«Туркменистан – Родина мира и доверия»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Туркменистан – сердце Великого шёлкового пути
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy


XVI asyryň başlarynda Antwerpen we Lion şäherlerinde biržalar açyldy.

Antwerpen biržasy. Antwerpen halkara söwda merkezi bolupdyr. Ol ýerde dürli alyş çalyş bilen meşgullanýanlar, süýthorlar, baý we mekir adamlar jemlenipdir. Olar golland hökümetiniň we aýratyn şäherleriň, şeýle hem fransuz, ispan, portugal, iňlis korollarynyň wekselleri, karz borçlary bilen söwdalaşypdyrlar. XVI asyryň birinji ýarymynda bu ýerde eýýäm karzlara köpçülikleýin ýazylmak we gymmatly kagyzlaryň bahasyny kesgitlemek bolup geçýär, şeýle hem ilkinji dellallar1- gymmatly kagyzlaryň aluw-satuwyndaky dellallar ýüze çykýarlar. Antwerpen biržasynyň gülläp ösen döwri gysgawagtlaýyn bolupdyr. 1567-nji ýylda ispan gersogy Alboý tarapyndan Antwerpeniň basylyp alynmagyndan we talanmagyndan soň, Ispaniýa bilen Gollandiýanyň arasyndaky uruş döwründe Antwerpen biržasy pese gaçdy. Muňa XVI asyryň iň soňunda ispan we fransuz monarhlarynyň karz boýunça töleglerini kesendikleri üçin bolup geçen iri birža howsalasy heläkçilige hem täsir etdi. Bu döwürde uly bolmadyk dolanşyk Liondaky biržada saklanyp galypdy. Ol demirgazygy artyklmaçlygyndan we Amsterdamyň tanymal deňiz söwdasyndan mahrum eden kataklizm tarapyndan gowşak degilipdi.

Ilkinji dellallar hemmetaraplaýyn alanyňda terjimeçiler boldular.Olar gelýän täjirlere ýerli ilat bilen gürleşmäge kömek etdiler. Sank-Peterburg biržasynyň ilkinji dellallarynyň terjimeçiler bolandygy islendik halatda hakykydyr.

Amsterdam biržasy. XVII asyrda halkara birža dolanşygynyň merkezi Amsterdamda ýerleşdirilipdi. Bu döwürde Gollandiýada kolonial söwda we manifakturalaryň, fabrikleriň ösüşine esaslanýan okgunly ykdysady ösüş bolup geçipdi. Birinjiden, birža amallarynyň Amsterdamda jemlenmegi ýurduň şol döwürde iň iri söwda-senagat we kolonial döwlet bolmagyna täsir etdi. Ikinjiden, ol ýerde esasy haryt, pul we karz dolanşyklary jemlendi. üçünjiden, Amsterdamyň ýokary galmagyna şäherde ilkinji paýdarlar jemgyýetleriniň we paýnamalar bilen amallary geçirmek üçin amatly söwda meýdançasynyň açylmagy ýardam etdi. Dördünjiden, şol wagtda banklaryň sany juda köpeldi we çalt baýamak isleýänleriň sany hem artdy, şol maksat bilen birža ýüz tutan hususy maýadarlaryň köp sanlysy ýüze çykdy.Şeýlelikde, Ost-Ind paýdarlar kompaniýasy 1602-nji ýylda döredildi, 

Aziýada kolonial işine 21 ýyllyk monopoliýa aldy. Ol paýnamalaryň goýberlişini we olar bilen biržada söwda etmegi guramagy ýola goýan ilkinji köpmilletli kompaniýa boldy. Kompaniýa 200 ýyla golaý ýaşady we hemişe öz paýdarlara ýyllyk hasapdan 18% dwidentleri töledi, emma 1800-nji ýylda bankrota düşdi. Müňlerçe adamlar paýnamalar bilen geçirilýän amallarda baýadylar we garyp düşdüler.

Amsterdam biržasynda bahasy kesgitlenen gymmatly kagyzlaryň ýaýrawy kem-kemden giňedi. 1622-nji ýylda täzeden döredilen West-Ind kompaniýasynyň paýnamalary satuwa girdiler, 1672-nji ýylda bolsa döwlet obligasiýalary, ýagny, golland döwlet karzlary, birža söwdasynyň obýekti boldular. ”Fond biržasy” adalgasynyň ýüze çykmagy hem hut şu döwre degişlidir. XVIII asyryň ortalaryna Amsterdam biržasynda gymmatly kagyzlaryň 44-a, şol asyryň ahyryna çenli bolsa 100-e golaýynyň bahasy kesgitlenildi1. Şol döwürde birža oýny we birža agzalary üçin düzgünler boýunça ilkinji ýazuw gollanmasy ýüze çykdy.

Amsterdam fond biržasynda kapitalistik birža dolanyşygynyň tehniki we guramaçylyk esaslary goýuldy. Nagt hasaplaşyk, ýagny gymmatly kagyzlaryň haýal etmän satyjydan alyja geçmegi üçin ylalaşyklar bilen bir hatarda, bu tölegleri ylalaşyk baglaşylan pursatyndan belli bir wagtyň dowamynda amala aşyrmak üçin hem ylalaşyklar baglaşylýar. Hut şonuň üçin hem köp adamlar Amsterdam biržasyny bu sözüň doly manysyndaky ilkinji fond biržasy hasaplaýarlar.

London fond biržasy. XVIII asyrda London fond biržasy iri fond biržasy boldy.Şol wagta çenli Londonda diňe üç kompaniýanyň paýnamalary aýlanýardy- Ost-Ind, Afrikan (gullar bilen söwdalaşýan) we Gussono (Demirgazyk Amerikada söwdalaşýan). XVII asyryň ahyrynda Angliýada Iňlis banky döredildi, köpsanly paýnamalar söwda senagat kompaniýalary ýüze çykdy, döwlet karzlarynyň obligasiýalary goýberildi. Netijede gymmatly kagyzlaryň aýlanşygy has artdy. Fond biržalarynda amallaryň aýratyn batly ösüşi 1711-nji ýyldan soň bolup geçdi. Şoňa görä-de, Günorta-Okean söwda kompaniýasynyň guramasy gymmatly kagyzlaryň söwdasynyň ösüşini çaltlandyrdy. 1720-nji ýyla çenli kompaniýanyň paýnamalaryň kursy 10 esse ýokarlandy we nominal bahanyň 1050% düzdi. Munuň özi birža bumyna we paýnamalaryň kursuny ýokarlandyrmak we birža düşewündini almak maksady bilen paýdarlar kärhanalara spekulýasiýanyň başlangyjyny girizmeklige getirdi. Şol döwürde bu hadysalar “Grýunderlik” diýlip atlandyryldy.

Synmaklyga (krah) getiren iki ýylyň içinde (1718-1720ý) esaslandyrylan 202 kärhanadan aglabasy çişirilen, köpüsi bolsa fantastiki häsiýete eýe boldular. Mysal üçin, hemişelik dwigateli oýlap tapmak, başga-da, adam saçlarynyň söwdasy üçin paýdarlar jemgyýeti döredildi. Aýa syýahat etmegi guramak üçin kompaniýany 

döretmeklik meýilnamalaşdyryldy. 1720-nji ýylda Londonyň fond biržasyndaky spekulýasiýalar synmaklyk (krah) bilen tamamlandy. Oňa iňlis parlamentiniň kabul eden “sabyn köpürjikleri hakynda akty” (Bubble Act) täsir etdi. Oňa laýyklykda 1718-nji ýyldan bäri hökümetden rugsat alman döredilen ähli paýdar jemgyýeti tiz satuwa (likwidasiýa) degişlidirler. Aktyň neşir edilmeginiň yz ýanynda birža howsalasy ýüze çykdy. Diňe bir çişirilen kompaniýalar däl, eýsem (onuň üsti bilen bäsdeşleri aradan aýryp we şonuň bilen birlikde öz amallary üçin kapitalyň akymyny artdyrmaga niýetlenen) Günorta-Okean kompaniýasy hem bankrotlaşdy.

Birža synmagy (krah), birža işini sazlamagyň başlangyjyny goýdy. XVIII asyryň ikinji ýarymynda Londonyň fond biržasynyň guramaçylyk düzümi dikeldildi we 1773-nji ýylda birža işleri birža söwdasy üçin hususy jaýa eýe boldy. Onda ilkinji gezek “Fond biržasy” (Stock Exchange) diýen ýazgy peýda boldy we oňa girmek üçin töleg 6 pens boldy. 1802-nji ýylda Londonyň fond biržasy birža söwdasy üçin ýörite gurulan başga bina göçdi. Şol wagtdan bäri hem ol öz-özüni dolandyrýan ýapyk hususy korporasiýa boldy. Birža girmek hukygyny diňe korporasiýanyň agzalary aldylar; täze agzalar biržanyň hereket edýän iki sany agzasynyň hödürnamasynyň bolmagynda dalaşgär bolmak bilen kabul edilýärdi, biržanyň baştutanlygyna onuň agzalarynyň saýlan topary goýulýardy. Şeýlelikde, häzirki zaman fond biržasy ýüze çykdy.

Eýýäm 1840-njy ýyllarda Welikobritaniýada doly bahaly pullaryň we döwlet kagyz belgileriniň dürli karz dolanşygynyň gurallaryna - çeklere, weksellere, pul serişdeleriniň bank geçirijilerine, obligasiýalara, paýnamalara, renta kagyzlaryna çalyşmagyň ösüş tizligi aýdyň bellenildi. XIX asyryň ortalaryna karz bazarynyň konsentrasiýa we globalizasiýa derejesiniň ýöne bir nobatdaky ösüşi bolup geçmän, eýsem indiden beýläk karzyň wirtual görnüşine geçmegi bilen baglanşykly bolan kapitalyň hereketiniň hil taýdan täze görnüşi ýüze çykdy. Munuň özi karz bazarynyň ösüşiniň öňdäki tapgyryna bolan gatnaşykda täzelikdi. Bu hadysa karzyň we pul kapitalynyň maddy önümçilikden we söwdadan üzňeleşmeginiň täsiri bilen bolup geçdi.Karz we pul kapitaly ösüşiň özbaşdak, içki kanunalaýyklyklary bilen iri-wirtual derejä öwrüldi. Muňa çenli olaryň XIX asyryň ortalaryna gutarnykly resmileşdirilen wirtuallaşmagynyň diňe ösüş ugry bellenipdi. Bu döwre çenli şeýle kapitallaryň dislokasiýasynyň esasy orny bellenildi.

Öz wagtynda diňe bir marksistik edebiýatlarda däl, eýsem liberal düşünjeli buržuaz ylmy barlagçylarynda “galp kapital” düşünjesi ykrar edildi. Onuň aýlawyna fabrikleriň we zawodlaryň, haryt gorlarynyň, maşyn we enjamlaryň, altyn we pullaryň (hakyky kapital) kapitaly däl-de, maddy aktiwleriň gymmatly kagyzlardaky şöhlelenmesini girizdiler. Bularyň iň soňkusy özbaşdak ýaşaýyşa eýe boldular, olaryň dolanşygy bolsa hakyky kapitalyň hereketinden üzňeleşdi. Munuň özi gymmatly kagyzlaryň görnüşinde ýüzleýdi. Maliýe-karz gurallarynyň resmi we resmi däl (elektron faýl görnüşinde) görnüşde dolanşygynyň häzirki zaman tapgyry olaryň öňki ýagdaýyndan - galp kapitaldan düýpli tapawutlanýar. Entäk 20 ýyl mundan ozal gymmatly kagyzlaryň nagt däl görnüşde bolmagy ýörite bellige alyjylarda saklanýan aýratyn kitaplardaky ýazgylarda aňladyldy. Häzirki wagtda resminama dolanşygyny guramagyň nagt däl görnüşi öz tebigaty boýunça köplenç elektron ýazgylara esaslanýar. Wirtual ýagdaý galp kapitaldan çäklendirmeleri (territorial we wagtlaýyn) doly aýyrýar. Oňa köpüsi ýönekeý kagyz resminamalaryna däl-de, maglumat kosmopolitik kategoriýalara degişli bolan ýokarlandyrlan hereketi we täze elementleri berýär. Gymmatly kagyzlar ýyldyrym çaltlygynda ýer şarynyň dürli künjündäki islendik tutuja ýerleşmek mümkinçiligine eýe boldy.

XIX asyryň ortalaryna çenli London diňe bir uly Britan imperiýasynyň däl, eýsem Ýewropanyň we Amerikanyň köp kontinental ýurtlarynyň ähli erkin pul serişdeleriniň jemlenýän ýerine öwrüldi. London halkara bankir, onuň bazary bolsa bütün dünýäniň kapitallarynyň merkezi bazary boldy.Londonyň dünýäniň maliýe merkezine öwrülmegine iňlis walýutasynyň – funt sterling - 100 ýyla golaý (XIX asyryň ortalaryndan XX asyryň ortalaryna çenli) liderligini saklan umumy ykrar edilen dünýä walýutasy bolmagyna hem ýardam etdi. Muňa garamazdan XIX asyryň ikinji ýarymyndan birža hereketi diňe bir Londonyň fond biržasy bilen çäklenmedi. Ol köp ýurtlarda ösüşe we dürli görnüşlere eýe boldy.

Köpsanly tanymal adamlar, şol sanda diplomatlar, ýazyjylar we gymmatyň zähmet nazaryýetini esaslandyryjylar Londonyň fond biržasynda oýnamak bilen, özlerine maýalyk (kapital) döredýärdiler. Olardan XIX asyryň birinji ýarymynda iň tanymal sypatlaryň biri diplomat Ý.W. Taleýran (1749-1838ý) boldy. Diplomatyň işi Londonda “insaýder” habarlaryny ulanmagyň göreldesi boldy. 1830-njy ýyllarda ol özüniň wezipe ýagdaýyndan peýdalanyp kompaniýalaryň we hökümetiň işi baradaky maglumatlary anyklap, öz kömekçisi L. Monronyň üsti bilen biržada geleşikleri amala aşyrýardy. Taleýranyň ömrüniň ahyrynda onuň baýlyk ýagdaýy Ýewropada iň irileriň biri hökmünde bahalandyryldy.

Başga bir mysal Džon Lo (1671-1729) bolup, ol “Lo ulgamyny“ esaslandyryjydyr. Bu ulgam önümçilige we söwda zeper ýetirýän karzyň, banklaryň, biržalaryň we birža oýunlarynyň arşa göterilmeginde gurulandyr. Köp adamlar Dž. Lo bilen Dž.Keýnsiň arasyndaky mistiki meňzeşligi tapýarlar. Ony köplenç “inflýasiýanyň atasy”, “karzyň jadygöýi” we “beýik birža spekulýanty” diýip atlandyrýarlar. Ol karzlaryň, kagyz pullaryň we birža oýunlarynyň kömegi bilen hemişelik gülläp ösüşe eýe bolmaklygy umyt edýärdi. Lo öz emlägini iki kompaniýanyň paýnamalary arkaly, birža oýunlarynyň netijesinde döretdi we köpeltdi. Bu kompaniýalara 1716-njy ýylda arzan karzlary berýän “Ähliumumy bank” (Pariž) we 1717-nji ýylda “Indiýa Kompaniýasy” (kähalatda ony “Missisipi kompaniýasy” diýip hem atlandyrylýardy - sebäbi ol ilkibaşda şol döwürde Fransiýa degişli bolan Missisipi derýasynyň basseýnini özleşdirmek üçin döredilipdi) degişlidir.

Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy 1790 ýyllarda emele geldi. Şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaş, çalt ösýän döwletdi. Onuň ilaty Demirgazyk Amerikanyň Gündogar kenar ýakasynda ýerleşen 14 sany ştatda ýaşan 4 mln. adamdy. Nýu-Ýork prowinsial şäher bolup, Boston we Filadelfiýadan soň ululygy boýunça üçünji ýeri tutýar. Ilkinji söwda üçin elýeterli gymmatly kagyzlar garaşsyzlyk urşunyň netijesinde emele gelen 80 millionlyk bergini maliýeleşdirmek üçin çykarylan hökümet obligasiýalary boldy. 1790 ýyllarda döwletde 300-den köpräk paýdarlar jemgyýetleri döredildi. Olaryň köpüsiniň paýnamalary biržalarda aýlanýardy.

1792 ýylda 24 sany dellal öz aralarynda ylalaşyp, bir umumy komission haky barada gepleşip, ýörite şertnama gol çekdiler. Biržanyň listinginde ilkinji kompaniýa hökmünde Nýu-Ýorkyň banky çykyş etdi. 1817 ýylda dellallar New York Stock and Exchange Board (Nýu-Ýorkyň birža we alyş-çalyş guramasyny) döretdiler we biržanyň ilkinji düzgünnamasyny kabul etdiler. 1835 ýylda söwdanyň ortaça gündeki möçberi 8,5 müň paýnama ýetdi. 1863 ýylda biržanyň adyny Nýu-Ýork gazna biržasyna çalyşdylar. Birža başdan diýen ýaly umumy milli gurama hökmünde gurulýardy. Häzirki zaman ady bellenilen badyna biržanyň ýolbaşçylary we dellallary özleriniň halkara gatnaşyklaryny berkitdiler we birnäçe Ýewropa biržalary hem öňdebaryjy daşary ýurt dellallaryň edaralary we banklary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdular. 1880 ýyllarda Sankt-Peterburgdaky birža bilen hyzmatdaşlyk gurnalyp, XX asyryň başynda bolsa rus kompaniýalar bilen baglanyşykly ilkinji kagyzlar (depozitar dilhatlary) emele gelýär.

Sankt-Peterburgdaky birža. Russiýa imperiýasynda ilkinji biržany Gollandiýada bolup bu guramany gören Pýotr I-niň başlangyjynda 1703 ýylda Sankt-Peterburgda düýbüni tutdular. Sankt-Peterburg biržasy Ýewropadaky iň köne biržalaryň hataryna girýär. Pýotr I-niň yglan eden Esasy magistriň reglamentinde: “Şäher edarasynyň golaýynda, daşary ýurtdaky söwda şäherleriň nusgasynda biržalary, gämileriň gelmegi hem göýberilmegi we söwda baradaky sanawnamalar üçin, şeýle hem olarda täjirlere öz söwdasyny guramak üçin we weksellerini düzetmek üçin duşuşar ýaly gurmaly” diýip buýrulýardy1. Dogrusyny aýdaňda, Sankt-Peterburg biržasy söwda birža hökmünde emele geldi. Gazna wezipeleri biržada diňe XIX asyryň soňky üçden bir böleginde berkidildi, XX asyryň başynda bolsa resmi suratda biržanyň gazna bölümi döredildi we diňe şondan soň ol gazna biržasyna öwrüldi.

Tutuş XVIII asyryň dowamynda döwletiň ykdysadyýetinde birža örän ujypsyz orny tutýardy, bu bolsa onuň emeli döredilmegi bilen düşündirilýärdi (içerki şertleri we talaplary ýetişmese-de, kesekiniň tejribesi alyndy). Şol wagt söwda marşrutlaryň çatryklarynda we harytlara bolan köpçülikleýin islegiň ýerlerinde tebigy şertlerde gurnalýan ýarmarkalar we bazarlar köp duşýardy. Käbir ýarmarkalar entek ilkinji knýazlar tarapyndan döredildi we, adatça, derýä gämileriň we baržalaryň geçýän ýollarynda ýerleşdirýärdiler. Iň belli ýarmarkalar Nižniý Nowgorodyň, Muromyň ýarmarkalarydy, şeýle hem Rybinskdäki galla ýarmarkasydy. Şol ýerden harytlar tutuş Ýewropa iberilýärdi.

Pýotr I döwründe umumy bütin russiýa bazary ýokdy, ol diňe indiki asyrda emele gelip başlady, paýdarlar kompaniýalar hem entek ýokdy (Pýotr I döwlet manufakturalary we dag zawodlary ornaşdyrdy), döwlet bergisi obligasiýa görnüşinde hem ýokdy. Obligasiýalaryň bazary diňe Ýekaterina II-den soň emele gelip ugrady. Ol ilkinji bolup daşary ýurtdaky banklary daşky berginiň üstünden işlemek üçin çagyrdy. Içerki dolanyşykda bolsa obligasiýalar ondan hem giç – XIX asyrda ýüze çykdy. Şeýlelikde, gazna biržasyna gerek bolan söwda gurallary biržanyň guramagyndan bir ýarym asyr geçen soň emele geldi.

XVIII asyrda birža daşary ýurt we watandaky söwdagärleriň daşary ýurtdan getirilen harytlary satmak we watandaky hrytlary deňiz bilen ugratmak üçin duşuşylýan ýer hökmünde hyzmat edýärdi. Edil biržanyň ýanynda amatly gämi duralgasy, suwuň inişi we harytlary kabul etmek üçin ýöriteleşdirilen ammarlar ýerleşýärdi. Bularyň ählisi Wasiliý adasynyň burnunda ýerleşýärdi. Ol ýerde ýokarda şuwagt hem gämileriň rostwerkleri bilen we baýramçylyklarda ýakylýan alawlar bilen iki sany sütün şaherlileri we Demirgazyk Palmiranyň myhmanlaryny garş edýär. 

Ýuwaş-ýuwaşdan biržada harytlar bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň walýutasyny söwda edip başladylar. Bu haryt dolanşygyny üpjün etmek üçin zerurdy. Başda söwdanyň zady hökmünde diňe daşary ýurt şaýlary çykyş edýärdi, emma XIX asyryň başyna çenli daşary ýurt kagyz pullary, şeýle hem walýuta wekselleri söwda girizildi.

1805-1815-nji ýyllarda Wasiliý adasynyň burnunda agaç ammarlaryň we uly bolmadyk traktirli söwda meýdançasynyň ýerinde gurluşykçy J.Tom de Tomonyň proýekti boýunça rus giçki klassisizmiň stilinde Sankt-Peterburg biržasynyň gözel ymaraty guruldy. Ol ymarat şu güne çenli saklanyp galdy – onuň içinde şu wagt Merkezi harby-deňiz muzeýi ýerleşýär. Söwda zalyň uzynlygy 41 metrden köpdi, giňligi bolsa – 21 metrdi (100 ýyldan diýen ýaly soňra gurulan Nýu-Ýork gazna biržasynyň täze binasynyň söwda zaly ondan biraz ulurakdy – 45 metr 35 metre). Inli penjireler zalda ýeterlikli ýagtylmany üpjün edýärdiler2. Nikolaý I-niň dolandyrýan döwri Birža dellallar we Birža komiteti baradaky kanun (1831ý.) we biržanyň düzgünnamasy (1832ý. 5 oktýabry) tassyklanyldy.

1796-nji ýylda döwletde ikinji birža – Odessadaky Birža emele geldi. Soňra esasy söwda merkezlerde hem biržalar döredildi: 1816ý. – Warşawada, 1837ý. – Moskwada, 1842ý. – Rybinskde, 1848ý. – Nižniý Nowgorodda. Täze biržalar tebigy şertlerde söwda islegleri kanagatlandyrmak üçin ýerli we gelen söwdagärleriň ylalaşygy netijesinde emele gelýärdiler. Moskwadaky we Rybinskdäki biržalary döretmekde Sankt-Peterburg biržasynyň düzgünnamasynyň nusgasyny göçürip alan we ony döretmäge ýardam eden ýerli general-gubernatorlar belli orny eýeleýärler. Olar hem biržanyň maksatlary üçin jaýlary berdiler we olary bejertdiler. 1916-nji ýyla ýetip, Russiýada 80 biržalara golaý bardy, olaryň köpüsi bolsa (59 sany) örän gysga wagtda (1904-nji ýyldan 1916-nji ýyla çenli) döredildi.

Ilkibaşda biržalarda gymmatly kagyzlar bilen işleşmek, döwlet bergisiniň döremegi we ösmegi bilen baglydy. XX asyryň başyna çenli biržalaryň köpüsinde, esasan, çöregi we şekeri, Demirgazykda bolsa hem sütügi, agajy satýardylar. Diňe Sankt-Peterburgdaky birža şol wagta ýetip gazna biržasyna öwrüldi. Söwdanyň esasy möçberi edaralaryň paýnamalary, demir ýollaryň obligasiýalary we döwlet bergisi bilen geçip başlady. 1901-nji ýylda hökümet Sankt-Peterburg biržanyň gazna bölümi üçin düzgünleri kabul etdi, olar gazna biržasynyň taryhynyň başyny başladylar. Täze düzgünler Russiýada uly birža özgertmeleriň geçirilýändigi tassyklaýardylar we Sankt-Peterburgda gymmatly kagyzlaryň iň uly guramaçylykly halkara bazary esaslandyrmaga ýardam edýärdiler. Ondan soňra döredilýän kärhanalaryň paýnamalaryny, şeýle hem bergidarlyk borçnamalary satmak aýry-aýry sebit biržalarda hem ýaýrapdyr. 1828-nji ýylda esaslandyrylan, Birinji Jahan urşundan öň edil paýtagtdaky birža ýalak gazna biržasy bolan Moskwadaky birža aýratyn üstünliklere eýe boldy. Ol diňe bir Moskwadaky däl-de, eýsem sebitdäki paýdarlar jemgyýetleriň köpüsiniň, aýratyn hem banklarynyň gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny jemledi. 1915-nji ýylda biržanyň 402 agzasy bardy, şol sanda 82 özbaşdak telekeçi, 62 söwda öý, 242 bileleşik we paýdarlar jemgyýet. 1913-nji ýylda biržadaky döwlet obligasiýalaryň dolanyşygy 11,7 mlrd.rub., 40 sany paýdarlar jemgyýetleriň paýnamalaryň dolanyşygy – 800 mln.rub., 29 banklaryň paýnamalaryň dolanyňygy – 500 mln.rub. deň boldy.

Birža zallarynyň möhüm meseleleri çözmek üçin ulanylmagy seýrek däldi, dellallar bolda täze kanun taslamalaryň we iş ugurlaryň başlaýjylary hökmünde çykyş edýärdiler. Mysal üçin, 1917-nji ýylyň maý aýynda Petrograd biržasynyň binasynda (urşuň başynda Sankt-Peterburg biržasynyň adyny Petrograd biržasyna çalyşdylar) köp adamly ýygnak geçirildi. Onda döwletiň ykdysady gurluşyndaky sosial özgeriş baradaky soraglar, şeýle hem Palestinany koloniýalaşdyrmagy we tiz ele almagy maksady bilen onda göçmek baradaky işi maliýeleşdirmek üçin kapitalyň gönükdirmegi ara alynyp maslahatlaşylýardy. Ondan başga-da, iňlis goşunda legiony döretmek baradaky (Jabotinskiýiň maksady) we Ysraýylyň ýerlerini türkleriň agalygyndan azat etmek üçin russiýada ýörite goşunyň döretmegi (I.Trumpeldoryň maksady) baradaky meseleler gozgalýardy2. Ondan öň biržanyň dellallary Russiýada ilkinji saýlawlary maliýeleşdirmäge we agitasiýasyna işjeň gatnaşdylar. Olaryň kömegi bilen senagatçylaryň partiýasyndan deputatlar Duma girip bildiler. 1917 ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soň biržada söwda togtamady, ol 1918 ýylyň başyna çenli dowam etdi.

Gymmatly kagyzlaryň hümmeti, harytlaryň bahalarynyň hereketi, emitentler we birža tilsimatlary baradaky birža maglumatlary “Biržanyň wedomostlary” belli rus gazetiň materialynyň esasyny düzýärdiler. Gazet 1861-nji ýyldan 1917-nji ýylyň 6-njy oktýabryna çenli çap edilýärdi. 1893 ýyldan başlap günde iki gazeti çykarmaga geçdiler. Irdenki çapda öten söwda güni barada maglumat berilýärdi, günortan bolsa irdenki sessiýanyň netijeleri ýazylýardy. Birža gazeti günde iki wagtynda diňe bir Sankt-Peterburgda we Moskwada okaman, eýsem Odessanyň, Kiýewiň, Lwowyň, Harkowyň, Warşawanyň, Riganyň, Çernowtsowyň, şeýle hem russiýa imperiýasynyň Ýewropa böleginiň başga uly söwda merkezleriniň söwdagärleri we bankçylary okapdylar. “Biržanyň wedomostlary” bilimli rus intelligensiýasynyň medeni mirasy bolup ugrady. Bu gazetiň sahypalarynda Russiýanyň täzeden gurmaklygyň edebi, syýasy, filosofiki we ykdysady soraglary boýunça jedel edilýärdi.

Gazna biržalar bilen bir hatarda söwda, gämi kireýi, altyn biržalary hem ösýärdi, XX asyrda bolsa deriwatiwleriň biržalary we başgalar hem ösüp ugrady. Biržalarda köp operasiýalar karzlara alyp barýardy we ssuda puluň hereketini teklip edýärdi. Olaryň esasynda alyş-çalyş gurnalýardy, biržanyň harytlary az-azdan karz görnüşe öwrülýärdi, ssuda kapitaly biržalarda paýnamalar we obligasiýalar görnüşinde aýlanýardy, karzlar bolsa stanfartlaşdyrylan karz şertnamalar görnüşe eýe boldylar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary: 

Amanowa M, Babaýewa J, Haýdarowa L, Hemraýew D, Nurmedow P.