SEBITLEÝIN ÖSÜŞIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERINI NAZARLAP

SEBITLEÝIN ÖSÜŞIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERINI NAZARLAP 

Milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da amala aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän milli, döw­let, pu­dak we ma­ýa go­ýum maksatnamalarynyň ne­ti­je­sin­de, ýo­ka­ry dep­gin­li yk­dy­sa­dy ösüş ga­za­ny­lyp, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 35 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň bel­len­ýän «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­ —­ be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem ösüş­li ýol my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, äh­li se­bit­ler­de we pu­dak­lar­da be­lent sep­git­le­re ýet­mek mak­sat edi­nil­ýär. 

MARY WELAÝATY Mary welaýaty Türkmenistanyň tebigy baýlyklara baý senagat-agrar sebiti bolmak bilen, milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Welaýatyň senagat babatda ösüşiniň esasy ugry pudaklaryň tehniki babatda kämilleşdirilmeginiň, döwre bap innowasion kärhanalaryň gurulmagynyň hasabyna amala aşyrylýar. Welaýatyň ösüşi täze gurulýan durmuş we ulag infrastrukturalarynyň desgalarynyň, innowasion tehnologiýalaryň we dolandyryş ulgamlarynyň hasabyna pugtalanýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taý dan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Mary welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 7 milliard 795 million manada deň. Bu bolsa Türkmenistan boýunça jemi maýa goým möçberiniň 19 göterimini emele getirýär. Maýa goýumlaryň 87,6 göterimi (6 milliard 827 million manat) önümçilik maksatly döwre bap desgalaryň gurluşygyna we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge gönükdirilýär. Welaýatda senagatyň ösüşini, esasan, tebigy gazy çykarýan we ony gaýtadan işleýän, elektrik energiýasyny öndürýän, metaly, pagta süýümini hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, dokma we ýeňil senagaty  önümlerini öndürýän pudaklar üpjün edýär. Şunda gurluşyk materiallarynyň we mineral dökünleri  önümçiligi hem wajyp düzüm bölegi bolup durýar. Sebitiň himiýa senagaty bar bolan tebigy baýlyklary netijeli ulanmaga, degişli pudaklaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, şeýle hem eksporty diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Şanly ýylda mineral dökünleriň 575 müň tonnasyny we tehniki uglerodyň 2 müň 800 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de Mary welaýat «Dökünhimiýa» müdirligi üçin Baýramaly, Ýolöten etraplarynda her biri 20 müň tonna mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlar gurlup ulanmaga berler. Önümçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. Gurluşyk materiallaryny öndürýän senagat kärhanalarynda gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleri, diwara örtülýän materiallar, magdan däl gurluşyk materiallary, keramzit we önümiň başga görnüşleri öndürilýär. 2026-njy ýyl üçin niýetlenen durmuş-ykdysady we maýa goýum Maksatnamasynda 220 million şertli kerpiç diwar materiallaryny, 531,5 müň kub metr magdan däl gurluşyk materiallaryny, 176,7 müň tonna asfaltbeton hem-de 20 müň kub metr keramzit öndürmek bellenildi. Welaýatyň ýeňil senagaty egirme dokma, tikin fabriklerin den we pagta arassalaýjy kärhanalardan ybarat . Sebitiň pagta çig malyny ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilmegi pagtany gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl pagta süýüminiň öndürilişini 109,5 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ösümlikleri goramak gullugynyň Mary welaýat bölüminiň ammaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Ýeňil senagaty  kärhanalarynyň önümçiliginiň giňeldilmeginiň, hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmeginiň we täzeden enjamlaşdyrylmagynyň hasabyna 2026-njy ýylda jorap önümleriniň önümçilik mukdary 11 million 350 müň jübüte, aýakgaplaryň mukdary bolsa 6 million 527,8 müň jübüte ýetiriler. Haly we haly önümleriniň 193 müň ine dördül metri öndüriler. Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumy ykdysadyýetde ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Welaýatda ýerleşýän «Galkynyş» gaz käni bu pudakda aýratyn ähmiýete eýe . Ol ägirt uly gaz we nebit ýataklarynyň biri bolmak bilen, netijeli özleşdirilip gelinýär. Şu ýyl Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji taslamasyny düzmek we doly taýýarlamak meýilleşdirilýär. Mary welaýaty tebigy gazy öndürmek boýunça ýurduň iň uly sebitleriniň biridir. 2026-njy ýylda tebigy gazy öndürmegiň möçberini 33,2 milliard kub metre, gaz kondensatyny goşmak bilen, nebit öndürmegiň möçberini bolsa 43,6 müň tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Elektroenergetika hem welaýatyň geljegi uly senagat pudaklarynyň hatarynda durýar. Şu ýyl Mary döwlet elektrik stansiýasynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 14,1 milliard kWt/sagada ýetiriler. Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçilige berilýän goldaw netijesinde, ýerli çig maldan azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalar güýçli depginde ösýär. Bu bolsa ýurduň azyk senagatyny ösdürmekde welaýatyň goşandyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl süýt we süýt önümlerini, süýde geçirilip hasaplananda, 141,8 müň tonna, arassalanmadyk ösümlik ýagyny 30,7 müň tonna, süýji-köke önümlerini 35,3 müň tonna, uny 158,1 müň tonna, mineral suwy we alkogolsyz içgileri 3 987 müň dal, gök we miwe önümlerini (gaplanan) 153,7 million sany şertli banka, şekeri 11,5 müň tonna, unaş önümlerini 7 müň 840 tonna möçberde öndürmek meýilleşdirilýär. Welaýatyň sarp ediş bazary, harytlary ýerlemegiň durnukly ösüşi, harytlaryň bolçulygynyň ýokary derejesi, ilkinji nobatda, olaryň görnüşleriniň diwersifikasiýasy bilen häsiýetlendirilýär. Muňa ilatyň sarp ediş harytlarynyň dürli önümçiliginiň çalt depginler bilen ösmegi öz oňyn täsirini ýetirdi. 2026-njy ýylda olaryň möçberiniň 11 838,5 million manada barabar bolmagyna garaşylýar. Döwrebap dükanlaryň we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işe girizilmegi, täze innowasion tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegi, öndürilýän önümleriň hiliniň, kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalarynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy söwda we hyzmat ulgamynyň ösüşini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,5 göterim ýokarlanar. Döwlete degişli bolmadyk pudakda bölek söwdanyň dolanyşygy umumy haryt dolanyşygynyň 90 göterimine barabar bolar. Agrosenagat toplumy welaýatyň ykdysadyýetiniň möhüm strategik pudagydyr. Oba hojalygynda ekerançylyga we maldarçylyga täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn uly üns berilýär. Netijede, 2026-njy ýylda bu toplum boýunça öňe gidişliklere garaşylýar. Mysal üçin, galla hasylyny 345 müň tonna, pagta çig malyny 359 müň tonna, gant şugundyryny 224 müň tonna, ýeralmanyň hasylynyň möçberini 181 müň tonna ýetirmek bellenildi. Bu sepgide ýetmäge, esasan, oba hojalygynda önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy ýardam eder. Gara mallary, dowarlary we guşlary köpeltmek, şeýle hem etiň, süýdüň möçberleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça hem yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Maldarçylyk önümleriniň önümçiligini artdyrmakda öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrýan telekeçilere aýratyn orun berilýär. Welaýatyň çäginden esasy üstaşyr ulag ýollary geçýär. Olar ýurduň welaýatlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga we daşarky bazarlara çykmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň möçberi 149,5 million tonna deň bolar, şol sanda demir ýol we awtomobil ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberi, degişlilikde, 3,8 million tonna we 110,1 million tonna deň bolmagyna garaşylýar. Welaýatyň durmuş ulgamynyň ösüşi durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hasabyna dowam etdiriler. Şanly ýylda Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň durkuny täzelemek hem-de Baýramaly etrabynda 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary oba we şäher ilaty üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl welaýatda ilatyň ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanynyň 1 adama düşýän möçberiniň 20,8 inedördül metre deň bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Mary welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň döwrebap edara binasy ulanmaga berler. Şeýlelikde, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde Mary welaýatynda hem giň gerimli işleri amala aşyrmak meýilleşdirildi. Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini has-da pugtalandyrar, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkider. Bu işler ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny artdyrmaga, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hem-de abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Seidnur JAPBAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy.