Halk demokratiýasynyň KÄMIL NUSGASY

Halk demokratiýasynyň KÄMIL NUSGASY 

Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek diňe bir halkymyzyň asylly milli däpleriniň biri bolman, eýsem, demokratik ýörelgelerimiziň hem düýp mazmunydyr.

 Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty — watansöýüji, ählitaraplaýyn kämil ýaşlary ýetişdirmegiň milli mekdebi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde edýän çykyşlarynda ýaşlar barada aýratyn durup geçýärler. Çykyşlarda milli buýsanç duýgusy bilen her bir ýaş raýatyň döwrebap bilim almagy, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyzyň halkara olimpiadalarda we sport bäsleşiklerinde belent sepgitleri eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallary hemde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly zähmet üstünliklerini gazanýandyklary barada gaýta-gaýta tekrarlanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş nesillerimiz mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etmelidirler» diýip belleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýaşlaryň nurana geljegini nazarlap, öňe sürülýän täze başlangyçlar we taryhy çözgütleri bilen hem aňymyzda ebedi möhürlenýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýady has-da berkidilip, ýaş raýatlar üçin durmuş çygrynyň ähli ulgamlarynda giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa häzirki wagtda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň ýaşlary­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle resminamalaryň hataryna geçen ýylyň güýzünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny hem goşmak bolar. Bu resminamada ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de sagdyn, bilimli ýaşlary kemala getirmegi gazanmak ýaly wezipeler ileri tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňde duran maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşup, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşy bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklaryna-da işjeň gatnaşýandyklaryny, ýaşlaryň jemgyýetimizdäki möhüm ornuny hem ähmiýetini açyp görkezýär. Go­laý­da, has ta­ky­gy 15-nji iýul­da türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Kararlaryň kabul edilmegi her bir türkmenistanlynyň, şol sanda ýaşlaryň hem başyny göge ýetirdi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri we ýaşlar syýasatyny ösdürmek barada aýratyn bellemegi örän guwandyryjydyr. Döwlet we halk ähmiýetli taryhy wakalar bilen aňymyzda galjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýaşlaryň gatnaşyp, kabul ediljek çözgütlere hemmeler bilen deň hatarda ses bermekleri bolsa olaryň buýsanjyny has-da artdyrýar hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetindäki ykrar edilen ornuny doly kesgitleýär. 

Jumamyrat GUTLYÝEW, Daşoguz welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni, Halk Maslahatynyň agzasy.