BÄHBITLI IŞE GIŇ MÜMKINÇILIK

BÄHBITLI IŞE GIŇ MÜMKINÇILIK

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda täze taryhy eýýamyň ýyllary ykdysady ösüşleriň zamanasy boldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylan we aşyrylýan ykdysady özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna oňyn täsirini ýetirdi.Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz önüm öndürijilerin, öni bilenem, telekeçilerin öňünde wajyp wezipäni goýdy. Bu wezipe daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi ýokary hilli önümleriň we harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmagy aňladýar. Şol bir wagtda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şeýle möhüm işiň oňyn çözgüdi bilen meşgullanýan hususyýetçilere döwlet tarapyndan salgyt ýeňillikleriniň berilmegi göz öňünde tutuldy. Bu bolsa halk hojalygynyň çalt depginlerde ösdürilip, haryt bolçulygynyň döredilmegine täze mümkinçilikleri açýar.

Rejepgylyç HOMMATGYLYJOW.

Sakarçäge etrap salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlaglar bölümçesiniň uly salgyt inspektory, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy” ýubileý medalynyň eýesi.