YKDYSADY ÖSÜŞ: HUSUSY PUDAKDA TÄZE SEPGITLER

YKDYSADY ÖSÜŞ: HUSUSY PUDAKDA TÄZE SEPGITLER 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, ga­raş­syz yk­dy­sa­dy ösü­şiň binýa­dy bar­ha ber­ke­ýär, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Öňde goý­lan be­lent mak­sat­la­ra ýet­me­giň ýo­lun­da hu­su­sy pu­dak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­si we in­no­wa­si­ýa­la­ryň çeş­me­si hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze­çil yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myzyň te­le­ke­çi­le­ri di­ňe bir içer­ki ba­za­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­män, eý­sem, dün­ýä bazar­la­ryn­da-da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar­lar.

Te­le­ke­çi­li­giň ösüşleri döwletimiziň bu ugurda alyp barýan oýlanyşykly syýasatynyň, yzygiderli we maksatnamalaýyn goldawynyň, has takygy, telekeçilik üçin döreden amatly hukuk we maliýe gurşawynyň aýdyň netijesidir. Soň­ky ýyllarda hususy pudagyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýy yzygiderli artýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek wezipesiniň kesgitlenilmegi täze belentliklere ugur alynýandygyny tassyklaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi goldamak işi birnäçe ugurda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýe­ňillikli karzlaşdyryş ulgamynyň ýola goýulmagy soň­ky ýyllarda täze önümçilik düzümleriniň we müň­lerçe iş orunlarynyň döremegine itergi berdi. Döwlet tarapyndan ýer bölekleriniň uzak möhletleýin peýdalanmaga berilmegi agrosenagat pudagynda hakyky öwrülişik döretdi. Oba hojalyk pudagynda telekeçileriň paýy barha artyp, işewürler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar. Işewürlik hasabatlylygynyň we hasaba alnyşynyň sanly ulgama geçirilmegi, ugurdaş amallaryň sanlylaşdyrylmagy telekeçilere wagty tygşytlamaga we netijeliligi artdyrmaga mümkinçilik berdi. Döredilýän şertleriň netijesinde, milli işewürlik obasenagat toplumynda ýa-da hyzmatlar ulgamynda we ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde ilerlemek bilen birlikde, çylşyrymly tehnologik çözgütleri amala aşyrmaga hem ukyplydygyny subut edýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň işi mu­ňa aýdyň mysaldyr. Kompaniýa di­ňe bir LED yşyklandyryş ulgamlaryny däl, eýsem, «Tolkun» we «Zemin» ýaly «akylly» telewizorlary, «Milli» smartfonlary we «Uçgun» routerlerini öndürmek bilen, ýurdumyzyň elektronika pudagyndaky ösüşleri pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýylsaýyn artmagynda hem hususy pudak möhüm orun eýeleýär. Soň­ky ýyllarda türkmen işewürleriniň ýakyn-u-alysdaky ýurtlara eksport edýän harytlarynyň möçberi birnäçe esse ýokarlandy. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhana hojalyklarynyň üstünlikli işlemegi, ekerançylygyň döwrebap çemeleşmeler esasynda ösdürilmegi netijesinde bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän gök-bakja önümleriniň Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana ugradylýandygyny bellemek gerek. Watanymyzyň döwrebap keşbi döredilýän gurluşyk pudagynda hem hususyýetçiler guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar. Hususy gurluşyk kompaniýalary döwlet ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň esasy gurluşykçylaryna öwrüldi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dolulygyna ýerli telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle hem sebitde de­ňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binalarynyň we durmuş infrastrukturasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygy, hatda bu gurluşyklarda peýdalanylan serişdeleriň uly böleginiň ýerli kärhanalarda öndürilendigi hususy pudagyň tejribesiniň artyp, alyp barýan işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýäniň we döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş ösdürmäge ak pata berildi. Şondan bäri geçen 18 ýylda telekeçiler tarapyndan ýetilen sepgitler milli işewürligiň gadamlarynyň okgunly badyndan habar berýär. Geçen döwürde birleşmäniň agzalarynyň sanynyň 30 mü­ňe golaýlamagy, olar tarapyndan 22 müň 500-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 17 — 19-njy marty aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahat ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda taryhy waka öwrüler. Bu forum ýetilen sepgitlere mynasyp baha berip, ösüşiň we galkynyşyň täze mümkinçiliklerine ugur almaga ýardam eder. Şol mümkinçiliklere uzaýan ýol bolsa innowasiýalar, durnukly ösüş maksatlary we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şo­ňa görä-de, sergide emeli aň, «akylly» öý ulgamlary ýaly täze sanly çözgütler hödürlener. Türkmenistanyň hususy pudagynyň geljegi «ýaşyl» ykdysadyýet we sanlylaşdyrma bilen berk baglydyr. Türkmen kärhanalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak bilen, ekologik durnuklylyga goşant goşýarlar. Ýerli önümleriň hilini halkara ISO standartlaryna laýyk getirmek we eksportyň geografiýasyny gi­ňeltmek, sanly bank hyzmatlaryny we elektron söwdany ösdürmek hususy pudagyň düzümleriniň ileri tutýan ugurlarydyr. Bu ugurlarda üstünlik gazanmak üçin telekeçiligiň ylym-bilim kuwwatynyň binýadyny berkitmäge-de giň mümkinçilikler döredilýär. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy geljekde pudagyň ösüşlerine goşant goşjak hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge kömek eder. Hususy pudagyň geçen ýoluna nazar salanyň­da, maksada okgunlylygyň, tutanýerliligiň, zähmetsöýerligiň hem-de Watana hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görmek bolýar. Döwletimiziň goldawy we telekeçilerimiziň gaýraty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan garaşsyz we kuwwatly döwlete öwrülýär.

 Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.