OKGUNLY ÖSÜŞI DOWAM ETDIRIP
Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işler amala aşyrylýar, durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler dowam etdirilýär we geljek üçin belent maksatlar, möhüm wezipeler öňde goýulýar. Bu giň möçberli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň sebitleri yzygiderli ösüşe eýe bolýar.
LEBAP WELAÝATY ebap welaýaty ýurdumyzyň depginli ösýän sebitleriniň biridir. Onuň örän uly serişde gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmagy senagatyň, oba hojalygynyň ösüşini güýçlendirmäge, täze pudaklary ösdürmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýol açýar. Welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşinde esasy orny dürli görnüşli gazylyp alynýan magdanlaryň baý gorlarynyň esasynda kuwwatlyklary artýan senagat pudagy eýeleýär. Senagat önümçiliginiň umumy möçberiniň aglaba bölegi gazylyp alynýan çig mallar we gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerine degişlidir. Şeýle-de elektroenergetika, himiýa, ýeňil we gurluşyk materiallary senagaty we beýleki pudaklaryň kärhanalary depginli ösýär. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl Lebap welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 4 milliard 562 million manada ýa-da Türkmenistan boýunça jemi maýa goýumyň möçberinde welaýatyň paýy 11,1 göterime deň bolar. Maýa goýumlaryň 72 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna we desgalaryň durkuny täzelemäge gönükdiriler. Gaz pudagy welaýatyň senagatynyň gurluşyny emele getirýän möhüm pudakdyr. Maksatnamanyň çäklerinde şu ýyl «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de kuwwatlylygy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bir gije-gündizde 145 müň 920 kub metr suwa deň bolan suw üpjünçilik we kanalizasiýa sehiniň howdandan suw alýan sorujylar bekediniň gurluşygy dowam etdiriler. 2026-njy ýylda welaýatda tebigy gazyň çykarylyşyny 21 milliard 500 million kub metre, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini bolsa 112,3 müň tonna ýetirmek meýilleşdirildi. Gaz kondensatyny goşmak bilen, nebitiň çykarylyşy 448,3 müň tonna barabar bolar. Soňky ýyllarda welaýatyň energetika kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary ep-esli artdy. Munuň özi 2026-njy ýylda 4 milliard 300 million kWt/s möçberde elektrik energiýasynyň öndürilişini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şu ýyl kuwwaty 200 MWt deň bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga girizmegiň hem göz öňünde tutulýandygyny aýtmalydyrys. Himiýa senagaty welaýatyň senagat pudagynyň depginli ösýän ulgamlarynyň biri bolup durýar. Pudagyň kärhanalarynyň ösmegi hereket edýän kuwwatlyklary giňeltmegiň hem-de täze önümçilik desgalaryny döretmegiň hasabyna amala aşyrylýar. Häzir Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Ornaşdyrylýan täze innowasion tehnologiýalardyr enjamlar mineral dökünleriniň içerki bazar hem-de eksport üçin öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu ýylda Lebap welaýat «Dökünhimiýa» müdirligi üçin Halaç etrabynda 10 müň tonna hem-de Saýat etrabynda 12 müň tonna mineral dökünlerini saklamaga niýetlenen ammarlar gurlar we ulanmaga berler. Şu ýyl welaýatyň gurluşyk pudagynda hem ýokary ösüşlere garaşylýar. Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy bir million tonna deň bolan sement öndürýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi şanly ýylda welaýatda sementiň öndürilişini 1 million 860 müň tonna çenli ýetirmäge mümkinçilik döreder. 2026-njy ýylda gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary tarapyndan magdan däl gurluşyk materiallarynyň 3 million 177 müň kub metrini, diwara örtülýän materiallaryň 240 million sany şertli kerpijini, asfaltbetonyň 196 müň, demir gurnawlarynyň 93 tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metre deň bolan gipsokarton önümlerini öndürýän zawod gurlup ulanmaga berler. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde şu ýyl welaýatyň dokma senagaty hem durnukly depginler bilen ösdüriler: 24,4 müň tonna nah ýüplük, 10 million inedördül metrden gowrak nah mata, 155,6 müň inedördül metre deň bolan hakyky ýüpek mata, 97 tonna çig ýüpek öndüriler. Haly önümçiligini ösdürmek welaýatyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolup durýar. 2026-njу ýylda 84 müň inedördül metre deň bolan haly we haly önümleriniň öndürilmegine garaşylýar, şeýle hem Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň Ajy obasynda haly önümhanasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Welaýatda söwda guramalarynyň işiniň durmuş we ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga, söwda nokatlaryny gurmaga hem-de olaryň durkuny täzelemäge aýratyn uly üns berilýär. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bazarlarda, dükanlarda, ammarlarda hem-de jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda abatlaýyş-gurluşyk işleri dowam etdirilýär. 2026-njy ýylda 5 milliard 366 million manatlykdan gowrak ilatyň ulanýan harytlarynyň öndürilmegine garaşylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygy şu ýyl, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10,7 göterim ýokarlanar, şunda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar. Oba hojalyk pudagy sebitde uly ähmiýete eýedir. Ylmy esasda ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, şeýle-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak çäreleri hemişe üns merkezinde durýar. Şu ýyla niýetlenen ösüş we maýa goýum Maksatnamasynda Saýat etrabynda suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmek, şeýle-de Ösümlikleri goramak gullugynyň Lebap welaýat bölüminiň ammaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu işler täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde gök önümleri öndürmek üçin 18 sany döwrebap ýyladyşhana işe girizilip, ýene-de 19 sanysynyň gurluşygy dowam etdirilýär. 2026-njy ýylda gök önümleriň öndürilişini 300 müň tonna, ýeralmany 136 müň tonna, bakja önümlerini 168 müň tonna, miweleri we ir-iýmişleri 47 müň tonna hem-de üzümi 19 müň tonna öndürmek meýilleşdirilýär. Oba hojalygyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugrudyr. Welaýatda durmuş ulgamynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Muny Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda 600 orunlyk orta mekdebi, Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebi, Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň binalar toplumyny hem-de 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny üstümizdäki ýylda gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilmegi hem tassyklaýar. Häzir döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi taryhy waka boldy. Munuň özi sebitiň ösüşine möhüm täsirini ýetirer. Şol gün döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňlemek bilen, Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini hasda ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda alnyp barylýan giň gerimli işler halkymyzyň abadan durmuşyny, nesilleriň röwşen geljegini üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Seidnur JAPBAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy.