MEDENIÝET - HALKYŇ MILLI BUÝSANJY
Medeniýet we milli miras halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, aýdym-sazlarynyň, arhitektura ýadygärlikleriniň, şeýle-de çeper döredijiligiň beýleki görnüşleriniň umumylygy bolmak bilen, döwlet berkararlygymyzyň mizemez binýadyny berkidýän gymmatlyklaryň ulgamyny döredýär. Şol sebäpden-de, dünýäniň çalt depginde özgerýän döwründe milli mirasy ayawly saklamagyň ähmiýeti örän uludyr. Müňýyllyklara uzayan taryhy köklere eye bolan halkymyzyň berkarar eden Garaşsyz döwleti üçin milli medeniýet diňe bir geçmişiň şöhratyny saklamagyň däl, eýsem, röwşen geljege ynamly ilerlemegiň binýady bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Islendik halkyň dünýäniň medeni ösüşindäki orny seljerme edilende, ilki bilen onuň şöhratly geçmişine, medeni mirasynyň näderejede baýlygyna, tanymal şahsyýetlerine baha berilýär» diyip belleyär. Şu babatda şöhratly taryha eýe bolan türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşandy örän uludyr. Bu gün türkmen medeniýeti yzygiderli özgerýär we kämilleşýär. Halkymyzyň döreden ajaýyp sungat eserlerine deňelýän haly göllerimizi synlanyňda, olardaky her bir şekiliň, nagşyň ata-babalarymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny we gözellik baradaky düşünjelerini özünde jemleýän ýazgylardygyny görýäris. Milli keşdeçilik sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, ahalteke atlaryny seýislemek sungaty ýaly asyrlaryň dowamynda kemala getirilen gymmatlyklar deňsiz-taýsyz medeniýetimiziň ajaýyp nusgalarydyr. Magtymguly Pyragy, Nurmuhammet Andalyp, Kemine ýaly akyldarlaryň we şahyrlaryň döredijiligi bolsa halkymyzyň bagtyýar geljege uzaýan ýoluny ýagtyldýan ruhy mirasymyzdyr. Täze taryhy döwürde milli mirasymyzy goramak döwletlilik yörelgelerimizi dowam etdirmegiň möhüm ýoludyr. Sebäbi beýik geljek şöhratly geçmişiň we şu günüň binýadynda gurulýar. Berdaşly daragtlaryň kuwwatynyň köklerinden gözbaş alşy ýaly, häzirki döwürde milletler hem öz geçmişindäki gymmatlyklar ulgamyndan güýç alýar. Medeniýet bize dünýäde tanalmaga, milli mertebämizi we ýol-yörelgelerimizi goramaga mümkinçilik berýär. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi hem taryhymyzy we milli mirasymyzy sarpalamakda uly ähmiýete eýedir. Bu baýramçylyk dürli hünärleriň wekillerini, ömrüni sungata bagyşlanan adamlary we çeper höwesjeňleri birleşdirip, tejribeleri baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeniýet hepdeliginiň Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilmegi keremli topragymyzyň köpdürlüligini we milli mirasymyzyň köрöwüşginliligini bütin dünýä görkezýär. Sebäbi ýurdumyzyň her welaýaty özboluşly aýratynlyklary, däp-dessurlary, taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Watanymyzyň dürli sebitlerinde medeniýetiň we sungatyň däp bolan baýramçylygynyň geçirilmegi türkmen halkynyň agzybirligini, maksatlarymyzyň bitewüligini, gymmatlyklarymyzyň umumylygyny açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda medeni gymmatlyklara diňe bir muzeýlerde saklanýan maddy gymmatlyklar däl, eýsem, her bir adamyň gatnaşmagynda goralmaly, kämilleşdirilmeli we nesilden-nesle geçirilmeli ruhy hazyna hökmünde garalýar. Yaş nesle beýik akyldarlarymyzyň eserleriniň, milli senetçiligiň, Watanymyzyň taryhynyň öwredilmegi, däp-dessurlarymyzyň dowamata beslenmegi şu günümiziň bagtyýar, geljegimiziň röwşen bolmagyna ýol açýan netijeli ädimlerdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli medeniýetimiziň we mirasymyzyň ösüşinde belent sepgitlere ýetilýär. Medeni çărelerde, baýramçylyklarda ýaňlanýan dutaryň belent owazy, çuňňur mazmunly şygyrlar halkymyzyň gadymy köklerine ygrarly bolup, ata-baba ýol-ýörelgelerini dowamata beslemek, beýik mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak arkaly ýagty geljege ynamly garaýandygyny, gülläp ösüşlere, bagtyyar durmuşa ymtylýandygyny görkezýär. Goý, milli medeniýetimizi we mirasymyzy gorap saklamak, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, medeni diplomatiýany ösdürmekde alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynуň orunbasary.