Sazlaşykly ösüşler — durmuş abadançylygy
Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda durmuşa geçirilýän parasatly hem-de öňden görüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, berkarar Watanymyz ösüşleriň belentliklerine ynamly gadam urýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda syýasy, ykdysady we medeni-dur muş ugurlarynyň her birinde sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýe timiziň kuwwatyny has-da berkidip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gün-günden ýokarlanmagyny we her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň çar künjünde ykdysady we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, önümçilik toplumlarynyň doly kuwwatynda işledilmegi ýokry görkezijileri gazanmaga ýol açýar. 1nji maýda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etme ginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda gazanylan durmuş ykdysady ösüşiň netijelerine garalan mejlisde berlen maglumatlar Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygynyň we senagat kuwwatynyň täze belentliklere çykyp, gurmagyň we döretmegiň ýolunda ynamly ilerleýändigini tassyklaýar. Makroykdysady durnuklylyk Watanymyzyň rowaçlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 2026njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime barabar boldy. Bu görkezijiniň ulagaragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime, söwda toplumynda 7,9 göterime, gurluşyk pudagynda 6,2 göterime, senagat pudagynda 2,4 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime barabar bolmagy milli ykdysadyýetiň her pudagynda sazlaşykly we durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär. Şeýle hem hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artmagy milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň durnukly ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 5 göterim artmagy hem sazlaşykly ösüşleriň dowamlylygyny gazanmak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan diňe bir uglewodorod serişdelerine baý ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän, gaýtadan işlýän ýokary tehnologi ýaly senagaty kemala getirmegi başardy. Aýratynda, gurluşyksenagat we himiýa toplumlarynda ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Hökümet mejlisinde gurluşyksenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasynyň 128,4 göterim ýerine ýetirilendiginiň habar berilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Bu ulgamda iň uly üstünlik «Türkmen himiýa» döwlet konsernine degişli bolup, onuň düzümine girýän kärhanalar tarapyndan degişli meýilnama 154 göterim berjaý edildi. Bu ajaýyp üstünlik ýurdumyzyň oba hojalygyny we dünýä bazarlaryny ýokary hilli mineral dökünler bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Energetika ministrliginde hem öňde goýlan wezipeler 106 göterim ýerine ýetirilip, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygy berkidilýär, elektrik energiýasynyň içerki sarp edijilerden artýan bölegini goňşy döwletlere eksport etmek üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyz iri gurluşyk meýdançasyny ýada salyp, eziz Watanymyzyň ähli sebitlerinde biri-birinden owadan binalaryň, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş toplumlarynyň hatary barha artýar. Bu bolsa Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň hakyky galkynyş döwrüni başdan geçirýändiginiň nyşanydyr. Ýylyň başyndan bäri gurluşyk ulgamynda ösüş depgininiň 6,2 göterime barabar bolup, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan bolsa 122,5 göterim ýerine ýetirilendigini görmek bolýar. Bu ägirt uly gurluşyklaryň aglabasy bolsa Aziýanyň merjeni bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda gurulýar. Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli meýilnamanyň 122,9 göterim ýerine ýetirilmegi paýtagtymyzyň diňe bir gözelliginiň däl, eýsem, dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň nähili belent derejä eýe bolýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzda döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, dünýä derejesindäki saglyk merkezleriniň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar esasynda gurulýan her bir täze ýaşaýyş toplumynda raýatlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar. Ýokary tizlikli ýolulag düzümleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetiň ösüşi hemde halkyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegi üçin möhüm şertleriň biridir. Ýylyň başyndan bäri Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 111,6 göterim berjaý edilmegi bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Aşgabadyň ulag ulgamy barha ösdürilýär, täze köp zolakly ýollar, köprüler we ýerasty geçitler gurulýar. Bu bolsa paýtagtymyzyň ekologik ýagdaýyny hasda gowulandyrýar. Paýtagtymyzyň keşbinde milli binagärlik däpleri dünýäniň öňde baryjy tejribeleri bilen utgaşýar. Giň çäkleri eýeleýän seýilgähler, suw çüwdürimleri we täsin binalar Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürýär. Ösüş we abadançylyk yzygiderli tagallalary, tutan ýerli zähmeti talap edýär. Hut şoňa göräde, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabatlary diňläp, gazanylan ýokary netijeleriň durnukly saklanmagynyň möhümdigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli işleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Gurluşyk we senagat toplumynyň öňünde önümçiligiň netijeliligini hasda ýokarlandyrmak, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy ünsmerkezinde saklamak, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça möhüm wezipeler goýuldy. Şeýle hem şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik edilmelidigine üns çekildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» şygary astynda dowam edýän 2026njy ýylyň ilkinji dört aýynyň jemleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýik ösüşleri gazanýandygyny görkezýär. Bütin dünýädäki ykdysady ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy we gurluşyk pudagynyň täze belentliklere çykmagy döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Aşgabat şäheriniň mysalynda görünýän uly gurluşyklaryň depgini bolsa ýurdumyzyň diňe bir dünýä ülňülerine laýyk gelýän keşbini däl, eýsem, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýär. Senagat, himiýa we energetika pudaklarynda gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň şanly geljeginiň we halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadynyň barha berkeýändigini äşgär edýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.