SANLYLAŞDYRMA, WIRTUAL AKTIWLERI DOLANDYRMAGYŇ KADALARY WE BU UGURDA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ ZERURLYGY

SANLYLAŞDYRMA, WIRTUAL AKTIWLERI DOLANDYRMAGYŇ KADALARY WE BU UGURDA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ ZERURLYGY 

Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň ­Baş ma­li­ýe ­we­ yk­dy­sa­dy­ýet ­mü­dir­li­gi­niň­ baş­ly­gy­nyň­ orun­ba­sa­ry,­ y.y.k.­alym­lyk ­de­re­je­si­ne­da­laş­gär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistan Watanymyz özüniň durmuşa geçirýän ykdysady doktrinasynda döwrebap ösüş ýoluny, usullaryny, ýokary derejede netijeli mehanizmlerini saýlap alýar. Sanly ösüş häzirki döwürde bütin dünýäde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Dünýä ösüşinde öňde baryjy orunlary ynamly eýeleýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň ählisinde döwrebap aragatnaşyk, ýokary hilli maglumat üpjünçiligi, iň täze sanly tehnologiýalar bellenen ýokary maksatlara üstünlikli ýetme giň işjeň guraly bolup hyzmat edýär. Sanly tehnologiýalar adamlaryň gün de lik durmu şy ny doly özgerdýär. Şonuň bilen bir lik de, sanly eýýam maliýe-ykdysadyýet giňişlginiň düzümine, gurluşyna, işine düýpli täzeçillikleri girizýär. Maliýe we pul dolanyşygy, özara hasaplaşyklar, toplama we harçlama, maliýe hasaby we hasabatlylyk, maglumat alyşma we resminama dolanyşygy bilen bagly amallaryň agramly bölegi häzirki döwürde sanly ölçegde alnyp barylýar. Dünýäniň öňde baryjy ösüş ugrukmalaryna pugta eýerýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasi ýaly ösdürmek, elektron senagatyň işini giň gerimde we döwrebap derejede ýola goýmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan döwrebap ykdysady modeli kemala getirmek arkaly Türkmenistanyň dünýä ykdysady gurşawyndaky bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek maksatlary öňe sürülýär hem-de üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyz bütin dünýä sanly gurşawa işjeň goşulyşmak bilen, bu ugurda bar bolan iň täze usullary we çemeleşmeleri öwrenmek, özleşdirmek, milli ösüş ýolumyza kybaplaşdyrmak we şu esasda öňegidişlik gazanmak wezipelerini döwrüň talaby hökmünde saýlap aldy hem-de dürli ugurlar boýunça ösüş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda bu talaplardan ugur alýar. Şu maksatlary ileri tutmak bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy we herekete girizildi. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň öňegidişlikli ykdysady ösüşi gazanmakda berýän oňyn artykmaçlyklaryna dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly gyzyklanma artýar. Sanly tehnologiýalar her bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine goşmaça tizlik berýär. Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagyny häzirki wagtda dünýäde giň gerim alýan ykdysady diwersifikasiýalaşdyrmanyň bir ugry hökmünde häsiýetlendirip bolar. Şunda, ykdysady diwersifikasiýa köp babatda iş görnüşleeriniň, ykdysady işjeňlik ugurlarynyň, ykdysady pudaklaryň sanynyň we görnüşleriniň köpelmegini nazarlaýan bolsa, sanlylaşdyrma şol iş görnüşleriniň, işjeňlik ugurlarynyň, pudaklaryň hemmesiniň iş usullarynyň, iş amallarynyň, çemeleşmeleriniň hem-de şu maksat bilen peýdalanylýan işjeň mehanizmleriniň düýbünden üýtgemegine, täzelenmegine alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmany düýpli täzelenişiň, tehniki-tehnologiýa taýdan döwrebaplaşmanyň kämil mehanizmi hökmünde teswirläp bolar. Sebäbi sanly tehnologiýalaryň has giňden ornaşdyrylýan ýeri maliýe-ykdysady toplumdyr, ilkinji nobatda maliýe-bank ulgamydyr. Maliýe-bank edaralary bolsa ykdysady pudaklaryň ösüş zynjyrynyň esasy bogny bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň merkezinde bolmagynda galýar. Eýeçiligiň döwlet we 2 döwlete dahylsyz böleklerine, önümçilik pudaklaryna we ilata häzirki zaman bank hyzmatlarynyň berilmeginde bank edaralaryna aýratyn orun dеgişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň maliýe serişdelerine bolan barha artýan hajatlaryna laýyk bolmagyny üpjün etmek üçin bank hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pul dolanyşygyny has-da işjeňleşdirmek, yglan edilen pul-karz syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Maliýe-bank ulgamynda gerimi giňelýän sanly özgertmeleriň netijesinde täze «sanly banking» adalgasy dolanyşyga girizildi. Sanly bankingiň işi sanly tehnologiýalar bilen gönüden-göni bagly bolansoň, bu ulgamda ýüze çykýan täzeçillikleriň sany hemde bady yzygiderli ýokarlanýar. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi hem-de çylşyrymlaşmagy netijesinde maliýe-ykdysady gurşawda täze düşünjeler, aktiwiň düýpgöter täze görnüşleri peýda bolýar. Olaryň içinde wirtual aktiwler aýratyn orunda durýar. Wirtual aktiwler diňe sanly ulgamda döreýär we diňe sanly gurşawda hereket edýär. Olara mysal hökmünde kriptowalýutalary, tokenleri, NFT-leri (Non-Fungible Tokens), elektron (fiat we fiat däl görnüşli) pullary we beýlekile ri görkezmek bolýar. Milli bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň has netijeli usullaryny, döwrebap korporatiw menejmenti, işewürçilik gurşawynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini, bank edaralarynyň alýan girdejileriniň we olaryň düşewüntliliginiň ýokary derejede üpjün edilmegini talap edýär. Bu wezipeleriň baş maksady ykdysady işiň ahyrky netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan başga-da, elektron ölçegdäki aktiwleriň peýdalanylmagy bilen bagly töwekgelçilikleriň öňüni almakdan ybaratdyr. Sanly ýa-da başgaça wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmekde döwlete möhüm orun degişli bolmagynda galýar. Gürrüň bu ýerde, ilkinji nobatda, hukuk düzgünleşdirmesi barada barýar. Garalýan ugurda jikme-jik işlenen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, häzirki zaman dolandyryş ulgamyny ösdürmek, ylymyň ösmegine döwlet goldawyny bermek boýunça ýurdumyzda köpugurly işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Hususan-da, Kanunyň 7-nji maddasynda wirtual aktiwler çygrynda işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri birin-birin teswirlenip geçilýär, olar: maksadalaýyklyk, bara barlyk, deňagramlylyk, öňden görüjilik hem-de ekologiýa howpsuzlygydyr. Kanunyň 37-nji maddasynda wirtual aktiwler çygrynda mahabata bildirilýän talaplar beýan edilýär. Maddanyň ikinji bendinde, hususan-da, şeýle bellenilýär: «Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda (şol sanda üçünji şahslary çekmek bilen) ýerleşdirilýän (ýaýradylýan) wirtual aktiwler barada mahabat aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir: gatnaşmagyň töwekgelçilik bolup durýandygy barada duýduryşy öz içine almalydyr; wirtual aktiwler bilen baglanyşykly amallarda bolup biljek töwekgelçilikler barada maglumatlary öz içine almalydyr; ofertany öz içine alýan mahabatyň mazmunynda şertnamany baglaşmak üçin teklip edilýän ähli şertler, şeýle hem bu ofertanyň aksepti üçin hereketleriň beýany göz öňünde tutulmalydyr; eger mahabatda bolup geçen görkezijiler, modelirlenen görkezijiler we geljekde bolup biljek görkezijiler beýan edilýän bolsa, onda bu mahabatda, Türkmenistanyň mahabat hakynda kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen, sarp edijilere şeýle görkezijileriň düýp manysy we olaryň esasynda netijä gelnen ähtimallyk häsiýeti anyk düşündirilmelidir. Mundan başga-da, kanunyň 38-nji maddasynda wirtual aktiwler çygrynda mahabata bolan çäklendirmeleriň teswirlenýändigini bellemek gerek. Wirtual aktiwleriň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolan kriptowalýutalaryň bahasynyň ýokary derejede durnuksyzdygyny bellemek gerek, emma olar bilen bagly töwekgelçiligiň ýokarydygyna garamazdan, olar maýa goýum özüne çekijiligini birjik-de ýitirmeýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026-2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. «Ýol kartasy» Türkmenistanda wirtual aktiwler bazarynyň ygtybarly we howpsuz esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologiýa we guramaçylyk binýadynyň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. «Ýol kartasy» ýurdumyzda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen bagly 2026-2030-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, möhletleri we jogapkär edaralary bellemek arkaly, Türkmenistanyň bu ugurdaky maksatlaryny kesgitleýär. Bu maksatlaryň hatarynda şol sanda, Türkmenistanda bu meseleleriň wajyplygyny göz öňünde tutup, wirtual aktiwler, blokçeýn, maýning ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, ilat köpçüligi we işewürler üçin wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barmak, wirtual aktiwler we maýning esaslaryny öwretmek boýunça ýöriteleşdirilen elektron binýatlary döretmek bellenilendir. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, adamlaryň gündelik ýaşaýyş gurşawyna işjeň ornaşdyrylýan ýokary tehnologiýalar öňde baryjy bilimiň, döwrebap ylymyň häzirki zaman ösüşi üpjün etmekde öňdäki hatarda durýandygyny nygtaýar. Ol alymlaryň, IT-hünärmenleriň, inženerleriň, kiberhowpsuzlyk işgärleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeleriň durandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň sanly ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun berilýär. Dolandyryş ulgamy üçin ýokary hünärli, döredijilikli pikirlenmegi hem-de özbaşdak çözgüt kabul etmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak öňegidişlikli ösüşiň faktory, döwrüň möhüm talaby bolup öňe çykýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde baryjy daşary ýurt tejribäniň öwrenilmegine, milli bilimiň we ylymyň düýpli özgerdilmegine, elektron senagatyň döwrebap derejede ösdürilmegine, ylym sygymly önümçilikleri döretmеk işine hususyýetçileriň has giňden çekilmegine uly üns berilýär. Globallaşýan ykdysady giňişlikde ykdysady ösüşi pul dolanyşygyny netijeli ýola goýmazdan, ösen töleg mehanizmlerini ornaşdyrmazdan gazanyp bolmaýar. Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ulgamlaýyn esasda ösdürmek, döwrebap elektron ulgamyny ýola goýmak we yzygiderli kämilleşdirmek işinde oňyn sepgitleri gazanmak bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdyady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen taryhy ähmiýetli maksatlary, başlangyçlary, taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda sanly ykdysadyýetiň modelini saýlap alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026-2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» işlenip taýýarlanylmagy bu ugurdaky çäreleriň maksatnamalaýyn esasda alnyp baryljakdygyny hem-de ahyrky netijede halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durmuş abadançylygyny yzygiderli pugtalandyrmaga gönükdirilendigini tassyklaýar. 

Edebiýat: 1. «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. – Aşgabat, 2025-nji ýyl. 2. «Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy». – Aşgabat, 2025-nji ýyl.