TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÇÄKLERINDE BILIM ULGAMYNYŇ WEZIPELERI
Laçyn WELIÝEWA, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň Durnukly ösüş syýasaty bölüminiň baş hünärmeni
Türkmenistan durnukly ösüş ulgamynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmaga berk ygrarly bolmagynda galýar. Abadan ýaşaýşyň nusgasy hökmünde garalýan durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş, ekologiýa we medeni jähtleri bar, olar özara ýakyndan baglanyşyklydyr. Ýaşaýşyň hili, abadançylygyň derejesi, adam hukuklary we borçlary, ykdysady ösüş we daşky gurşawy goramak meseleleri döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň üns merkezinde durýar. Bu syýasat «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» ýaly we başga -da birnäçe uzak we orta möhletli binýatlaýyn ösüş maksatnamalarynda kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet meýilleşdiriş ulgamynyň üç ölçegde – durmuş, ykdysady we ekologiýa ugurlarynda durnukly ösüşi gazanmak boýunça strategik ähmiýetli wezipeleri netijeli durmuşa geçirýändigine şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 17 maksadyny öz içine alýan «Biziň dünýämizi özgertmek: Durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» atly Kararnamasy makullanyldy. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuş, ykdysady we ekologiýa ugurlarynda durnukly ösüşiň 17 maksadynyň her biri üçin wezipeler we 2030-njy ýyla çenli gazanylmagy teklip edilýän maksatlaýyn görkezijiler kesgitlenildi. Global derejede Durnukly ösüş maksatlarynyň jemi 169 wezipesi kabul edildi. Her bir döwlet özüniň ýurt we sebitleýin aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, wezipeleriň we görkezijileriň global sanawyny milli ösüş meýilnamalaryna laýyk getirýär. DÖM-niň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda şu ugurda geçirilýän gözegçilik barlaglarynyň, bu işe pugta ýola goýlan gözegçiligiň netijeliligine baglydyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ygtyýarlylandrylan Statistika komissiýasy DÖM-niň 169 wezipesine gözegçilik seljermesini geçirmek üçin 231 görkezijiden ybarat bolan ulgamy kesgitledi. BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşi halkara we sebitleýin guramalar tarapyndan berilýän hasabatlaryň esasynda her ýylda DÖM-ni amala aşyrmakda 2015-nji ýyldan bäri gazanylan netijeler boýunça taýýarlanylýan global Synlary çap edýär. Olarda getirilýän maglumatlar DÖM-ni gazanmagyň görkezijileri boýunça Halkara institusional we bilermenler topary tarapyndan işlenip taýýarlanan global ulgamyna esaslanýar. DÖM-ni durmuşa geçirmekde pudagara hyzmatdaşlygyň şunuň ýaly institusional merkezi döwlet syýasatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň derwaýyslygyny, şeýle hem DÖM-ni durmuşa geçirmek üçin strategik çemeleşmäni we yzygiderli pudagara utgaşdyrmany üpjün edýär. 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry ýagdaýyna Durnukly ösüş maksatlarynyň goşmaça görkezijileriniň üýtgedilen we aýrylan sanawyna laýyklykda, Türkmenistan DÖM-niň 131 wezipesini we 175 görkezijisini kabul etdi. DÖM-niň 4-nji maksadynyň çäklerindäki wezipeler boýunça 11 görkeziji kabul edildi. Häzirki wagtda olaryň hemmesi işlenip, Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat binýadyny öz içine alýan esasda işlenilen we çap edilen görkezijiler hem-de olar boýunça metamaglumatlar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň stat. gov.tm internet sahypasynda ýerleşdirildi. Bilim adam hukuklarynyň we DÖM-niň aýrylmaz bölegi hökmünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasy ugry bolup durýar. Bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek, hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bütin ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini giňeltmek ýörelgesi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işiniň binýadynda goýlandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap bilim ulgamy kemala getirildi we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi Türkmenistana bilimiň durmuş-ykdysady ulgamyň beýleki ugurlary bilen ýakyn arabaglylykda, durnukly esasda ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çaganyň irki ösüşi, çagalara we ýetginjeklere döwrebap bilim bermek, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek maksady bilen bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar, bilelikdäki maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň bilim almagyny, döwrebap okamagyny, terbiýelenmegini, olaryň jemgyýete sazlaşykly uýgunlaşmagyny gazanmak, saglygyny berkitmek üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertler döredilýär, bu edaralar iýmit, okuw enjamlary, esbaplar, serişdeler bilen üpjün edilýär. Mekdebe gelen ilkinji gününden başlap, okuwterbiýeçilik işinde okuwçylaryň her birine aýratynlykda çemeleşmek usulyny peýdalanmakda, onuň hereket (motorika), intellektual, duýgy we durmuş mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde we degişli serişdeler bilen üpjün etmekde mugallyma hemmetaraplaýyn ýardam berilýär. Bu usulyň dogry peýdalanylmagy üçin umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde şahsyýete gönükdirilen, belli bir okuw dersine niýetlenen, maglumat bermek, okuwçylaryň bilim derejesini dürs bahalandyrmak, interaktiw, tankydy pikirlenmek ukybyny ösdürmek, türgenleşik geçirmek ugurly we beýleki innowasiýaly tehnologiýalaryň işjeň peýdalanylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işgärleriň okuw-terbiýeçilik tejribesini artdyrmak maksady bilen, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, olarda kitap okamaga höwesi kemala getirmäge, ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdür-mäge gönükdirilen çäreler guralýar. Bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi bilim edaralarynyň özara sazlaşykly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek, bilim edaralaryna okatmagyň kämil usulyýetini ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Bu iş çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, olaryň akyl, ahlak we beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem olaryň boş wagtlaryny netijeli we peýdaly guramaga gönükdirilýär. Mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary çagalaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek bilen, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmäge, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan söýgüni ösdürmäge ýardam bermelidir. Okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ylymly medeniýetiň, sportuň ugurlary boýunça döwrebap okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak bilen bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak wajypdyr. Şu maksat bilen mekdepden daşary bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň innowasion usullary işjeň ornaşdyrylýar. Şeýle hem okuw mekdepleriniň abraýyny has-da ýokarlandyrmak, halkara derejede ýokary hünär bilimi ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ýurduň ýokary bilim mekdepleriniň ulgamlaýyn ösdürilmegini kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Bilim bermegiň ähli derejelerinde bilim hyzmatlarynyň hiline aýratyn üns berilýär, ol zerur endikleriň ösdürilmegi, gender deňligi, mekdepleriň laýyk amatlyklary, enjamlar, okuw materiallary we serişdeleri bilen üpjün edilmegi ýaly meseleleri öz içine alýar. Bilim ulgamynda okuw işini guramagyň täze görnüşleri yzygiderili ornaşdyrylýar, zähmet bazarynyň we iş berijileriň zerurlyklaryny seljermegiň esasynda okuw meýilnamalary we okatmagyň maksatnamalary täzelenýär, Durnukly ösüş maksatlary okuw maksatnamalaryna uýgunlaşdyrylýar, zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyklykda täze hünärler açylýar. Türkmenistanyň on bir sany ýokary okuw mekdebi 2024-nji ýylyň jemleri boýunça uniwersitetleriň «UI GreenMetric World University Ranging» reýtingine goşuldy. Bu reýting uniwersitetleriň ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan işlerini we olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşandyny ölçeýär. Ýokary okuw mekdeplerine alty görkeziji boýunça baha berilýär: uniwersitetiň infrastrukturasy we onuň ekologiýa ýetirýän täsiri; energiýany sarp etmegiň we tygşytlamagyň görkezijisi; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa ulgamynda okuw we ylmy barlaglar; suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak; ulag syýasaty. Türkmenistanyň dokuz sany ýokary okuw mekdebi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzalary bolup durýarlar. Okatmagyň hilini halkara ülňülerine laýyk getirmek, okatmak usullaryny kämilleşdirmek we bilim işlerine degişli innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny we hünär derejesini düýpli ýokarlandyr mak maksady bilen, 2024-nji ýylda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026–2028-nji ýyllar üçin meýilnamasyny işläp taýýarlamakda zerur işler alnyp baryldy. Resminamanyň düzümine bilim bermek işini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugurlary goşuldy, olaryň arasynda: ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda innowasion bilim merkezlerini we laboratoriýalary döretmek; talyplaryň arasynda startap-ekoulgamlary we telekeçilik medeniýetini ösdürmek, ylmyň we önümçiligiň goşulyşmagyny güýçlendirmek, şeýle hem zähmet bazarynyň ösüşi baradaky çaklamalardan ugur alýan çeýe okuw meýilnamalaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlary görkezmek bolar. Bilimi sanlylaşdyrmak bilen baglylykda ýokary tehnologik pudaklar üçin işgärleri taýýarlamak we hünär taýdan üznüksiz ösmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Strategiýada iş berijiler bilen işjeň gatnaşyklary saklamak, bilim edaralarynyň hemme taraplaýyn özgertmeler gurşawynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek işine has ýakyndan we netijeli gatnaşmagyny gazanmak göz öňünde tutulýar