ARKADAG ŞÄHERI — «ÝAŞYL» ÖSÜŞIŇ NUSGASY

ARKADAG ŞÄHERI — «ÝAŞYL» ÖSÜŞIŇ NUSGASY

Milli Liderimiziň yhlasyndan we zehininden kemal bolan Arkadag şäheri tutuş sebitde «ýaşyl» ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň esasy hereketlendirijisi hökmünde tanalýar. Ekologiýa abadançylygy ýörelgeleri we öňdebaryjy binagärçilik çözgütleri esasynda binýady berkden tutulan şäher ýurdumyzyň şähergurluşygyň adaty nusgasyndan ylmyň gazananlaryna daýanýan, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanýan nusgasyna geçýändigini görkezýär. Arkadag şäherinde diňe bir ýaşaýjylar üçin oňaýly durmuş şertleri üpjün edilmän, eýsem, ekologiýa taýdan arassa önümçilige daýanýan ösen işewürlik we kuwwatly senagat klasteri emele gelýär. Sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň gurluşygy häzire çenli iki tapgyrda amala aşyrylyp, olaryň her biri durmuş-ykdysady taýdan anyk ugurlara gönükdirilendir. şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryny sanly we «ýaşyl» binýadyň döredilmegi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu tapgyrda uly maýa goýumlaryň hasabyna häzirki zaman desgalaryň jemi 336-sy, şol sanda ähli amatlyklary göz öňünde tutulan 5,7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi guruldy. Olaryň hersi bitewi optiki süýümli tor we ýörite goşundy arkaly dolandyrylýan «akylly öý» ulgamy bilen üpjün edildi. Açylan badyna halkara guramalaryň sertifikatlarynyň 21-sine, soňraky ýyllarda bolsa abraýly baýraklarydyr resminamalaryň birnäçesine mynasyp görülmegi şäheriň ekologik we tehnologik binýadynyň kämilliginden nyşandyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna senagat galkynyşy we işewürlik mümkinçilikleriniň ösüşi mahsusdyr. Bu tapgyrda durmuş, medeni we önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragyny gurmak meýilleşdirilýär. şolaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzilleri, şeýle hem önümçilik desgalary bar. şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy aýratynlygy ýaşaýyş jaý gurluşygyndan senagatlaşma geçiş bilen häsiýetlenýär. Täze şäherde häzirki döwürde importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly saglygy goraýyş serişdelerini öndürjek lukmançylyk klasteriniň hem-de çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Dolulygyna halkara ekologik standartlaryna kybap gelýän şähergurluşyk taslamasy Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagyna mümkinçilik döretdi. Bu taslamada gurluşyk serişdeleriniň ekologik taýdan arassalygy we gaýtadan işlenilmegi ilkinji ýörelge bolup durýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy, şäher ulag düzüminde jemgyýetçilik ulagynyň dolulygyna elektrik energiýasynda hereket etmegi, ýolyşyklaryň we ýagtylandyryşyň «akylly» ulgamlar esasynda dolandyrylmagy bu ugurda möhüm şertlerdir. Tebigat bilen sazlaşyklylyk we serişdeleriň tygşytly ulanylmagy Köpetdagyň etegindäki gözel mekanda ýerleşýän Arkadag şäheriniň özboluşly aýratynlygydyr. şäheriň çäginde we daş-töwereginde köp sanly agaçlaryň yzygiderli ekilip, giň gerimli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, ýaşaýyş jaýlarynda suwuň, ýylylygyň we elektrik energiýasynyň ulanylyşyny awtomatik sazlaýan «akylly öý» ulgamlarynyň peýdalanylmagy ekologik abadançylygyň möhüm talaplaryna kybap gelýär. Ýurdumyzda ekologik talaplara eýerýän şeýle giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüş we daşky gurşawyň abadançylygy bilen bagly talaplara kybap gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän senagat kärhanalary üçin hem täze mümkinçilikleri açdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň başlanmagy bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň birnäçesi ýerli çig mallardan ýokary hilli we ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini öndürmegi ýola goýdy. Muňa mysal edip, «Eziz doganlar keramika» hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynda ýerleşip, ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramogranit bezeg plitalaryny we 120 müň sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanasyny görkezmek bolar. Senagat kärhanasynda Italiýanyň SACMI kompaniýasynyň önümçilik galyndylaryny mümkingadar azaltmaga ýardam edýän awtomatlaşdyrylan enjamlarynda ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleri täze şäheriň binalarynda giňden peýdalanylýar. Hususy pudagyň gurluşyk önümçiliginde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti bolsa bu döwürde Lebap welaýatynyň Dostluk şäherinde ýylda 4 million inedördül metrden gowrak gipsokarton we 50 müň tonna barabar gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodyny işe girizdi. Hojalyk jemgyýetiniň halkara standartlaryna we ýangyn howpsuzlygynyň birinji derejeli talaplaryna kybap gelýän önümleri täze şäheriň gurluşygynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny ekologiýa taýdan arassa ýerli önümler bilen tutmaga mümkinçilik berýär. «Ýaşyl» gurluşyk we ekologik senagat ykdysadyýete we ilatyň ýaşaýyş derejesine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleri esasynda senagatlaşdyrylmagynyň mysalynda bu hakykat aýdyň görünýär. Makroykdysady nukdaýnazardan seredeniňde, bu ýerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösmegini, «akylly» şäher taslamalary esasynda «ýaşyl» maýa goýumlaryň çekilmegini, ýokary tehnologik önümlere, innowasion işläp taýýarlamalara, ýerli IT hünärmenlere, önümçiligi dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryna islegiň artmagyny, ekologiýa bilen binagärçiligi utgaşdyrýan ylmy-barlag binýadynyň ösmegini görmek bolýar. Arkadag şäherinde gurulýan senagat klasterlerinde we ýurduň beýleki sebitlerinde şäheriň gurluşygy üçin serişdeleri taýýarlaýan önümçilik kärhanalarynda müňlerçe iş orunlary döredilýär. Durmuş şertleri nukdaýnazaryndan, önümçiligiň ekologiýa standartlary şäheriň çäginde we daş-töwereginde zyýanly zyňyndylaryň bolmazlygyny üpjün edýär, tebigy gurşawyň arassalygy ilatyň saglyk ýagdaýynyň oňaýly saklanmagyna kömek edýär. Arkadag şäheri ekologiýa abadançylygyň ykdysady ösüş bilen üstünlikli sazlaşyp biljekdigini iş ýüzünde görkezýär. Innowasion tehnologiýalar we ekologik standartlar esasynda alnyp barylýan gurluşygyň ikinji tapgyry şäheriň oňaýly şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş toplumyndan sebitiň kuwwatly ylmy-önümçilik halkasyna öwrülmegini şertlendirýär. Gurluşykda we önümçilikde «ýaşyl» çözgütler diňe bir Köpetdagyň etegindäki özboluşly ajaýyp ekoulgamy goramak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen senagatçylaryna öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmaga kömek edýär, ýerli ilat üçin bolsa oňaýly durmuş şertleri bilen birlikde, täze ykdysady mümkinçilikler açylýar. Ine, şeýle şertler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina bolýan döwrebap mekanyň geljegiň innowasion şäheri hökmünde şöhratyny artdyrýar. 

Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.