OKGUNLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şanly ýylyň ajaýyp bahary Watanymyzy galkyndyrmak ugrundaky giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilip, asylly işleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurdumyzyň merjen paýtagty Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, halkara işewürlik forumlarynyň, iri sergileriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu babatda aprel aýy hem aýratyn netijeli boldy. Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara serginiň, «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk forumynyň, şeýle hem Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de köpugurly esasda ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreler milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna maýa goýumlary çekip, ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek ugrunda iri taslamalary durmuşa geçirmäge giň ýol açýar. «Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman obalarydyr şäherçeleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem şanly ýylyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap obadyr şäherçeleriň döredilmegi bilen birlikde, olary iri şäherler bilen birleşdirýän häzirki zaman ulag-logistika düzümleri, ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm ulag halkasyna öwürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly şeýle taslamalaryň iň möhümleriniň biridir. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen bu iri taslamanyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Uzynlygy 600 kilometre, umumy bahasy 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu taslamanyň «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda ýerli gurluşyk düzümleri tarapyndan gurulmagy ony özleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň içerki işewürligiň bähbidine hyzmat edýändigini görkezýär. Ýokary tizlikli, döwrebap awtomobil ýoly diňe halkara üstaşyr geçelgeler üçin alynjak tölegleriň hasabyna hem bu maýa goýumlary 7 — 10 ýyl aralygynda doly ödemäge mümkinçilik berer. Taslamanyň ähmiýetli taraplarynyň ýene biri onuň ýurdumyzyň çäginde işewürler üçin logistika çykdajylarynyň 20 — 30 göterim peselmegine ýardam edýändigidir. Bu ýol ýurdumyzyň sebitlerini has-da ýakynlaşdyryp, senagat zolaklaryny bitewi ykdysady giňişlige birikdirmäge kömek edýär. Uglewodorod serişdeleriniň tassyklanylan gorlary babatda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelerini yzygiderli özleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişmek barada degişli resminama gol çekmegi bu ugurda diýseň ähmiýetli ädim boldy. 15 — 17-nji aprelde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň täze wakalary bolup geçdi. Şol günlerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ýurdumyzda saparda bolup, uly taslamalaryň, döwletli işleriň täze tapgyryna badalga berildi. Paýtagtymyzda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň 7-nji mejlisinde durmuş-ykdysady ösüşiň anyk ugurlaryna gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026 — 2030-njy ýyllar) hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna, Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşyga, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň, ylmy merkezleriniň, saglygy goraýyş we beýleki edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklara gol çekilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltdi. 17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iri senagat desgasy bolan «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösüşine täze bat berdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen bilelikde amala aşyryljak taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýylda goşmaça 10 milliard kub metre barabar tebigy gazy çykarmaga mümkinçilik dörär. Ygtybarly hyzmatdaşlyga esaslanýan ylalaşyklaryň tejribesinden hem-de energiýa göterijileriň bazarynyň häzirki ýagdaýyndan we ýakyn geljegi nazarlaýan çaklamalardan ugur alyp, bu taslamanyň birnäçe ýylda özüni ödäp, senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün edip, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga ýardam etjekdigini, sebitde energetika howpsuzlygyny, abadançylygy berkitmäge goşant goşjakdygyny ynamly aýtmak bolar. Müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegi hem iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň örän ähmiýetli taraplaryna degişlidir. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň tebigy serişdelerini adam maýasyny ösdürmäge, infrastruktura düzümlerini kämilleşdirmäge gönükdirmek arkaly ykdysady garaşsyzlygyny has-da berkidip, durmuş ösüşiniň täze tapgyryna gadam goýýandygyny tassyklaýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň işe girizilmegi hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi ýurdumyzy yklymyň kuwwatly senagat-logistika halkasyna öwrüp, onuň häzirki zaman Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahasy hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Şeýle asylly işler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň her bir adamyň we bütin halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini aýan edýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.