Ösüş we rowaçlyk
Ýurdumyzda ýylyň birinji ýarymynda gazanylan makroykdysady görkezijilerde şöhlelenýär
Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy iýulda geçiren Minisrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen baglanyşykly berlen hasabatlar, beýan edilen görkezijiler şol maksatlaryň rowaçlyga beslenýängine şaýatlyk edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerinden görşümiz ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgini saklanyp galýar. Giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz ýokary netijeleri gazanyp, senagatlaşma, sanlylaşma we eksport mümkinçiliklerini berkitmek bilen bagly saýlanylyp alnan ugruň oňyn netijeler berýändigini subut edýär. Gazanylan üstünlikleriň berk binýady hökmünde ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim ýokarlanandygy ünsi çekýär. Munuň özi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini şöhlelendirýär. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime barabar bolmagy ykdysady ösüşiň geljegi uly mümkinçiliklerini tassyklaýar. Ýylyň başyndan bäri jemi öndürilen önümiň 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 7,5 göterim ýokarlanmagy oňyn ykdysady görkezijileriň we eksport mümkinçilikleriniň artýandygynyň nyşanydyr. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,1 göterim artmagy bolsa ilatyň satyn alyş ukybynyň ýokarlanýandygynyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy nazarlavan özgertmeleriň oňyn netije berýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň maliýe ulgamy hem häzirki döwrüň talaplaryna berk eýerip, işewürligiň we ilatyň ygtybarly goldawyny üpjün edýär. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artyp, jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň bolmagy hem bu ugurda möhüm görkezijidir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durmuş ulgamyna uly ähmiýet berilýär. Ýylyň birinji ýarymynda umumy özleşdirilen maýa goýumlaryň 54,9 göteriminiň medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky tagallalardan nyşandyr. Ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy, innowasion önümçilikleriň işe girizilmegi, öňden hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçiligiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna ýardam berýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän, ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän senagaty kemala getirýän ýurdumyz çig mallardan taýýar önümleri öndürmekde uly öňe gidişlik gazanýar. Aýratyn-da, gurluşyk-senagat we himiýa toplumynda ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 127,9 göterim berjaý edilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Hökümet mejlisinde Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasynyň 104,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106,2 göterim, Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan 110,2 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça 144 göterim ýerine ýetirilendiginiň habar berilmegi sazlaşykly işleriň sanlar bilen berkidilen subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyz iri gurluşyk meýdançasyny ýada salyp, Watanymyzyň ähli sebitlerinde dürli desgalaryň, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş toplumlarynyň hatary barha artýar. Bu bolsa Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň hakyky galkynyş döwrüni başdan geçirýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheri ýurdumyzyň köpugurly ösüşleriniň röwşen keşbini görkezýär. Ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli meýilnamanyň 127,4 göterim ýerine ýetirilmegi paýtagtymyzyň diňe bir gözelliginiň däl, eýsem, dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň okgunly badyndan habar berýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, dünýä derejesindäki saglyk merkezleriniň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklaryň mysalynda ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýän pudagyň galkynýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu hakykaty ýurdumyzyň şäherleriniň binagärlik keşbiniň özgermegi bilen birlikde, ýylyň başyndan bäri jemi 309 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu ugurdaky işler toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanyp, eýýäm işe girizilen desgalar bilen bir hatarda, täze senagat desgalarynyň, häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň gurluşyklary dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňünde ýylyň ahyryna çenli degişli desgalaryň gurluşyk işleriniň öz wagtynda, bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen birlikde, olaryň hiline gözegçiligi güýçlendirmek bilen bagly wezipeleri goýmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakyn geljekde gurluşyk we senagat toplumyna degişli önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatyna çykarylmagy ýene bir möhüm wezipedir. Gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberleriniň mundan beýläk-de giňeldilmegi infrastruktura düzümleriniň bökdençsiz işlemegine we dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş maksatly desgalaryň täzeleriniň işjeň gurulmagyna uly mümkinçilik berer. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda we durmuş ulgamynda gazanylan üstünlikler täze sepgitlere ruhlandyrýar. Öňde halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklap galmak, salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, maliýe we bank ulgamynda sanly hyzmatlary ösdürmek, azyk bolçulygyny berkitmek bilen bagly wezipeler durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ikinji ýarymy hem okgunly ösüşleriň, belent sepgitleriň gazanyljak döwri bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi zähmet ýeňişleri bilen dabaraladyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ildeşlerimiziň tutan ýerli zähmeti esasynda mili ykdysadyýetimizde gazanylýan ok gunly ösüşler mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edip, geljekki rowaçlyklarynyň binýadyny berkidýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.