TÜRKMENISTAN — BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY: YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY

TÜRKMENISTAN — BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY:

 YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY 

Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek we dün­ýä ho­ja­lyk ul­gamy­na iş­jeň go­şu­lyş­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler tä­ze tap­gy­ra ga­dam bas­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na (BSG) ag­za bol­ma­gy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän iş­ler döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz 22-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ony has-da işjeň­leşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu tabşyryklar ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny gi­ňeltmäge, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň BSG-ä goşulyşmak boýunça alyp barýan yzygiderli işlerine täze itergi bermäge gönükdirilendir. Soň­ky ýyllarda Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzda dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmak, halkara söwda gatnaşyklarynda döwrebap ýörelgeleri has doly ornaşdyrmak, daşary söwda ulgamyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara kadalara laýyk getirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana 2020-nji ýylda BSG-de synçy döwlet derejesi berildi. 2021-nji ýylda bolsa ýurdumyz gurama resmi taýdan agza bolmak üçin ýüz tutdy. 2022-nji ýylda BSG-niň Baş ge­ňeşi tarapyndan “goşulýan ýurt” derejesi berildi hem-de BSG-niň Sekretariatynda Türkmenistanyň bu gurama goşulyşmagy boýunça Iş topary döredildi. Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy di­ňe bir halkara ykdysady hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem giň şertleri döreder. Bu işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetiň açyklygyny üpjün etmekde, hususy pudagyň ösdürilmeginde we döwrebap bazar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyk üçin ilkinji tabşyrylmaly möhüm resminama hökmünde Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama bolup durýar. Bu resminamany taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda BSG-niň Sekretariaty bilen ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 35-e golaýynyň gatnaşmagynda giň gerimli işler alnyp baryldy. Bu resminama Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň, daşary söwda syýasatynyň, içerki we daşarky söwda düzgünleriniň, gümrük, salgyt, pulkarz, maýa goýum, hyzmatlar, intellektual eýeçilik, tehniki kadalaşdyryş hem-de beýleki ugurlardaky döwlet syýasatynyň gi­ňişleýin beýanyny öz içine alýar. Gürrüňi edilýän resminama Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BSG-niň Sekretariatyna iberilýär we seretmek üçin BSG-niň agzalaryna paýlanylýar. Häzirki wagtda guramanyň agza ýurtlarynyň sany 166-a ýetdi. Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň BSG-niň Sekretariatyna tabşyrylmagy Türkmenistanyň gurama agza bolmak boýunça işlerinde möhüm we esasy tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek boýunça işlere girişilýär. Ähtnamanyň taýýarlanylmagy boýunça halkara guramalar, ilkinji nobatda, BSG bilen hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Bu ugurda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda tehniki duşuşyklar we okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmakda möhüm ugurlarynyň biri hem Milli gepleşik toparynyň (MGT) döredilmegi bilen baglydyr. Häzirki wagtda degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geljekki gepleşik toparynyň düzümine degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu toparyň esasy wezipesi köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleri alyp barmakdan, ýurdumyzyň milli ykdysady bähbitlerini goramakdan we halkara söwda gepleşiklerinde Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny öňe sürmekden ybarat bolar. Şunuň bilen birlikde, Milli gepleşik toparynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berler. Milli gepleşik toparynyň agzalarynyň daşary ýurt dillerini bilmegi esasy talaplaryň biridir. BSG-de esasy üç dil — iňlis, fransuz we ispan dilleri ulanylýar. Gepleşikleriň esasy bölegi iň­lis dilinde geçirilýär. Häzirki wagtda halkara söwda hukugy, BSG-niň düzgünleridir kadalary, halkara ykdysady, söwda gatnaşyklary, daşary söwda syýasaty hem diplomatiýasy, harytlaryň, hyzmatlaryň söwdasy, sanitariýa we fitosanitar çäreleri, tehniki päsgelçilikler, intellektual eýeçilik hukugy, şeýle-de beýleki ugurlar boýunça ýörite okuwlary geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurtlaryň öň­debaryjy ýokary okuw mekdeplerinde, halkara okuw merkezlerinde uzak we gysga möhletleýin okuw maksatnamalaryna gatnaşmak mümkinçilikleri hem öwrenilýär. Halkara guramalaryň tehniki kömekleriniň çäklerinde ýurdumyzda BSG-niň düzgünlerine laýyklykda birnäçe täze kanunçylyk taslamalary taýýarlanylýar, hereket edýän hukuk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, bäsdeşlik, tehniki kadalaşdyryş, standartlaşdyrmak, söwda gorag çäreleri hem-de beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler geljekki gepleşikler üçin möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň BSG-ä goşulyşmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, daşary ykdysady gatnaşyklary gi­ňeltmekde, eksport ugurly önümçiligi ösdürmekde we halkara bazarlara çykmak mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm şertleriň biri bolar. Ol ýurdumyzyň halkara ykdysady abraýyny has-da ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmagy boýunça alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýä ykdysady gi­ňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga we ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir. 

Ylham ÝARAŞOW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy