry adamlaryň arasynda satmak we satyn almak boýunça peýdalanylýan, peşgeş berlen we miras galan pul serişdeleri hem girmeýär.

Maliýe gatnaşyklarynyň ulgamyna aşakdakylar girýär (17.1-nji surat):

1)    döwlet bilen kärhanalaryň arasyndaky maliýe gatnaşyklary. Bu gatnaşyklar kärhanalaryň döwlet býujetine töleglerini öz içine alýar. Kärhanalar hem öz gezeginde belli bir şertlerde ykdysady ýeňillikler görnüşinde döwletiň maliýe goldawyny alyp bilerler; 

2)    satmak we satyn almak boýunça kärhanalaryň arasynda döreýän maliýe gatnaşyklary; 

3)    karz pul gaznasyny peýdalanmak bounça kärhanalaryň we banklaryň arasyndaky maliýe gatnaşyklary. Bu gaznanyň düzümine kärhanalaryň wagtlaýyn boş pul serişdeleri hem girýär;

4)    zähmete görä hak tölemek boýunça kärhanalaryň we olaryň işgärleriniň arasyndaky maliýe gatnaşyklary;

5)    pensiýalary, kömek pullaryny bermek, salgytlary, ýaşaýyş jaý üçin tölegleri, ätiýaçlyk töleglerini tölemek we başgalar boýunça döwletiň we ilatyň arasyndaky maliýe gatnaşyklary.

Maliýe aşakdaky özara baglanyşykly dört wezipäni ýerine ýetirýär:

1.    Üznüksiz önümçiligi pul serişdeleri bilen üpjün etmek. Bu maliýäniň esasy wezipesidir.

2.    Paýlamak. Döwletiň, kärhanalaryň we ilatyň pul serişdeleriniň gaznasyny we girdejilerini emele getirmegiň we peýdalanmagyň üsti bilen jemi önümi paýlamak we gaýtadan paýlamak maliýäniň paýlamak wezipesine girýär.

3.    Höweslendirmek. Maliýe önümçiligi ösdürmegi, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagy, ylmy-tehniki ösüşi ornaşdyrmagy, işçi güýjüni we önümçilik serişdelerini netijeli peýdalanmagy höweslendirýär.

4.    Gözegçilik etmek. Maliýäniň kömegi bilen ähli kärhanalaryň işine gözegçilik edilýär. Bu gözegçilik kärhanalaryň maliýe düzgünini berjaý etmekde maddy jogapkärçiliginiň üsti bilen manat gözegçiligi görnüşinde amala aşyrylýar.


Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M. Ykdysady nazaryýet. 

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.,  215-216 sah.