«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Puluň ýüze çykyş taryhy

Pul ykdysady kategoriýadyr, onuň ýüze çykmagy bilen we onuň gatnaşmagynda jemgyýetçilik gatnaşyklary guralýar. Puluň ýüze çykmagy jemgyýetiň ykdysady gatnaşyklaryny we önümçiligiň aýratyn şertlerini ýerine ýetirmeklik bilen ol onuň usullarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär. Ykdysady gatnaşyklaryň ösýän we üýtgeýän şertinde puluň hereketinde aýratynlyklar bolup geçýär. Puluň ýüze çykmagyna aşakdaky ýagdaýlar sebäp bolýar:

- natural hojalygyndan haryt önümçiligine we haryt alyş-çalşygyna geçilmegi;

- haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy;

- öndürilen önümiň belli-bir eýesiniň bolmagy.

Ilkidurmuş jemgyýetiniň başlangyç döwründe adamlaryň öndüren önümleri hususy isleglerini kanagatlandyrmak üçin sarp edilipdir. Önümçiligi ösdürmegi höweslendirmegiň, şonuň ýaly-da belli bir derejede tebigy şertleriň täsiri esasynda (mysal üçin, maldarçylygyň, ekerançylygyň ösmegi üçin şertiň döredilmegi) önümiň belli bir görnüşlerini öndürmek esaslandyrylýar we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy esasynda önümiň öndürilişi köpelýär. Haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy, öndürilen harytlaryň eýeleriniň bolmagy, olara degişli harytlary başga harytlara çalyşmaklyga ýa-da harytlary pula satmaklyga mümkinçilik berýär. Harydyň gönüden-göni haryda çalşylmagy haryt öndürijileriň bähbidine laýyk gelen ýagdaýynda bolup geçýär. (Haryt çalşylanda haryt-öndürijileriň bähbitleri göz öňünde tutulmaly we çalşylýan harytlaryň gymmat barabarlygy (ekwiwalentligi) üpjün edilmelidir. Bu bolsa öz gezeginde çalşylmaklygy çäklendirýär, şol sanda çalşylýan harytlaryň bölünmeýänligi (mysal üçin, iri şahly mal) belli bir derejede päsgelçilik döredýär. Alyş-çalyş ekwiiwalentlik talabynyň berjaý edilmegi harytlaryň gymmatynyň ölçegini göz öňünde tutýar, ol öz gezeginde olary taýýarlamak üçin sarp edilen zähmetden gelip çykýar. Alyş-çalyşyň ösdürilmegine bolan ymtylma harytlaryň öndürilişiniň ýokarlanmagyny höweslendirdi, çalşylýan harytlaryň gymmatyny ölçemeklik üçin, çalşylýan harytlaryň köpdürliligi harytlaryň ählumumy ekwiwalentiniň bölünip aýrylmagyna getirdi. Alyş-çalşyň ösmegi, kem-kemden onuň intensiwliginiň ýokarlanmagy ilki bilen aýratyn harytlaryň ulanylmagyna (malyň, gönüň), soňra bolsa gymmat bahaly metallaryň (esasanam altynyň) ählumumy ekwiwalent bolup çykyş etmegine getirdi. Altynyň ählumumy ekwiwalent bolup tapawutlanmagy, ýeke-täkligi, bölünmek-ligi we zaýalanmazlygy ahyrky netijede onuň pul bolup çykyş etmegine getirdi. Natural hojalykdan haryt alyş-çalşygyna geçmeklik, şonuň ýaly-da ekwiwalent talabyny berjaý etmeklik puluň ýüze çykmak zerurlygyna getirdi, pulsuz harytlaryň köpçülikleýin alyş-çalyşygy, haryt öndürijileriň emläk aýrybaşgalanmagy, önümçiligiň ýöriteleşmegi mümkin däldir. Puly ulanmaklygyň esasy ähmiýetleriniň biri bolup garşylyklaýyn haryt çalşylmagynyň bir ýagdaýyny (X-X) dürli wagtda özbaşdak iki ýagdaýa eýe edýär: birinjiden harydyň satylmagyny (H-P); ikinjiden bolsa gerek harydyň başga wagtda we başga ýerde satyn alynmagyny (P-H) üpjün edýär. Şeýlelikde, puluň ulanylmagy harytlaryň alyş-çalşygynyň barşynda, onuň araçyla öwrülmegi bilen çäklenmän, onuň özbaşdak hereket etmekligine getirýär. Haryt öndürijä öz satan harydyndan alan puluny saklamaklyga we özüne zerur bolan harydyny satyn almaklyga mümkinçilik döredýär. Şu ýerden puluň maýa toplaýyşy emele gelýär. Ol öz gezeginde harydy satyn almaklyga, şeýle hem puly karz bermeklige we bergini üzmekde onuň ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýagdaýyň netijesinde puluň hereketi özbaşdak ähimýete eýe bolýar, harydyň hereketinden aýrybaşgalanýar. Doly bahaly, öz gymmaty bolan pul belgileriniň kagyz pullar bilen çalşylmagy, soňra bolsa altyn üpjünçiliginiň aradan aýrylmagy pul birliginiň özbaşdak hereket etmegine şert döretdi. Şeýlelikde, dolanyşykda öz hususy gymmaty bolmadyk pullaryň hereket etmegi, pul belgileriniň aýlanyşygyň talabyna laýyklykda dolanyşyga altyn üpjünçiligine bagly bolmadyk ýagdaýda goýbermeklige mümkinçilik berýär. Puluň özbaşdak hereket etmeginiň giňelmegi nagt däl hasaplaşygyň ýüze çykmagynyň, şol sanda elektron tehnika hasaplanyşygynyň ýüze çykmagynyň netijesinde bolup geçýär. Pul gadym wagtlardan bäri adamlaryň aň-düşünjesini özüne çekip gelipdir. Awstraliýanyň ykdysadyýetçileriniň hasaplamalaryna görä tä XX asyryň başlaryna çenli dünýä boýunça pul meselesine degişli 5-6 müň ýöriteleşdirilen iş ýazylypdyr. Häzirki wagta çenli bolsa bu san azyndan iki esse köpelendir. Eger-de şu sanlardan çak tutsaň onda puluň nazaryýetine degişli soraglaryň hemmesi üstünlikli çözüläýmeli ýaly. Ýöne bu beýle däl. Häzirki wagta çenli puluň birnäçe soraglary düşnüksizligine galýar: mysal üçin, näme üçin aýry-aýry adamlarda pul 15 belgileriniň köpelmegi olaryň baýlygynyň artmagyna getirýär, jemgyýetde pul toplumynyň artmagy bolsa, onuň baýlygynyň ýokarlanmagyna täsir etmeýär? Puluň köp sanly çylşyrymlyklary onuň häsiýetiniň adaty bolmadyk ýagdaýy bilen düşündirilýär-haryda siňdirilen alyş-çalyş ukyplylygy taryhy ösüşiň dürli döwürlerin-de dürli ýagdaýda ýüze çykýar. Puluň gelip çykyşyna ykdysady edebiýatda rasionalistik we ewolýusion diýen iki taglymat esasynda seredilýär. Birinji taglymat puluň gelip çykyşyny adamlaryň arasyndaky ylalaşygyň netijesi diýip düşündirýär. Sebäbi adamlar gymmatyň alyş- - çalyş dolanyşygy üçin ýörüte gurallaryň zerurdygyna ynanypdyrlar. Ikinji taglymata laýyklykda pul ewolýusion ösüşiň netijesinde ýüze çykýar. Bu ösüş adamlaryň isleginden başga-da käbir predmetler, umumy toplumdan saýlanyp aýratyn orny eýeleýär diýip düşündirilýär. Puluň gelip çykyşynyň rasionalistik nazaryýeti ilkinji gezek Aristoteliň “Никомахова этика” diýen işinde beýan edilýär. Onuň ýazmagyna görä “…. alyş-çalyşa näme gatnaşýan bolsa, ol hökmany ýagdaýda deňeşdirmäge degişli bolmaly… umumy ylalaşykda moneta ýüze çykýar: şondanam onuň ady “nomlisma” ol tebigy ýagdaýda däl-de görkezme esasynda sanalýar 1 ”. Onuň tassyklamagyna görä alyş-çalyşy amala aşyrmak üçin “hökmany ýagdaýda haýsam bolsa bir (ölçeg) şert (esasda) gerekdir 2 . Antiki we orta asyr döwründe bu ideýa özüniň kanuny esasyny tapypdyr. Rim kanunynda şeýle diýilýär: “Imperator puluň gymmatyny tassyklaýar”. Tä XVIII asyryň ahyrlaryna çenli, puluň şertnama ideýasy aýrylmasyz höküm sürüp gelipdir. Şonuň bilen birlikde puluň gelip çykyşynyň subýektiw-psihologik çemeleşmelerinde häzirki zaman günbatar ykdysatýetçileriniň garaýyşlaryda dowam edýär. Hususanda, Pol Samuelson puly emeli durmuş şert hökmünde kesgitleýär. Beýleki amerikan alymy Jon Kennet Gelbreýt puluň wezipeleriniň gymmat bahaly material-lara we beýeki predmetlere berkidilmegini adamlaryň özara ylalaşygy diýip hasapla-ýar. Ikinji taglymatyň has yzygiderli tarapdary K.Marksdyr. Ol A.Smitiň, D.Rikardonyň ideýalaryna esaslanýar. Şeýlelikde ol taglymatlaryň hiç biri hem puluň nämedigine kanagatlanarly jogap bermeýär. K.Marksyň puluň manysy baradaky nazaryýeti ösüşiň şol döwründe hakyky pullar hereket edýärkä kanagatlanarly jogap berýärdi. Altyn we kümüş hakyky harytdy, sebäbi olary gazyp almak üçin zähmet sarp edilýärdi, şol zähmet bolsa ol harydy özünden galan harytlaryň gymmatyny ölçemek üçin obýektiw esas bolýardy. Häzirki wagtda doly bahaly pullar hereket etmeýär, olaryň ýerini öz hususy gymmaty bolmadyk kagyz we karz pullar eýelediler. Olaryň hereket etmegi puluň gelip çykyşynyň rasionalistik taglymatyny gytaklaýyn tassyklaýar. Ýöne şertnama, pul ýaly esasy kategoriýa üçin has ýönekeý esaslanmadyr. Şonuň bilen birlikde bütin taryh puluň döreýşiniň ewoliosion nazaryýetini tassyklamaga hyzmat edýär. Haryt aýlanyşygynyň taryhy ewolýusion ösüşlerde ählumumy ekwiwalent görnüşini ýa-da doly gymmata eýe bolmadyk pullaryň görnüşini harytlaryň dürli-dürli görnüşleri ýerine ýetirdiler. Her bir haryt hojalygynyň gurluşy öz ekwiwalentini öňe sürdi. Aýratyn orna eýe bolan harytlar alyş-çalyşygyň esasy gurallary bolup hyzmat edýärdiler. Düzgün bolşy ýaly, olar ilkinji zerur we bezeg predmetleri diýen iki kategoriýa bölünýärler. Ählumumy ekwiwalentiň pula golaýlaşýan esasy aýratynlygy olaryň deň derejede hem sarp edilýän hem-de gymmat ölçeýän we aýlanyşyk serişdesi bolup hyzmat edýänligidir. Ilkinji uly zähmet bölünişigi netijesinde maldarçylyk bilen meşgul bolýan taýpanyň bölünip aýrylmagy, öý mallaryny alyş-çalyş serişdesine öwürdi. Halklaryň we döwrüň taryhynda puluň wezipesi bilen maldarçylygyň utgaşyklygy özüniň çuňňur yzyny galdyrdy. Öküziň gymmat ölçegi hökmündäki ýatlamasy Gomeriň gadymy Troýanyň gahrymanlary hakynda poemasynda bellenilýar. Şeýlelikde täsin zatlaryň biri hökmünde şol wagtlarda demirden taýýarlanylan pullar “öküziň” adyny göteripdirler. Drakonyň kanunlarynda jerime hasaplanylanda malyň ady ýatlanylýar. Latyn dilinde puluň mal görnüşindedigi has aýdyň duýulýar. Latyn sözündäki “pekuniýa” (pul) “pekus” (mal) sözünden gelip çykypdyr. Sankreit sözi “rupa” (mal) häzirki zaman hindi pul birligi “rupiýa” esasy bolup durýar. Ikinji uly jemgyýetçilik zähmet bölünişigi – ekerançylykdan hünärmentçiligiň bölünip aýrylmagy-ähliumumy ekwiwalentiň kämilleşmegine getirdi. Ol wezipäni demir we galaýy, gurşyn we mis, kümüş we altyn ýaly materiallar ýerine ýetirip başlady. Metallaryň arasynda esasy orny altyn we kümüş eýeleýär, sebäbi ählumumy ekwiwalent bolmaklyk üçin olarda hemme häsiýetler jemlenen. Öňi bilen başga metallara garanyňda bu ikisi goşmaça iki häsiýete eýedir: “portatiwlige”, ýagny kiçi göwrümde uly gymmata eýedir we daşky täsire durnuklydyr. Olar poslamaýarlar, şeýlelikde, hazyna görnüşinde ulanmaklyk üçin oňaýly. Biz Altyn we kümüş pullar baradaky ilkinji maglumatlara gadymy Müsür kanunlarynda (b.e. öň iki müňinji ýyllarda) gadymy Hindistanyň dini kitaplarynda, Bibliýada duş gelýäris. Kümüş pullar b.e. öňki iki we üç müňünji ýyllaryna çenli Hytaýda, Eýranda we Mesopotamiýada giňden ýaýrandyr. Metallar özlerine çenli bolan pullaryň ähli görnüşlerini bir wagtda gysyp çykarmadylar. Dürli pullaryň bilelikde saklanmagy metal pullarda özleriniň yzyny goýdy. Adatça, metal pullar özleriniň haryt görnüşini saklapdyrlar. Şeýlelikde, demir pullar köp wagtyň dowamynda kätmen, pil, sim, nal, çüý, zynjyr we şuňa meňzeş görnüşlerde bolupdyrlar. Kümüş we altyn pullar hünji, ýüzük, altyn owuntgy, balyk tutulýan kümüş halkalar görnüşinde bolupdyrlar. Ilkinji altyn monetalar Hindistanyň şasy Gigese degişli hasaplanylýar (b.e. öňki VII asyr). Özüniň şekilini ilkinji manada salan Aleksandr Makedonskidir. Şeýle hem monetalaryň atlarynyň birnäçesi uzak wagtyň dowamynda agramynyň esasynda gelip çykypdyr. Mysal üçin, Angliýanyň funt sterlingi mysal bolup biler. Monetanyň ýüze çykmagy puluň döremeginiň jemleýji döwri bolup durýar. Moneta bir tarapdan haryt önümçiliginiň we alyş-çalşygyň ösüşiniň netijesi bolsa, başga bir 17 tarapdan gul eýeçilik döwletiniň ykdysady we syýasy kuwwatynyň güýçlenýändigini aňladýar. Pul önümçilik gatnaşyklarynyň esasy bölegi bolup durýar. Haryt we pul utgaşyklydyr, ýagny olaryň gelip çykyşy umumydyr. Haryt dünýäsinden bölünip we oňa absolýut garşylykly bolan, pul haryt bilen jemgyýetçilik deňsizligini eýeleýär. Eger harytlar aýlanyşyk gurşawynda wagtlaýyn bolsalar, onda pullar ol gurşawyň hemişelik hemrasydyr. Olaryň tebigaty bu babatda harydyň tebigatyndan tapawutlanýar. Pul harytdan gelip çykyp, harytlygyny dowam edýär, ýöne beýleki haryt dünýäsinden tapawutlylykda özüne mahsus bolan häsiýetli bolýar. Pul aýratyn haryt bolmak bilen, ol goşmaça isleg ödeýiş gymmatyna eýedir. Puluň haryt dünýäsinden aýrylmagy oňa mahsus bolan jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetirip başlamagyna – bazarda haryt alyş-çalşygynyň aralykçylygyna getirdi. Puluň jemgyýetçilik ähmiýeti, haryt öndürjier bilen sarp edijileriň arasynda harydyň hereketiniň aralykçysy bolup, hususy maýanyň aýlanmagyna hyzmat edýär. Ýöne pul aýlanyşygyň daşynda hem özüniň öňki isleg ödeýiş gymmatyny saklaýar. Şeýlelikde pul bir wagtda iki isleg ödeýiş gymmatyna eýedir: 1) Puluň haryt hökmünde isleg ödeýiş gymmatyna; 2) Pul hökmündäki isleg ödeýiş gymmatyna, howaýy isleg ödeýiş gymmatyna eýedir. Iki isleg ödeýiş gymmatyna laýyklykda pul harydy özünde iki gymmaty jemleýär: abstrakt we alyş-çalyş. Puluň hem, islendik beýleki harytlarda bolşy ýaly içerki gymmaty bolýar. Ol ony ýasamaklyga sarp edilen jemgyýetçilik zähmeti bilen kesgitlenilýär. Ol pullarda harydyň ornuny tutýar. Aýratyn haryt bolmak bilen pul, adaty harytlarda bolşy ýaly gymmaty bahanyň üsti bilen kesgitleýär. Olar harytlaryň gutarnyksyz köptaraplaýyn görnüşinde kesgitlenen alyş-çalyş deňeçerligini aňladýar. Puluň alyş-çalyş gymmaty onuň haryda görä aňladylmagydyr ýa-da satyn almaklyk ukybydyr. Biz bu yerde puluň täze häsiýetine gabat gelýäris. Puluň içki we alyş – çalyş gymmaty özara berk baglanyşykly bolmak bilen, otnositel özbaşdakdyr. Olaryň her biri umumy we aýratyn faktorlaryň täsirinde bolýar. Ol gymmatlara bir tarapdan bazar şerti täsir edýän bolsa, başga bir tarapdan, puluň alyş-çalyş gymmatyna monetanyň ýüze çykmagy bilen döwlet öz täsirini ýetirýär. Pul harydynyň aýratynlygy, onuň içki (abstrakt) gymmatynyň isleg ödeýiş gymmatyna garşy durmagydyr. Puluň formal isleg ödeýiş gymmaty onuň alyş-çalyş (otnositel) gymmatyna täsir edýär. Pulda islendik haryt özüniň gymmatyny aňladýar we oňa islendik wagtda islän jemgyýetçilik zähmetiniň önümini alyp bolýar. Harytlaryň harydy bolmaklyk bilen, pul ählumumy haryt bolup çykyş edýär. Eger-de harydyň gymmaty önümlerde jemlenen jemgyýetçilik zerur zähmetde aňladylan bolsa, onda pul, harydyň gymmatynyň ösen görnüşidir, ýa-da ol haryt bolup özünden başga harytlaryň gymmatyny aňladýar. Beýleki harytlardan tapawutlylykda ol ählumumy isleg ödeýiş gymmata eýedir. Ol gymmata siňdirilen ählumumy hyzmatdyr. Jemgyýetçilik zähmetiniň jemi bolup çykyş etmeklik bilen, pul jemgyýetçiligiň zerur iş wagtynyň gönüden-göni siňdirilmegini aňladýar. 18 Bütin dünýä hojalygynda ählumumy haryt özüne degişli görnüşi kabul edip, köptaraply haryt bolýar. Puluň isleg ödeýiş gymmatynyň iş çägi dünýä bazaryna çenli giňelýär. Pul ählumumy we aýratyn haryt hökmünde ewolýusiýasynyň belli bir döwründe baýlygyň ählumumy zatlaşan wekili bolup hyzmat edýär. Jemgyýetçilik zähmetiniň aýratyn önüminde özbaşdaklaşýar. Hakyky baýlyk dünýäsiniň, ony emele getirýän aýratyn substansiýalaryň tersine pul jemgyýetçilik baýlygynyň ählumumy görnüşi hökmünde çykyş edýär. Pullarda baýlygyň jemgýetçilik görnüşi zatlaşandyr, bu görnüşi olarda özbaşdak bolup, baýlygyň daşynda haryt görnüşde çykyş edýär. Puluň jemgýetçilik ähmiýeti we zat manysynyň birligi onuň ählumumy ekwiwalentdigini görkezýär. Puluň ählumumy ekwiwalent hökmünde çykyş etmegi, onuň wezipelerini kesgitleýär. Puluň jemgyýetdäki we ykdysady ulgamdaky orny, puluň haryt öndürijileriň arasynda hakyky jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan ybaratdyr. Olar aýratyn haryt öndürijileri baglaşdyryjy güýç bolup, ony jemgyýetçilik zähmet bölünşiginiň we bazaryň üsti bilen bütewi halk hojalyk gurluşyna birleşdirýär. Hususy zähmeti jemgyýetçilik zähmeti bilen birleşdirýär. Haryt öndürijileriň arasyndaky alyşçalyşy ekwiwalent (barabar) esasda üpjün edýär. Pul diňe bir haryt öndürijileriň arabaglanşygyny üpjün etmek bilen çäklenmeýär. Onuň ähmiýeti has uludyr. Köp hadysalary we prosessleri özara baglaşdyryp, olara hojalyk mehanizminiň hereket etmeginiň netijeliligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetçilik harajatlary we gazanylan netijäni kesgitlemeklik we onuň ölçegliligi hojalygy rejeli alyp barmagyň esasy şertidir. Elbetde, pul jemgyýetçilik aragatnaşyklaryny emele getirmeýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklary önümçilikde jemgyýetçilik zähmet bölünşigini we aýratyn haryt öndürjileriň arasynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ynamly esaslandyrýar. Alyş-çalşygyň şunuň ýaly görnüşi natural hojalykda bolmaýar, ol ýerde zähmetiň tebigy bölünşigi hereket edýär we hojalygyň içki gatnaşygy iň ýakyn garyndaşlyk esasynda bolup geçýär. Ýöne altyn standart ulgamynyň aradan aýrylmagy we olaryň aýlanyşygynyň metala çalyşmaýan gymmat belgileri bilen çalşylmagy puluň nazaryýetiniň täzelenmegini talap etdi. Altynyň uzak wagtlap pul hökmünde çykyş etmegi, puluň düýp manysynyň, onuň altyn görnüşi bilen utgaşmagyna getirdi. “Altyn we kümuş özleriniň tebigaty boýunça pul bolman, pul özüniň tebigaty boýunça altyn we kümüşdir” – diýip öz wagtynda K.Marks ýazypdyr. Muňa garamazdan altyn we kümüş hakyky pul bolmaklaryny bes etdiler. Olar öz gezeginde puluň manysy bilen görnüşiniň arasynda düýpli tapawudyň bardygyny subut edýär we bu düşünjäniň esasy manysyna täzeden seretmeklige itergi berýär. Altyn standart ulgamyndan üpjünçiliksiz pul aýlanyşygyna geçilmegi uly möçberde önümçiligiň sazlaşdyrylmagy, bazar bäsleşiginiň çäklendirilen dürli gurallarynyň ýüze çykmagy, döwletiň ykdysady ornunyň güýçlenmegi, daşary ýurda çykarylýan maýanyň çäginiň giňelmegi, hojalyk durmuşynyň ösüşiniň dünýä derejesine çykarylmagy bilen baglanşyklydyr. Ýöne haryt önümçiliginiň transformirlenmegi gymmat kanunynyň görnüşiniň ýüze çykmagy, olaryň ýitip gitmegini aňlatmaýar. Puluň häzirki zaman seljermesine şu ýagdaýlary hasaba almak bilen çemeleşmeli. 19 Häzirki wagtda puluň ýeke-täk hakyky hereket edýän görnüşi zat we demir däl (kagyz we beýleki) pullarydyr. Olar dolanyşyk serişdesi, hazyna döretmek (toplamak) we töleg serişdesi wezipelerini ýerine ýetirmegiň doly monopollaşdyrdy we üznüksiz önümçiligiň hemme döwürlerinde harytlaryň, maýanyň we hyzmatlaryň hereketini üpjün edýär. Pul barada alymlaryň arasynda ýeke-täk çemeleşme ýok. Dürli ykdysady edebiýatlarda dürli-dürli kesgitlemelere gabat gelmek mümkin. Mysal üçin, pul aýratyn adamlaryň we tutuş jemgyýetiň durmuşyny dolandyrýan guralldyr. Pul bu islendik ýaşaýyş üçin naz-nygmatlary we emläkleri almaklyga hukuk berýan resminama. Pul ählumumy ekwiwalent bolup, beýleki harytlardan tapawutlanan harytdyr, onuň kömegi bilen önümiň özüne düşýän gymmaty we gymmaty kesgitlenilip haryt öndürijiler bilen sarp edijileriň arasynda alyş-çalyş ýola goýulýar. Puluň manysy barada ykdysady edebiýatlarda şu çemeleşmeler bar: 1. Pragmatik düşünje. 2. Gymmat wekili taglymaty. 3. Demir däl puluň hususy gymmatynyň ylmy çaklamasy. Pragmatik düşünjäniň tarapdarlary zat däl, gymmat bahaly metallara çalşylmaýan haryt dünýäsine garşy durýan pullar hakykatda pul antipodynyň ornuny tutujy bolup çykyş edýär. Bu pullarda baha emele gelmek ýagdaýy amala aşyrylýar. Puluň özi bu pullaryň hakyky gymmat ölçeg serişdesi bolup hyzmat edýändigini subut edýär. Beýle düşünje çäklendirilen seljermeleriň wezipeleri çözlende ýeterlik düşünje bolup durýar, ýöne hadysanyň (wakanyň) manysyna has çuňňur düşünmeklige mümkinçilik bermeýär. Gymmat wekili taglymaty kagyz pullara harytlaryň gymmat wekili hökmünde seredýär. Ol taglymat iki ugry öz içine alýar. Birinji ugra ýykgyn edýänler häzirki zaman zat däl karz pullary bazarda aýlanýan hemme harytlaryň umumy gymmat wekili hökmünde, ol harytlary öndürmeklige siňdirilen jemgyýetçilik zerur zähmeti diýip belleýärler. Şu taglymatda her bir pul birliginiň wekiliniň nähili ýagdaýda gymmaty kesgitlenilýändigi düşnüksiz bolup galýar. Mälim bolşy ýaly puluň ol ýa-da beýleki görnüşi harytda jemlenen gymmatyň ululygyny ölçäp bilýär. Pul birliginde görkezilýän gymmatyň ululygyny kesgitlemekligiň ýeke-täk düşündirilişi bolup, ol harytlaryň mukdarynyň olara garşy durýan pul toplumyny deňeşdirmek usuly bilen, başgaça aýdylanda birinjini ikinjä bölmek esasynda kesgitlenilýär. Ýöne şeýle edilende ilki bilen pul haryt bilen bilelikdäki alyş-çalşygyň täsiri esasynda öz gymmatyna eýe bolýar, soňra gymmaty aňladýar (şol harytlaryň bahasyny kesgitleýär). Emma puluň ählumumy ekwiwalent hökmündäki manysyna garşy gelýär. Ikinji ugruň tarapdarlarynyň çaklamalaryna görä häzirki zaman şertlerinde kagyz pullar bütewi haryt dünýäsinde gymmatyň wekilleri bolman, eýsem aýratyn tapawutlanan zat däl ählumumy gymmat ekwiwalenti hökmünde altynyň ornuny eýelän harydyň wekilidir. Bu çaklama laýyklykda, bazaryň bu hili harytlar bilen baglanyşygy 20 arakaly kagyz pullar gymmat ölçegi wezipesini altynsyz ýerine ýetirmäge ukyply bolup durýar. Täze “pul harytlarynyň” hataryna işçi güýji, haryt-hyzmat ornunda karz, elektrik energiýa ýaly köp dürli düşünjeler goşulýarlar. Metal däl pullaryň hususy gymmaty çaklamasy häzirki zaman şertlerinde altyna çalşylmaýan pullar, olaryň wekilleri bolman, eýsem özleriniň hususy içki gymmatlyklaryna eýedirler. Şol ylmy çaklama laýyklykda puluň gymmaty hamala iki döwürde döredilýär. Oňa esas bolup, puly öndürmeklige sarp edilýän zähmet hem-de olaryň hereket etmegini üpjün edýän zähmet çykyş edýär. Bu gymmat pul materialynyň bazar bahasynda özüni aňladýar. Ýöne ol alyş-çalyş gymmatyna öwrülýär we şonuň esasynda pul gymmatyň ählumumy ekwiwalenti bolup çykyş edýär. Pul gymmatyň ählmumy ekwiwalentinden, ýagny harydyň gymmatyny ölçemeklikden, haryt alyş-çalşygynyň aralykçysyna öwrülýär. Olar köptaraply ölçeg birligi bolmak bilen, dürli harytlaryň gymmatyny deňeşdirmeklige özboluşly tehniki gural bolup hyzmat edýärler. Garalýan gural jemgyýet tarapyndan ykrar edilen harytlaryň bahasyny mukdar taýdan aňladýan özboluşly serişdä, başgaça aýdylanda hasaplaşyk puluna öwrülýär. Pula şeýle çemeleşmeklik onuň hojalyk guralynyň zerur bölegi hökmünde saklanyp galmaklygy diýip çak edilýär. Pul, döwlet tarapyndan kanuny töleg serişdesi hukugyny alýar, haryda we hyzmata gürrüňsiz hukugy gazanýar. Olar harydy birek-birege çalyşmakda bazarda aralykçly bolmagyny dowam edýär. Ýöne bu ýerde “pul” düşünjesine öňkä garanyňda has ýüzleý many berilýär. Puly syýasy-ykdysady düşünje hökmünde kesgitlemek, onuň häsiýetini we dolanyşykda ýüze çykmagynyň sebäplerini açyp görkezmek, bütin adamzat düşünjesiniň köp asyrlyk taryhynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol baradaky işleriň sanynyň köplügine garamazdan, puluň tebigaty häzirki wagta çenli öz çözgüdine garaşýan mesele bolmagynda galýar. 1857-nji ýylda belli iňlis neoklassiki mekdebiniň ykdysadyýetçisi U.D.Jewans şeýle diýýär: “Ykdysadyýet ylmy üçin pul-geometriýa üçin tegelegiň dörtburçlugy ýalydyr”. Şonuň üçin günbataryň ykdysadyýetçileri uzak wagtyň dowamynda puluň nazaryýetiniň manysyna seljerme bermekden gaça durupdyrlar. Esasan-da ol “Keýnisiň rewolýusiýasy” döwründe ýüze çykypdyr, tölege ukyplylyk meselelerine üns güýçlenipdir, ýokary nazaryýetiň meseleleri çetde galdyrylypdyr. “Häzirki wagtda puluň esasy soraglaryny öwrenmeklik öz ähmiýetini ýitirdi” diýen düşünje giňden ýaýrady. Ellinji ýyllaryň okuw kitaplarynyň awtorlary belleýärler: “Puluň nämedigini bilmeklik esasy zat bolman, onuň ykdysady işjeňlige, önümçilige we zähmet hem maddy serişdeleriniň üpjünçiligine edýän täsirine düşünmeli”. Puluň nazaryýetine şunuň ýaly çemeleşmek onuň nazaryýet esasynda köp sanly ýetmezçilikleri we kemçilikleri açyp görkezmeýär. Düzgün bolşy ýaly, günbatar ykdysadyýetçileri özleriniň ünslerini pul aýlanyşygynyň mukdaryny häsiýetlendirmeklige ýa-da onuň düzümine ýada puluň hojalyk mehanizminde hereket etmeginiň kanuna laýyklygyna gönükdiripdirler. Bu babatda ABŞ-nyň kongresiniň kitaphanasynyň ylmy barlagçylary tarapyndan çap edilen kitaplary şu ýeri ýatlamaga mynasypdyr: “Öň köp bellenilişi ýaly pul – ol nämäni 21 ýerine ýetirýän bolsa şoldur. Pula berilýän kesgitleme hökmünde seredilende bu kanagatlanarly däldir. Ýöne bu puluň paragmatik ölçeglerini saýlap almaklykda dogry ünsüni çekýär. Puluň käbir ýerine ýetirýän wezipelerine olaryň görnüşi hökmünde seredilip bilner”. Günbataryň puluň nazaryýeti baradaky işleriniň geň galdyryjy ýagdaýlarynyň biri, olarda berk ylmy düşünjäniň ýoklugy, bazar ykdysadyýetinde puluň saklanyp galmagyny, hojalyk dolanyşygyna onuň ornaşdyrylmagy birtaraplaýyn we garşylyksyz düşündirilmegidir. Soňky on ýyllykda esasy güýç haryt-pul gatnaşyklaryny esaslandyryjy hadysalara düşünmeklige sarp edilip, şonuň esasynda pul nazaryýetiniň mikro esasyny emele getirmek we ony günbatar edebiýatynda höküm sürýän gymmatyň we bahanyň standart nazaryýeti bilen baglanyşdyrmak üçin synanşyk edilýär. Bu nazaryýet çaklendirlen peýdalylyk ýörelgelerine esaslanýar. Günbatar ykdysatçylarynyň bu nazaryýete gaýta-gaýtadan dolanyp gelmekleri tötänleýin däldir. Olar pul hojalygynyň dürli nusgalaryny gurmaklykda puluň adaty bolmadyk gizlin syrlaryny gözleýärler. Şeýlelikde, çylşyrymly usulyýet çemeleşmeleriň kömegi esasynda olar ykdysady ösüşde puluň orny baradaky şertnamalaýyn nazaryýet, täze düşünjeler bilen utgaşdyrylýarlar. Muňa garamazdan, karz kagyz pul nazaryýetiniň doly işlenilmezligi ösen bazar ykdysadyýeti bolan döwletlerde pullaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmeklerine päsgel bermeýär. Pullar pul nyşanlary hökmünde gyzykly hem-de özboluşly taryhy resminama bolup durýar. Geçmişiň şaýady bolmak bilen pullar bir döwletiň bolandygyna ýeke täk şaýat bolup durýar, şonuň üçin-de şaýlyklar bolmadyk bolsa adamzat öz geçmişiniň köp sanly örän möhüm wakalaryndan bihabar bolardy. Türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhy bar. Ol Parfiýa, Seljuklar we beýlekiler ýaly dünýäniň iri siwilizasiýalarynyň aýrylmaz bir bölegi hem-de mirasdary bolup durýar. Medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýan haryt pul gatnaşyklarynyň taryhyny bilmezden ony doly öwrenmek mümkin däldir.

Hajygurbanow H; Tahyrow B.

Türkmenistanyň pul-karz ulgamy-Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby-A.: TDNG,2012