Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy

Dürli ýurtlaryň bazar ykdysadyýetine geçiş ýollary birmeňzeş däldir. Ösen döwletleriň häzirki zaman bazary erkin bazaryň köp ýyllaryň dowamynda ösmegi netijesinde emele gelipdir. Öňki SSSR-iň çäginde dörän özbaşdak döwletler, şol sanda, Türkmenistan hem bazar ykdysadyýetine hökmürowan-buýryk beriji ykdysady ulgamyndan geçdiler.

Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine geçmeginiň özboluşly aýratynlygy bar. Dünýä döwletleriniň, şol sanda, öňki SSSR-iň çäginde emele gelen döwletleriň tejribesini öwrenip, halkymyzyň däp-dessurlaryndan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň aýratynlyklaryndan ugur alyp, Türkmenistan özüniň bazar ykdysadyýetine geçmeginiň ýoluny kesgitledi. Bu ýol bazar ykdysadyýetiniň durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen ýoludyr. Bu ýol bazara birden däl-de ýuwaş-ýuwaşdan geçmegi göz öňünde tutýar. Bazara geçmek köp wagtyň dowamynda amala aşyrylýar, ol birnäçe yzygiderli tapgyrlardan durýar. Şonda ykdysadyýetimiziň bazar ýoly bilen ösmeginiň esasy maksady halkymyzyň durmuşyny üzül-kesil gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň bazara geçmek ýoly ilkinji nobatda ýurdumyzyň ykdysadyýetini düzüm taýdan düýpli özgertmegi göz öňünde tutýar. Öňki Soýuzyň düzüminde Türkmenistan çig mal öndürýän respublika hökmünde bellidi. Senagatda nebit we gaz, oba hojalygynda bolsa pagta öndürmeklige üns berilerdi. Öndürilýän çig maly gaýtadan işlemek, ondan taýýar önüm almak bolsa onuň çäginden daşarda amala aşyrylardy. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bir taraplaýyn ýöriteleşmegine getirdi, köp pudaklaryň bazara taýýar önümler bilen çykmagyna ýol bermedi. Şonuň üçin bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde jemgyýetçilik önümçiliginiň ýöriteleşmeginde düýpli özgerişlikler geçirildi. Ilkinji nobatda öz çig malymyzy özümizde gaýtadan işlemek, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli taýýar önümleri öndürmek ýola goýuldy.

Türkmenistanyň bazara geçmeginiň aýratynlyklarynyň ýene-de biri bolup halkymyzy durmuş taýdan goramak çykyş edýär. Bu işi döwletimiz doly öz üstüne aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň gündelik işiniň baş ýörelgesi hökmünde “Döwlet adam üçindir” diýen şygary yglan etdi. Şu ýörelgä laýyklykda Türkmenistan döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipesi halkymyzyň durmuşyny mundan beýläk hem gyşarnyksyz ýokarlandyrmak bolup durýar. Döwletimiziň güýçli we işjeň durmuş syýasaty bazar özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Ähli ykdysady, demokratik, syýasy özgertmeleriň maksady adamlaryň ýaşaýşyna, döredijilik işine mynasyp şertleri döretmekden ybaratdyr. Öz gezeginde ilatyň kynçylyk çekýän gatlagyny goldamak özgertmeleri üstünlikli geçirmegiň girewidir.

Biziň ýurdumyzda ykdysady özgertmeler döwletiň ýolbaşçylygynda, onuň berk gözegçiligi astynda kadalaşdyrylýar. Bazar ykdysadyýetiniň kadalaşdyryjy hukuk esaslary döredildi, bu ugurda resminamalaryň giden bir toplumy kabul edildi. Bular bolsa durmuş-syýasy durnuklylygy, asudalygy, bazar ykdysadyýetine kem-kemden geçmegi, onuň yzygiderli ösmegini üpjün edýär.

Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ösüşiň türkmen ýolunyň düýbi tutuldy. Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasyny dünýä ýurtlary ykrar edýär, bu ugurda biziň ýurdumyzyň gazananlary, ýeten sepgitleri hemmeleri haýran galdyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikleri bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli ýolunyň dogrydygyny, onuň ylmy taýdan esaslandyrylandygyny doly tassyklaýar.



Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M. 

Ykdysady nazaryýet. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. 

A. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.,164-166 sah.