Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly ösüş­le­riň me­ka­ny

Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly ösüş­le­riň me­ka­ny

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň esasy makroykdysady görkezijisi bolan jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelinýändigi bellenildi. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigine, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň güýçli depginler bilen dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.  

 Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlislerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny nygtaýar. Olar kabul edilýän maksatnamalarda we konsepsiýalarda berkidilip, göz öňünde tutulan strategik wezipelerde öz beýanyny tapýar. Çünki ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, durmuş taýdan goraglylygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň mizemez binýadyny düzýär. Halkymyzyň Oguz handan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgesi täze taryhy döwürde dowamat-dowam tapýar. Şu ýylyň bäş aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler we ýetilen sepgitler hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan iňňän oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň aýdyň miwesidir. Türkmenistan — bedew batly ösüşleriň mekany. Bu hakykat şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde getirilen statistik maglumatlarda öz aýdyň beýanyny tapýar. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanylyp, jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim ýokarlandy. 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň baş meýilnamasy bolan Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,3, çykdajy bölegi 97,3 göterim berjaý edildi. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady ösüş ýolunyň esasy aýratynlygy adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegidir, durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmagydyr. Şundan ugur alsak, geçen bäş aýda býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilmegi diýseň guwandyryjydyr. Şeýle hem mejlisde hormatly Prezidentimiz täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny we diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşini gazanmakda maýa goýumlaryň möhüm gurallaryň hatarynda durýandygyny dünýä tejribesi doly subut etdi. Degişli ugurda maksatnamalaýyn syýasatyň alnyp barylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň ugurdaş maksatnamalar bilen durmuşa geçirilmegi durmuş-ykdysady ösüşde ýokary görkezijileri üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş orunlaryny döretmek, hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýyny 72,9 göterime ýetirmek hemde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetimize jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde, ýanwar — maý aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Söwda toplumy ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr. Şoňa görä-de, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip, 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň bäş aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar bolup, hasabat döwründe 11 sergi we 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy. Ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk we sarp ediş harytlaryny elýeterli bahalardan üpjün etmegi gözegçilikde saklamak arkaly azyk howpsuzlygyny berkitmek toplumyň öňünde durýan esasy strategik wezipelerdir. XXI asyrda innowasiýalara daýanýan sanly ykdysadyýet umumadamzat ösüşini üpjün etmegiň baş şertine öwrüldi. Döwür bilen aýakdaş gitmek esasynda häzirki maglumatlar eýýamynda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hökmanydygy ikuçsuzdyr. Sebäbi üçünji müňýyllykda sanly tehnologiýalar halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alýar. Şu jähetden, döwrebap ykdysady ösüşi sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýratyn belledi. Bu sanly ulgam özgertmeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Degişli ugurda «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti halk hojalygyna ornaşdyryp, ony has-da ösdürmek boýunça geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler önümçilik we hyzmatlar çygrynda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle hem bu hakykat makroykdysady görkezijileriň ösüşinde aýdyň äşgär bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerinden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bedew batly ösüşler gazanylýar, arzyly sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşdir özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasatyndan, halkymyzyň agzybirliginden, halk bilen hökümetiň jebisliginden, bitewüliginden gözbaş alýar. Hut şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy» diýip nygtaýar. Wa tany mukaddesli k hasaplaýan, ene topraga çuňňur söýgüsi bilen her bir watandaşymyza nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza bildirýän beýik ynamyny ödemek, halal we yhlasly zähmet çekmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Jumamyrat GUTLYÝEW, Daşoguz welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni.