DÖWREBAP YKDYSADY ÖSÜŞLER

DÖWREBAP YKDYSADY ÖSÜŞLER Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly maliýe ykdysady ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwaty artyp, ýylda 6 göterim den ýokary ösüş depgini gazanylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebit gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen gaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada hytaý tarapy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şertnama laýyklykda, bu uly möçberli taslamanyň gurluşyk işlerine şu ýylyň aprel aýynda başlamak we 2030-njy ýylyň iýul aýynda tamamlamak göz öňünde tutuldy. Türkmen tebigy gazy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy sütüni bolup durýar. Türkmenistan dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär. Ýurduň çäginde, esasan hem Mary welaýatyndaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känleri dünýäde iň baý känleriň hataryna girýär. Esasy eksport ugurlarynda Hytaý döwleti iň uly sarp ediji bolup, tebigy gaz bu ýurda ägirt uly turbageçiriji arkaly eksport edilýär. Geçen ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek birnäçe tapgyrlarda meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde ýylda jemi 30 milliard kub metr gaz arassalaýan üç sany kuwwatly gazy gaýtadan işleýän zawod guruldy we olar häzirki wagtda netijeli işleýär. Indi bolsa «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry amala aşyrylar we ol dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriler. Mälim bolşy ýaly, Hytaý tarapy ýurdumyzdaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. «Galkynyş» gaz käni ýylda 33 milliard kub metr gaz geçirijilik ukyby bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi üçin serişde binýady hökmünde kesgitlenildi. Bu käni özleşdirmek 7 tapgyrdan ybarat bolan tapgyrlaýyn ösüş strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda birinji tapgyryň çäklerinde synag-senagat ulanylyşy alnyp barylýar. Ulanylyşda bolan guýular umumy ulgama birikdirilýär hem-de burawlama işleri netijeli dowam etdirilýär. Bellenilişi ýaly, guýularyň ortaça taslama önümi gije-gündizde 1,5 million kub metre deňdir, gatlagyň mümkinçilikleri bolsa uzak wagtyň dowamynda her guýudan gije-gündizde 3 million kub metre çenli gaz almaga mümkinçilik berýär. «Gaffney Cline» kompaniýasynyň bilermenleri bilen bilelikde taýýarlanylan çaklamalara görä, her tapgyr boýunça durnukly gaz alma döwri 30 ýyldan gowrak bolar. Gaz almagyň depgini kem-kem den artar. Tapgyrlaýyn ösüş strategiýasy bolsa işleýän guýularyň tejribesini nazara alyp, maýa goýum akymlaryny netijeli paýlamaga mümkinçilik berýär. Ähli tapgyrlar doly özleşdirilen ýagdaýynda, käniň umumy ýyllyk gaz öndürijiligi, takmynan, 200 milliard kub metre ýetip biler. «Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapdy. Bu energetika ulgamy XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi. Ýakynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine ýangyç-ener getika toplumynda iş alyp barýan Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň gatnaşmagy hem olaryň geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär. Şeýle-de gözden geçirilişiň çäklerinde ýörite gurnalan zolakda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleriniň we önümleriniň tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilmegi senagat we innowasiýalar ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň önüm öndürijileri hem-de işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle beýik işleriň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan halk bähbitli we döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun! Meýlismyrat SAPAROW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.