SAN­LY SO­WAT­LY­LYK — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

San­ly so­wat­ly­lyk döw­rüň iň ze­rur ta­lap­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ol di­ňe bir komp­ýuter teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan baş çy­kar­mak däl-de, eý­sem, san­ly se­riş­de­ler­den ne­ti­je­li we howp­suz peý­da­lan­mak, mag­lu­mat­la­ry dog­ry sel­jer­mek, ola­ry gün­de­lik dur­muş­da, hü­när işin­de ulan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­niň hem je­mi­dir. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dyýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» yzy­gider­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne, işe­wür­li­gi we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, do­lan­dyr­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­na yl­myň we teh­nika­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­be­ler, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ry­lyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dün­ýä baza­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, san­ly gi­ňiş­li­ge iş­jeň go­şu­lyş­magy­na, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň art­ma­gy­na şert dö­red­ýär.

 San­ly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdirilýär: birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyndan peýdalanýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden, ikinjisi, önümçiligiň sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmeginden ybaratdyr. Bu ugra geçmek bilen baglanyşykly ähli pudaklary ýeke-täk sanly ulgama birikdirmek, sanly serişdeleri ulanmagyň hasabyna ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hilli sanly ykdysadyýeti döretmek babatda öň­debaryjy halkara tejribelerden ugur alnyp, döwlet hyzmatlarynyň portaly (e.gov.tm) döredildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi binasynda sanly resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Ministrligiň sebitlerdäki müdirliklerinde we etrap (şäher) bölümlerinde içerki telekommunikasiýa aragatnaşyk tor ulgamy arkaly maglumatlaryň alyş-çalşygy amala aşyrylyp, onuň merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny hem-de işjeň­ligini, funksional mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurtda bellige alyş ulgamyny kämilleşdirmek işi ýuridik we fiziki şahslary resmi taýdan bellige almaga gatnaşýan edaralar bilen bilelikde, degişli resminama laýyklykda ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, onlaýn web hyzmatlaryny alyp barmak, internet-ekwaýring hyzmaty hem-de degişli bank bilen netijeli işler guralyp, «e-comm», «online» töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi. Hukuk namalary bilen tanyşmak boýunça maglumatlar www.fineconomic.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň (www.fineconomic.gov.tm), ministrligiň Salgyt müdiriýetiniň (www.tax.gov.tm) hem-de onuň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň (www.turkmenfmd.gov.tm) web saýtlarynyň goragy üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen gorag şertnamasy baglaşyldy we onda yzygiderli kämilleşdiriş işleri geçirilýär. Salgyt ulgamyny kämilleşdirmek hem-de salgyt töleýjileriň işini ýe­ňilleşdirmek maksady bilen girizilýän «E-Salgyt» programma üpjünçiligini salgyt töleýjilere etrap salgyt gulluklarynyň edara binasyna barmazdan, hasabatlary tabşyrmaga, salgytlardyr ýygymlary tölemäge, gullugyň işgärlerine tölenen salgytlardyr hasabaty şol bada görmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu programma Salgyt müdiriýetiniň edara-kärhanalarynda ornaşdyrylyp, işjeň­ligi synagdan geçirildi. Şonuň bilen birlikde, zerur kadalaşdyryjy namalar öwrenilip, degişli teklipler taýýarlanylýar. Erkin ykdysady zolaklary döretmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýalaryny çekmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň gurallaryny döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny we hususy pudagy ösdürmek işlerinde halkara guramalar bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar guralýar. Bular barada Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň web saýtynda yzygiderli habar berilýär. Mundan başga-da, ministrligiň sebitlerdäki edaralarynda hukuk namalarynyň üstüni ýetirip durmak üçin «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy içerki maglumat-telekommunikasiýa tory bilen birikdirilip, degişli salga ýüzlenmek arkaly iş orunlarynda gündelik ulanmak şertleri döredildi. Saýtda sanly hyzmatlaryň hilini, görnüşini kämilleşdirmek hem-de ulanyjylar üçin döwrebap, öň­debaryjy, ykjam tehnologik usullardan peýdalanyp, fineconomic.gov.tm sanly hyzmatlar web-platformasyna QR-kod arkaly ýüzlenmek we degişli hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Ministrligiň degişli müdirlikleriniň hem-de bölümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Bäsleşikler we bäsleşikli söwdalar ulgamy» atly web we mobil programma üpjünçiligi üstünlikli alnyp barylýar. Ýaşlar — ýurduň geljegi. Şo­ňa görä-de, olaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalary öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Ýokary hünärli, sanly sowatly ýaşlar ýurduň durnukly ösüşiniň, ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň girewi bolup durýar. Sanly sowatlylyk döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin her bir türkmenistanly sanly tehnologiýalary öwrenmäge, sanly serişdelerden netijeli peýdalanmaga çalyşmalydyr. Bu di­ňe bir şahsyýetiň däl, tutuş ýurduň öňe gitmegine giň ýol açýar. Sanly ykdysadyýetiň täze sepgitleri Türkmenistanyň halkara gi­ňişlikde mynasyp orun eýelemegine we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna getirer. 

Tirkeşmyrat KURRAÝEW, 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.