DAŞARY ÝURT GÖNI MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEKDE SÖWDANY ÝEŇILLEŞDIRMEGIŇ ORNY

DAŞARY ÝURT GÖNI MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEKDE SÖWDANY ÝEŇILLEŞDIRME 

Nurjahan MEREDOWA,

Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­ni Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk bö­lü­mi­niň baş hü­när­me­ni

Maýa goýumlary ugrunda barha güýçlenýän global bäsdeşlik şertlerinde dünýä ýurtlary daşary ýurt göni maýa goýumlaryny (GDÝM) çekmek üçin iň amatly şertleri döretmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaý ykdysady durnuklylygy köp babatda daşary ýurt maliýeleşdirmesine we tehnologik kömegine daýanýan ösüp barýan ýurtlar üçin has-da möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, söwdanyň ýeňilleşdirilmegi maýa goýum syýasatynyň möhüm guralyna öwrülýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) kesgitlemesine laýyklykda, söwdanyň ýeňilleşdirilmegi «eksport-import amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini, döwrebaplaşdyrylmagyny we utgaşdyrylmagyny» aňladýar. Bu düşünje daşary-ykdysady işlere gatnaşýan taraplar üçin has täsirli, açyk we çaklap bolýan gurşawy döretmäge gönükdirilen institusional we tehniki çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. Hususan-da, bu çäreleriň hatarynda gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, serhet gözegçiliginiň awtomatizasiýalaşdyrylmagy, resminamalaryň we maglumatlaryň tabşyrylmagy üçin «bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy, resminamalara bolan talaplaryň standartlaşdyrylmagy, barlaglaryň we administratiw päsgelçilikleriň azaldylmagy bar. Bu ugurdaky ädimler serhet geçelgelerinde wagty we çykdajylary ep-esli azaldyp, logistikanyň ösüşini gowulandyrýar. Şeýle şertler diňe salgyt ýa-da zähmet faktorlaryna däl, eýsem söwda we düzgünleşdiriji gurşawyň netijeliligine hem seredýän maýadarlary özüne çekýän amatly maýa goýum gurşawyny kemala getirýär. Amallaryň aç-açanlygy, kadalaşdyryjy binýadyň durnuklylygy we logistiki amallaryň tizligi maýa goýumlaryny çekmekde ýurtlaryň bäsdeşlik artykmaçlyklaryna öwrülýär. Daşary ýurt göni maýa goýumlary (DÝGMG) — daşary ýurt kompaniýalarynyň ýa-da hususy maýadarlarynyň başga bir ýurtdaky önümçilik, hyzmat, ulag we beýleki pudaklara uzak möhletleýin aralaşmak we olaryň dolandyryş işine goşulyşmak maksady bilen edýän goýumlarydyr. Portfel maýa goýumlaryndan tapawutlylykda (olaryň maksady paýnamalaryň ýa-da obligasiýalaryň satyn alynmagy bilen çäklenýär), GDÝM ykdysady işjeňlige gönüden-göni gatnaşmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegini, häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we kabul edýän ýurt üçin uzak möhletleýin ykdysady täsirleriň ýüze çykmagyny öz içine alýar. Söwdanyň ýeňilleşdirilmegi, aýratyn-da halkara maýa goýumlaryny özüne çekmäge çalyşýan ösüp barýan ýurtlar üçin maýa goýum gurşawyna köptaraplaýyn we strategik taýdan täsir edýän möhüm faktordyr. Söwda özgertmeleriniň esasy täsirleriniň biri eksport-import amallary bilen bagly wagt we transaktiw çykdajylaryň ep-esli derejede azaldylmagyna alyp barýar. Iş ýöredilişiniň ýönekeýleşdirilmegi, resminamalaryň elektron dolanyşygy, «bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy we gözegçilik işiniň awtomatlaşdyrylmagy bilen telekeçiler önümleri serhetden has çalt geçirip, logistika zynjyrlaryny jikme-jik düzgünleşdirmek arkaly gümrükdäki garaşmalardan, gijikdirilmelerden we gaýtalanýan barlaglardan gelip çykýan çykdajylary azaldyp bilýärler. Şeýle-de, hukuk kadalarynyň takyklygy, edara düzümleriniň işiniň aç-açanlygynyň artmagy durnukly işewürlik gurşawynyň esasyny düzýär. Haçan-da kadalar düşnükli, durnukly we bazaryň ähli gatnaşyjylaryna deň derejede ulanylanda, daşary ýurt maýadarlary üçin bäsdeşlikli gurşaw döredilýär. Maýadarlar kadalaşdyryjy töwekgelçilikleriň iň az bolan gurşawlaryny gözleýär. Munuň özi, aýratyn-da maýa goýumy köp talap edýän we uzak möhletleýin taslamalar üçin örän möhümdir, çünki şeýle taslamalarda kadalaryň üýtgemegi we hukuk taýdan näbellilik uly töwekgelçilikleri döredýär. Mundan başga-da, söwda gurşawynyň gowulaşmagy ýurduň halkara abraýyna gönüden-göni täsir edýär. Mysal üçin, söwdanyň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilen özgertmeler Bütindünýä Bankyň «Business Ready» (B­READY), «Logistics Performance Index» (LPI) we Bütindünýä Ykdysady Forumynyň «Global Competitiveness Index» (GCI) ýaly reýtinglerinde öz beýanyny tapýar. Bu reýtinglerde kadalaryň kämilleşdirilmegi diňe bir daşary ýurt maýadarlaryna ýurduň iş gurşawynyň amatlydygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem deň derejede ösen ýurtlar bilen bäsdeşlikde ýurduň üstünligini artdyrýar. Netijede, söwdanyň ýeňilleşdirilmegi ýurduň global baha zynjyrlaryna has içgin goşulyşmasyna ýardam edýär. Häzirkizaman önümçilik ulgamlary birnäçe ýurtlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýandygy sebäpli, şeýle transmilli zynjyrlara gatnaşmak üçin çalt we ygtybarly hereket edýän logistika ulgamynyň bolmagy möhüm şertdir. Söwda 32 özgertmeleri diňe bir eksportyň mukdaryny artdyrman, eýsem daşary ýurt kompaniýalarynyň önümçilik, toplaýyş we logistika merkezlerini ýerleşdirmek üçin ýurduň özüneçekijiligini hem ýokarlandyrýar. Bu bolsa daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň netijeliligini artdyrýar we ykdysady ösüşe itergi berýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) çäklerinde söwdanyň ýeňilleşdirilmegi we maýa goýum özüneçekijiligi biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirýän hadysalar hökmünde seredilýär we durnukly ykdysady ösüşe we ösüşiň dowamlylygyna ýardam berýän mehanizm hökmünde kabul edilýär. BSG-niň söwdanyň ýeňilleşdirilmegi babatyndaky esasy guraly 2017-nji ýylda güýje girizilen Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşykdyr (Trade Facilitation Agreement, TFA). Bu resminama BSG döredilenden soň kabul edilen ilkinji köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, onuň esasy maksady serhetden harytlaryň geçmegini çaltlandyrmak, iş amallaryny aýdyňlaşdyrmak we transaktiw çykdajylary azaltmakdyr. Ösüp barýan we geçiş döwründäki ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hem şeýle ylalaşyklara gatnaşmagy global goşmaça gymmatlyk zynjyrlaryna goşulmak we daşary ýurt göni maýa goýumlaryny çekmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. BSG-niň çäklerinde maýa goýumlary ýeňilleşdirmek boýunça TFA-dan daşgary hem işler alnyp barylýar, munuň netijesinde täze halkara ylalaşyk – Ösüş maksatly maýa goýumlara ýardam bermek baradaky Ylalaşyk (Investment Facilitation for Development, IFD Agreement) işlenip düzüldi. Bu ylalaşyk maýadarlaryň ösüp barýan ýurtlarda iş alyp barmagyna päsgel berýän böwetleri aradan aýyrmaga gönükdirilip, adaty maýa goýum ylalaşyklaryndan tapawutlylykda, maýalary goramaga däl-de, açyk, täsirli we çaklap bolýan administratiw gurşawy döretmäge gönükdirilýär. IFD Ylalaşygy daşary ýurt maýadarlary üçin amatly we çak edilip bilinýän administratiw gurşawy döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine alýar. Bu ylalaşygyň çäginde rugsatnamalaryň, bellige alyşlaryň we telekeçilige başlamagyň düzgün-tertibini ýeňilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa býurokratik ýüküň ýeňledilmegine we maýa goýum işleriniň çaltlaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, bu ylalaşyk kanunçylyk, iş kadalary we düzgünler ýaly kadalaşdyryjy maglumatlara elýeterliligiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi açaçanlygyň ýokarlanmagyna we töwekgelçilikleriň peselmegine getirýär. Ylalaşygyň esasy bölekleriniň biri hem döwlet edaralarynyň arasynda institusional utgaşyklylygyň ösdürilmegi we hususy bölek bilen aragatnaşygyň berkidilmegidir, munuň özi syýasatyň taýýarlanylmagynda we durmuşa geçirilmeginde maýadarlaryň gyzyklanmalarynyň göz öňünde tutulmagyna mümkinçilik berýär. Ylalaşyk ösüp barýan we az ösen ýurtlara (LDCs) tehniki kömegi we mümkinçilikleri ösdürmek mehanizmleriniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa institusional özgertmeleri geçirip, daşary ykdysady işjeňligi güýçlendirilýän ýurtlar, şol sanda Türkmenistan üçin aýratyn möhümdir. IFD Ylalaşygynyň ösüşinde uly öňegidişlik 2024-nji ýylyň fewral aýynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen BSG-niň 13-nji Ministrler konferensiýasynda (MC13) gazanyldy. Şol konferensiýanyň çäklerinde ylalaşygyň beýanynyň jemlenendigi resmi taýdan yglan edildi. Munuň özi bu çärede gazanylan möhüm üstünlikleriň biri boldy. Şeýlelikde, 25-nji fewralda Abu-Dabide IFD boýunça Ministrler derejesindäki duşuşyk guraldy. Bu duşuşykda gatnaşyjy ýurtlar gepleşikleriň tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklap, Ylalaşygyň many-mazmuny bilen giň jemgyýeti tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän Ministrleriň Bilelikdäki Jarnamasyny kabul etdiler. Bu waka BSG-niň diňe bir söwda bilen baglanyşykly meselelerde däl, eýsem maýa goýumlaryň we ösüşiň guraly hökmündäki ornuny berkitmekde möhüm ädime öwrüldi. IFD Ylalaşygy maýa goýum utgaşmasy we söwda-maýa goýum syýasatynyň sazlaşygy bolmazdan durnukly ykdysady ösüşe ýetmegiň mümkin däldigini görkezýär. Söwdanyň ýeňilleşdirilmegi harytlaryň hereketi üçin amatly gurşawy döredýän bolsa, IFD Ylalaşygy bu gurşawy institusional kepillikler we maýadarlary goldamak arkaly hasda güýçlendirýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik goldawy bilen ýurdumyz hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylýar, halkara goşulyşma syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hem Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) doly hukukly agzalyk derejesine ýetmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy bilen baglydyr. Türkmenistan 2020-nji ýylda synçy derejesini alyp, 2021-nji ýylda agzalyk üçin resmi ýüz tutandan bäri ähli degişli iş amallaryny ýerine ýetirip, tapgyrlaýyn öňe barýar. 2022-nji ýylda BSG-ä goşulmak boýunça Iş topary döredildi, 2023-nji ýyldan başlap şu güne çenli BSG, Aziýanyň Ösüş Banky (ADB), Ýewropa Bileleşigi we Halkara Söwda Merkezi (ITC) ýaly halkara hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen Aşgabatda okuw we utgaşdyryjy çäreler yzygiderli geçirilýär.

Edebiýat: 1. Asian Development Bank. (2023). CAREC Program: Trade Facilitation Progress Report. https://www.adb.org 2. Hoekman, B. M. (2016). Facilitating trade and investment: An agenda for the WTO. Journal of World Trade, 50(5), 747–764. 3. International Trade Centre. (2022). Investment facilitation guide for policymakers in developing countries. https://www.intracen.org 4. World Trade Organisation. (2017). Trade facilitation agreement: Full text. https://www.wto.org 5. World Trade Organisation. (2024). Investment facilitation for development: Overview and ministerial declaration (MC13). https://www.wto.org 6. OECD. (2018). Trade facilitation and the global economy. https://www.oecd.o