Salgyt ulgamy kämilleşdirilýär
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere özüniň köpugurly täsirini ýetirýän netijeli maliýe gurallarynyň biri salgytlardyr. Döwletiň ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda salgyt ulgamy aýratyn orny eýeleýär. Şeýle hem bazar gatnaşyklar ulgamynyň düzüminde we döwlet tarapyndan ony kadalaşdyrýan mehanizmde salgyt syýasaty özüniň göni täsirini ýetirýär. Halkara salgyt tejribesinde her bir döwlet öz ykdysadyýetiniň ösüşini yzygiderli üpjün etmek we ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin ykdysadyýete täsir ediş ulgamynyň birnäçe usullaryny ulanýar. Sebäbi bu usullaryň üsti bilen döwlet ykdysadyýetiň kadalaşdyrylyşyny gazanýar. Salgytlar babatynda döwletiň geçirýän ähli çäreleri öz beýanyny salgyt syýasatynda tapýar. Ykdysadyýetiň salgytlar arkaly kadaladyrylmagy täze salgytlary bellemek ýada hereket edýänsalgyt kanunçylygyna üýtgeşmeleri girizmek arkaly amala aşyrylýar.Salgyt töleýjileri, salgyt salynýan binýatlary, salgyt özenini, möçberini we ýeňilliklerini, salgytlary hasaplamagyň tertibini kesgitlemek bilendöwle tmilli bähbitlerden ugur alyp,telekeçiligi we maýa goýum işlerini höweslendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen,salgyt ulgamy işjeň döwrebaplaşdyrylýar. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine we raýatlarymyzyň durmuş şertleriniň has hem ýokarlanmagyna ýardam berýär.Hut şu nukdaýnazardan hem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»salgyt syýasatyna möhüm orun berilýär. Maksatnamada ykdysady ösüşi höweslendirmäge, salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen salgyt syýasatyny alyp barmaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeklige, innowasion ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilençeýe salgyt syýasatyny alyp barmak, ýokary tehnologiýalara esaslanýan pudaklary salgyt babatynda höweslendirmek ýaly birnäçe ugurlar boýunça salgyt ulgamyny kämilleşdirmek nazarda tutulýar.Munuň bolsa özüne ýeterlik esaslary bardyr, sebäbi salgytlar birtarapdan,ykdysady,hukuk,durmuş hem filosofik esaslary bolan maliýe guralydyr, ikinji tarapdan bolsa, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bir görnüşidir.Häzirki wagtda islendik ýurduň salgyt ulgamy takyk ýörelgeler eesaslanyp hereket edýär.Türkmenistanyň «Salgytlar hakynda»bitewi Kanunynyň 1nji maddasynyň 2nji bendinde: «Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy salgyt salmagyň ählumumylygyny we deňligini ykrar etmäge esaslanýar»diýip bellenilýär.Salgyt ulgamynyň netijeli hereket etmegi onuň esasynda durýan salgyt salmak ýörelgelerine baglydyr, şonuň üçin salgyt salmagyň ýörelgeleriniň ylmy esasda işlenip düzülmegi salgyt ulgamynyň durnukly hem ygtybarly hereket etmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Mälim bolşy ýaly,jemgyýetiň hemde döwletiň bähbitlerini gorap saklamak,onuň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýäde wajyp meseleleriň biridir. Dünýä tejribesinde öz nusgalarynyň köpdürlüligi bilen mälim bolan bazar ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylmagy bilen üsti ýetirilýän durmuş eşretlerine gönükdirilen hojalygy häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda senagat taýdan ösen ýurtlaryň taryhyna ser salsak, ykdysady pudaklaryň sanly ulgama geçirilmeginiň ýokary netije berýändigini görkezýär. Sanly ykdysadyýet ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adamlaryň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda ýurdumyzda hem özüniň oňyn täsirini ýetirýän sanly tölegli ulgam ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir. 2020nji ýylyň başynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan uly işleriň netijesidir. Mundan başgada, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň we onuň garamagyndaky bölümleriň resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamynyň girizilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Dünýä tejribesi salgyt töleýjiniň hut özüniň salgyt edarasynda bolmagynyň hökman däldigini, oňa ýörite barmagyň zerurlygynyň ýokdugyny, salgyt töleýjileriň höweslendirilýändigini görkezýär. Galybersede, salgyt töleýjileri elektron görnüşde hasaba almak we elektron resminama dolanyşygy dünýä boýunça hem öňdebaryjy usul diýip hasaplanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt, doly we ýokary derejede kanagatlandyrylýar. Üçünji müňýyllykda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň ünsüniň hasda artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar.
Batyr BAÝMYRADOW,
Arkadag şäheriniň Salgyt müdirliginiň salgyt inspektory.