Innowasion säher
Ak mermerli döwrebap binalaryň tebigatyň gözellikleri bilen bitewisazlaşygy emele getirýän, tehnologiýalaryň bolsa adamyň bähbidine hyzmat edýän tämiz howaly mekanyny göz öňüne getiriň! Bu hyýaly filmlerdäki geljegiň şäheriniň keşbi däl, bu Milli Liderimiziň ylhamyndan Köpetdagyň etegindäki ajaýypkünjekde sanlyja ýylda kemala gelen Arkadag şäheriniň durky.Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ilkinjigezek tarp ýerde gurlan döwlet ähmiýetli şäher«akylly»tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň rowaçlanýan mesgenidir.
Sebitde deňitaýy bolmadyk «akylly» şäherde rahat we abadan durmuşyň höküm sürmeginde innowasion tehnologiýalara,ylmyň gazananlaryna möhüm orun degişlidir.
Pikirden «akylly» hakykata
Arkadag şäheriniň beýleki ösen şäherlerden esasy aýratynlygy onuň sanly infrastrukturasynyň heniz taslamalaşdyryş tapgyrynda göz öňünde tutulanlygydyr.Häzirki döwürde dünýäde iri şäherlerde «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.Emma bu iş uly harajaty we zähmeti talap edýär. Arkadag şäheri bolsa turuw başdan innowasion çözgütlerden düzülen bitewi gurluş hökmünde gurulýar.Bu bolsa serişdeleri tygşytlamaga we ekologik abadançylygy saklap galmaga mümkinçilik berýär. «Akylly» şäher taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň özeninde öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy saklamak we her bir ýaşaýjy üçin mümkin gadar oňaýly durmuş şertlerini döretmek ýörelgeleri durýar.Şol sebäpdende,täze şäheriň häzirden abraýly halkaraguramalaryň,şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümlerinden baýraklardyr şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp bolandygy kanuna laýyk ýagdaýdyr. Şäherde ähli durmuş,üpjünçilik,ýaşaýyş jaý we ulag düzümleri gije gündiz üznüksiz işleýän bir bitewi dolandyryş ulgamyna birigýär. Bu ýerde şäheriň ähli ýerlerinden uly möçberli maglumatlar toplanylýar we ulgam gurşawda ýüze çykyp biljek islendik üýtgeşmeleri dessin anyklamaga ukyplydyr.Bu bolsa garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. «Akylly» tehnologiýalar öz çägindäki yşyklandyryş ulgamyny dolandyrýar.Köçeleriň ýagtylygy gije gündiziň wagtyna,howanyň ýagdaýyna, hereketiň ýygylygyna laýyklykda awtomatik sazlanylýar. Bu bolsa elektrik energiýasynyň uly möçberini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Oňaýly öý şertleri
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin sanly ulgam gündelik durmuşda peýdalanylýan,herbir öýde rahatlyk döredýän adaty şertdir.Şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi«akylly»öý ulgamyna birikdirlendir.Bir bitewi ykjam goşundy ýaşaýjylara öz öýlerini belli bir çäkden dolandyrmaga mümkinçilik berýär.Ýaşaýjylar hem işe öýleriniň howpsuzlygyna we abadançylygyna ynamly bolup bilýär.«Akylly»ulgam gazyň,suwuň we elektrik energiýasynyň sarp edilişi bilen bagly maglumatlary özbaşdak hasabaalyp,anyk görkezijileri ýörite merkeze ýollaýar.Bu bolsa ýaşaýjylara hasap kagyzlaryny doldurmak we töleg etmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
«Ýaşyl» ulag hem-de ýol düzümleri
Innowasion ulgamlar bilen üpjün edilen ýol ulag düzümi Arkadag şäheriniň ekologik taýdan abadançylygyny kepillendirýär.Şäherde jemgyýetçilik ulaglary ýangyçda dälde,diňe elektrik energiýasy bilen işläp,ilata ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Ýollaryň çatryklarynda ulaglaryň hereketi «akylly»ýol yşyklar arkaly sazlanylýar. Şeýle ulgam awto ulaglaryň hereketini ýollardaky hakyky ýagdaýlara görä awtomatiksazlamaga mümkinçilik berýär.Bu bolsa ýollardadykynlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar,kömür turşygazynyň howa taşlanmagyny mümkingadar azaltmaga kömek edýär. Jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryndaky elektron maglumat tablolary,elektrobuslardaky tehniki çözgütler «akylly»şäherde hereketiň mümkingadar rahat bolmagyny şertlendirýär.
Lukmançylyk we geljegiň senagaty
Bu günki gün ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Arkadag şäheri senagat ösüşinde gadam basýar.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan iri lukmançylyk klasterinde sanly tehnologiýalar we ekologik taýdan arassa çig mallar esasynda ýokary hilli saglygy goraýyş serişdelerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ylym bilimiň,medeniýetiň we sungatyň ösen merkezi hökmünde ykrar edilen şäheriň ykdysady we işewürlik mümkinçiliklerini hem ýokarlandyrýar.
Döwrebaplygyň nusgasy
Arkadag şäheri innowasion tehnologiýalararkaly daşky gurşawyň abadançylygyny goramak bilen birlikde,adam üçin iň oňaýly şertleri döretmegiň aýdyň nusgasydyr.Bagtyýar durmuşyň mekany diňe bir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň buýsanjyna däl,eýsem, tutuş sebit üçin nusgalyk şähere öwrülýär. Döwrebap şäheriň taslamasy geljegiň ýaşaýyş mekanlaryna diňe bir binalaryň belentligi ýada sany bilen dälde, olaryň sanly ulgamlarynyň çeýeligine görä baha berilýändigini tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda şöhratly menzili geçen şäher –abadan ýaşaýşyň,bagtyýar durmuşyň, gülläp ösüşleriň mekany hökmünde Ýer ýüzünde dabaralanýar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.