Beýik ösüşler, rowaç menziller

Beýik ösüşler, rowaç menziller 

Ýurduň ykdysady ösüşi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär» diýen sözleri doly tassyklaýar. Bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň berk binýady bolan milli ykdysadyýetimizde badalga berlen özgertmeler durnukly ykdysady ösüşiň kepili bolup hyzmat edýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar ykdysadyýetiň ilerlemegini şertlendirýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenen anyk wezipeleriň we çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar, okgunly ösýän we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki zaman ylmy esaslara daýanýan tehnologiýalary giňden peýdalanmak arkaly ykdysady ösüşiň depgini ýokarlandyrylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň salgyt ulgamy döwrüň talaplarynyň derejesinde kämilleşdirilýär. Döwletimiziň salgyt syýasaty ykdysady ösüşi höweslendirmäge, salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmäge, dünýä tejribesinde ulanylýan salgyt ýeňilliklerini we höweslendirmelerini yzygiderli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, salgyt syýasatynyň wajyp ugry bolan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet tarapyndan ýeňillikler berilýär. Magtymguly Mag­tym­gulyýew, Magtymguly etrap salgyt bölüminiň esasy hünärmeni.